Ï Türkmenistanyň wekilleri GDA agza ýurtlaryň Howpsuzlyk geňeşleriniň sekretarlarynyň ýygnagyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekilleri GDA agza ýurtlaryň Howpsuzlyk geňeşleriniň sekretarlarynyň ýygnagyna gatnaşdy

view-icon 2844
Türkmenistanyň wekilleri GDA agza ýurtlaryň Howpsuzlyk geňeşleriniň sekretarlarynyň ýygnagyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow GDA agza ýurtlaryň Howpsuzlyk geňeşleriniň sekretarlarynyň Moskwada geçirilen IX duşuşygyna gatnaşdy.

Duşuşyga gatnaşanlar howpsuzlyk, migrasiýa we biotehnologiýany ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

«GDA-nyň 30 ýyllygy bilen baglanyşyklylykda biziň ýurtlarymyzyň ýolbaşçylary Arkalaşygyň esaslandyryş resminamalarynda görkezilen maksatlaryň we ýörelgeleriň ähmiýetini ýitirmändigini, halkara gatnaşyklaryň ösüşiniň häzirki ugurlaryny doly görkezýändigini belleýän Beýannama kabul etdiler» – diýip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Sergeý Lebedew çykyşynda belledi.

Sergeý Lebedew, ýygnananlaryň ünsüni migrasiýa pudagyndaky özara gatnaşyklar temasyna çekip, GDA döwlet Baştutanlarynyň duşuşygynda raýatlaryň Arkalaşyga agza ýurtlaryň çäklerine girmegi, ondan çykmagy, ol ýerde bolmagy we zähmet çekmegi üçin zerur açyk görnüşli dolandyryş işlerini kesgitlemek maksady bilen, şunuň ýaly hyzmatdaşlygy ösdürmek barada Beýannama kabul edilendigini aýtdy.