Ï ABŞ-nyň Prezidenti Owganystandan raýatlary çykarmakda beren kömegi üçin hormatly Prezidentimize minnetdarlyk bildirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

ABŞ-nyň Prezidenti Owganystandan raýatlary çykarmakda beren kömegi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi

view-icon 3640
ABŞ-nyň Prezidenti Owganystandan raýatlary çykarmakda beren kömegi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi

ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Owganystandan raýatlary çykarmak işinde beren kömegi we hyzmatdaşlygy üçin hoşallyk bildirdi. Bu hakda ABŞ-nyň ýolbaşçysynyň milli Liderimiziň adyna iberen hatynda aýdylýar.

«Size hem-de Türkmenistanyň hökümetine şu ýylyň awgustynda we sentýabrynda Owganystandan raýatlary çykarmak işi wagtynda beren kömegiňiz hem-de hyzmatdaşlygyňyz üçin hoşallyk bildirýärin. Biz Siziň üstaşyr uçuşa hem-de ýangyç guýmaga öz wagtynda dessin rugsat bermekdäki kömegiňize, şonuň ýaly-da, ýolagçylary barmaly ýerlerine äkitmekdäki ýardamyňyza ýokary baha berýäris» diýip, J.Baýdeniň minnetdarlyk hatynda aýdylýar.

«Türkmenistan bilen Birleşen Ştatlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar wajypdyr, şol sebäpden men onuň ýyldan-ýyla pugtalandyrylýandygynyň şaýady bolýandygyma şatdyryn, çünki biz howa, sebit howpsuzlygy, adam hukugy we ykdysady mümkinçilikler ulgamlarynda tagallalarymyzy goldamak üçin bilelikde işleýäris» diýip, ABŞ-nyň nygtaýar.

Hatynyň ahyrynda Birleşen Ştatlaryň Prezidenti «Birleşen Ştatlar ozalkysy ýaly, Türkmenistanyň özbaşdaklygyny, Garaşsyzlygyny hem-de çäk taýdan bitewüligini pugta goldaýar» diýip, aýratyn belleýär.