Ï Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

view-icon 7987

I. 2012-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 4, 91-nji madda; 2013 ý., № 3, 59-njy madda; 2014 ý., № 4, 152-nji madda; 2015 ý., № 3, 113-nji madda; 2016 ý., № 2, 100-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda; 2018 ý., № 2, 45-nji madda, № 4, 98-nji we 109-njy maddalar; 2019 ý., № 4, 95-nji madda; 2021 ý., № 1, 18-nji madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

1) 23-nji maddada:

4-nji bendi şu görnüşde beýan etmeli:

«4).bäş, alty, ýedi çagany dogran ýa-da çagalygyndan maýyplygy bolan çagasy bar bolan (maýyplygy bolan çaga diýip ykrar edilen wagtyna garamazdan) we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren, hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy 15 ýyldan az bolmadyk, 54 ýaşy dolan aýal maşgalalaryň;»;

4-nji bentden soň, şu mazmunly bendi goşmaly:

«41) sekiz we şondan köp çagany dogran we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren, hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy 10 ýyldan az bolmadyk, 52 ýaşy dolan aýal maşgalalaryň;»;

2) 38-nji maddanyň ikinji böleginde:

3-nji bendi şu görnüşde beýan etmeli:

«3) üç çaga — 285 göterime;»;

şu mazmunly bentleri goşmaly:

«4) dört çaga — 335 göterime;

5) bäş we şondan köp çaga — 380 göterime.»;

3) 40-njy maddanyň birinji böleginde:

«bellenilýär» diýen sözden soň «, muňa şu bölegiň ikinji tesiminde görkezilen ýagdaýlar degişli däldir» diýen sözleri goşmaly;

şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Raýatlar öz erkine bagly bolmadyk ýagdaýlaryň (tebigy betbagtçylyk, epidemiýa, pandemiýa we beýleki adatdan daşary ýagdaýlar) ýüze çykmagy sebäpli şu bölegiň birinji tesiminde görkezilen degişli pensiýanyň bellenilmegi barada ýazmaça arza bilen oňa hukugy ýüze çykandan soň, ýüz tutan halatynda, olara degişli pensiýa oňa hukugy ýüze çykan gününden bellenilýär.»;

4) 41-nji maddanyň birinji böleginiň 1-nji bendinde:

«b» kiçi bendinde «“ç” we “d” kiçi bentlerinde» diýen sözleri «“ç”, “d” we “e” kiçi bentlerinde» diýen sözlere çalşyrmaly;

«d» kiçi bendi şu görnüşde beýan etmeli:

«d) bäş, alty, ýedi çagany dogran ýa-da çagalygyndan maýyplygy bolan çagasy bar bolan (maýyplygy bolan çaga diýip ykrar edilen wagtyna garamazdan) we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren aýal maşgalalaryň — 15 ýyldan az bolmadyk;»;

şu mazmunly kiçi bendi goşmaly:

«e) sekiz we şondan köp çaga dogran we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren aýal maşgalalaryň — 10 ýyldan az bolmadyk döwürde gatnaşygy bolan şertinde;»;

5) 42-nji maddanyň birinji böleginiň 1-nji bendinde «2-4-nji bentlerinde» diýen sözleri «2-41-nji bentlerinde» diýen sözlere çalşyrmaly;

6) 75-nji maddanyň mazmunynda:

3-nji bendi şu görnüşde beýan etmeli:

«3) dördünji çaga doglanda — 500 göterime;»;

şu mazmunly bentleri goşmaly:

«4) bäşinji çaga doglanda — 600 göterime;

5) altynjy çaga doglanda — 800 göterime;

6) ýedinji çaga doglanda — 1000 göterime;

7) sekizinji we şondan soňky çagalar doglanda — 1200 göterime.»;

7) 76-njy maddanyň birinji tesiminde «65» diýen sany «75» diýen sana çalşyrmaly.

II. Şu Kanunyň I böleginiň 3-nji bendinde görkezilen kada 2020-nji ýylyň 1-nji martyndan soň ýüze çykan gatnaşyklara degişli edilýär.

III. Şu Kanun 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 13-nji noýabry.