Ï Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň işewürler maslahaty geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň işewürler maslahaty geçirildi

view-icon 3943
Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň işewürler maslahaty geçirildi
camera-icon
Meretdurdy Rozyýew

Türkmen paýtagtynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň XV sammitiniň öňüsyrasynda, şu gün YHG-a agza döwletleriň işewürlik maslahaty geçirildi. Ol Türkmenistanyň we YHG-nyň Söwda-senagat edaralary hem-de guramanyň Sekretariaty tarapyndan guraldy.

Utgaşykly görnüşde geçirilen maslahat halkara ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda nobatdaky möhüm ädime öwrülip, YHG-a agza döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň, ministrlikleriň we ugurdaş edaralaryň, banklaryň hem-de hususy kompaniýalaryň ýolbaşçylarydyr wekillerini ýygnady. Onuň işine 170-den gowrak wekil gatnaşyp, olardan 40-sy daşary ýurtly işewürler, 138-si ýurdumyzyň wekilleridir. Şeýle-de dünýäniň dürli ýurtlaryndan 270-den gowrak telekeçi forumyň işine sanly ulgam arkaly gatnaşdy.

Daşary ýurtly işewür toparlary bilen giň we köpugurly gatnaşyklar dünýä bileleşiginiň, iri maýadarlaryň giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmäge, netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge, yklymyň ykdysady ýollarynyň merkezi hökmünde ýurdumyzyň ägirt uly kuwwatyny amala aşyrmaga gyzyklanmasyny tassyklaýar.

Ýurdumyzyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk etmeginiň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylyň şanly wakasyna öwrülendigini bellemek gerek. Munuň özi Bitarap döwletimiziň halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny, ileri tutulýan sebit we dünýä meselelerini çözmekde işjeň orny eýeleýändigini nobatdaky gezek aýdyň görkezýär.

Soňky ýyllarda Türkmenistan hem-de YHG bilelikde işlemegiň uly tejribesini topladylar, bu bolsa uzak möhletleýin geljek üçin netijeli gatnaşyklar babatda mäkäm binýady döredýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşant goşmak arkaly Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen gatnaşyklary üstünlikli ösdürýär.

YHG-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Saýed Ýahýa Aklaki işewürler maslahatyny açyp, mähirli kabul edilendigi hem-de däbe öwrülen myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk sözlerini aýdyp, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 28-nji noýabrda geçiriljek XV sammitiniň söwda gatnaşyklaryny ösdürmekde, sebit syýasatyny sazlaşdyrmakda möhümdigini belledi. Myhman şu günki duşuşygyň döwletara hyzmatdaşlyga täze itergi berjekdigini hem-de işewürler bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam etjekdigini nygtady.

Maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmek, bu ulgamda iň gowy dünýä tejribelerini ornaşdyrmak, ulag we logistika hyzmatlarynyň kömegi bilen işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça bilelikdäki işlere aýratyn üns berildi. Umumy mejlis YHG-a agza döwletleriň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine bagyşlandy. Esasy maksat Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gurama giren wagtyndan bäri geçen 30 ýylyň dowamynda bu ulgamda gazanylan üstünlikleri ara alyp maslahatlaşmakdan, ileri tutulýan ugurlarda möhüm meseleler boýunça pikir alyşmakdan ybarat boldy.

Soňra çykyş eden YHG-nyň Söwda-senagat edarasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň Söwda, senagat, magdan we oba hojalyk edarasynyň ýolbaşçysy Golam Hosseýn Şafei duşuşygyň ýokary derejede guralandygy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, şu günki işewürler maslahatynyň jemleriniň söwda, ykdysady we maýa goýum gatnaşyklarynyň has-da giňelmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi. Myhman guramanyň içindäki gatnaşyklary goldamak, şol sanda söwda Ylalaşygyny amala aşyrmak, syýahatçylyk pudagyny ösdürmek, hususy ulgam bilen hyzmatdaşlykda barter bileleşigini döretmek, sebitiň demir we awtomobil ýollaryny giňeltmek barada pikirini beýan etdi.

Daşary ýurtly gatnaşyjylar forumyň ykdysadyýetde möhüm meseleleri hem-de aýry-aýry ulgamlary netijeli ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýändigini bellediler. Maýa goýum kuwwatyny hem-de bu ugurda gazanylan belent sepgitleri görkezmek bilen bir hatarda, ol dünýäniň dürli ýurtlarynyň işewür toparlary bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýär.

