Ï Hyratda Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hyratda Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi

view-icon 3699
Hyratda Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Owganystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi H.Öwezowyň Hyrat şäherine bolan saparynyň çäklerinde Owganystanyň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi.

Sapar Türkmenistanyň we Owganystanyň wekiliýetleriniň giňişleýin görnüşdäki gepleşiklerinden başlandy. Soňra hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça iş toparlarynyň duşuşyklary geçirildi.

Serhet we howpsuzlyk ugry boýunça geçirilen iş toparyň duşuşygynda türkmen-owgan serhediniň asudalygyny gorap saklamak hem-de Türkmenistanyň Owganystanda amala aşyrýan iri ykdysady taslamalarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

TOPH gaz geçirijisi boýunça geçirilen duşuşykda taraplar agzalan taslamany durmuşa geçirmegiň wajyp meselelerine seredip geçdiler. Hususan-da, “Hyrat menzili” strategiýasy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça geçirilen duşuşykda taraplar TOP elektrik geçirijisi taslamasy, şeýle-de bu ugurdaky birnäçe uzakmöhletleýin şertnamalar boýunça pikir alyşdylar.

Akina-Andhoý we Turgundy-Hyrat demir ýollarynyň gurluşygy babatdaky meseleler demir ýol ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ikitaraplaýyn söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça türkmen-owgan duşuşygynda taraplar iki ýurduň arasyndaky import we eksport meseleleri barada pikir alyşdylar.