Baý tebigy we adam serişdelerine eýe bolan YHG-nyň geljekde ykdysady işleri ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi, şunuň bilen baglylykda, söwda we maliýe hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegini goldamak guramanyň wezipeleriniň biri bolup durýar. Işewür toparlaryň wekilleri YHG-a agza ýurtlaryň işewürleriniň özara gatnaşyklary, täze bazarlara çykmaga mümkinçilik, öňdebaryjy tejribäni we ýokary tehnologiýalary alyşmak meselelerine aýratyn üns berdiler.

Türkmen tarapyndan maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlaryna laýyklykda, soňky ýyllarda Türkmenistanyň önümçilik ulgamyna uly möçberde döwlet hem-de daşary ýurt maýalaryny goýmak bilen, milli ykdysadyýetiň okgunly ösmegi üçin mäkäm binýadyň döredilýändigini bellediler.

“YHG-nyň sebitinde söwda we hyzmatlar, gümrük hyzmatlary, salgyt salmak, sanly söwda, täjirçilik babatda hyzmatdaşlyk” atly mejlisiň çäklerinde ykdysadyýetleri durnukly ösdürmek, olary diwersifikasiýalaşdyrmak üçin zerur derejäni üpjün edýän bazar gurallaryny peýdalanmak, şeýle hem Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlara daşarky maýa goýumlary çekmek üçin amatly şertleri döretmek barada meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Toplanan dünýä tejribesi maýa goýumlaryň we söwdanyň tebigy, önümçilik, zähmet serişdeleri bilen utgaşyklylykda, islendik ýurduň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynyň ösmegini şertlendirýär. Kadalaşdyryjy hukuk binýady kämilleşdirmek, nyrh we nyrh bilen bagly däl böwetleri aradan aýyrmak arkaly erkin söwdanyň doly derejede işlemegini üpjün etmek boýunça çäreleriň görülmegi YHG-a agza döwletleriň arasynda söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga nobatdaky itergi bolup hyzmat eder. YHG-nyň ýurtlarynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak maksady bilen, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň iň gowy tejribesini ornaşdyrmaga ýardam bermek derwaýys wezipe bolup durýar.

Häzirki wagtda söwdanyň sanlylaşdyrylmagyny köp babatda sarp edijiniň hereketleriniň häsiýetiniň we nusgasynyň üýtgemegi kesgitleýär, bularyň hemmesi gurşawyň üýtgemegi — tehnologiýalaryň okgunly ösmegi, sanly ykdysady ulgamlaryň, innowasion işewürlik nusgalarynyň peýda bolmagy bilen şertlendirilendir.

Türkmenistany ykdysady we durmuş taýdan ösdürmegiň möhüm şerti bolan köpugurly ulag düzümini döretmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ugurda giň gerimli taslamalar, şol sanda täze awtomobil we demir ýollaryny gurmak, bar bolan ýollary döwrebaplaşdyrmak, raýat awiasiýasynyň, gämi gatnawynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli täzelemek, giňeltmek boýunça taslamalar üstünlikli durmuşa geçirildi. Şunda halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň gurulmagyna aýratyn üns berilýär.

Bu baradaky mesele “YHG-nyň sebitinde senagat pudagyny hem-de ulag-logistika hyzmatlaryny, maýa goýum mümkinçiliklerini ösdürmek” atly mejlisiň çäklerinde beýan edildi. Milli ulag operatorlarynyň gatnaşmagynda dünýä ähmiýetli döwrebap düzümiň, durnukly logistika ýollarynyň döredilmegini, hyzmatlar ulgamynyň giňeldilmegini ugur edinýän iri taslamalaryň amala aşyrylmagy sebit we sebitara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmäge ýardam edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen toplumlaýyn maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde gaýtadan işleýän pudaklar batly depginde ösdürilýär, kiçi we orta telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw berilýär. Halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň ýokary görkezijileri döwletimiziň öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty hem-de uly möçberde çekilýän daşary ýurt maýa goýumlary bilen üpjün edilýär. Häzir Türkmenistanda durmuşda ulanylýan himiýa önümleri, rezin-tehniki önümler, emeli süýüm, organiki polimerler ýaly, tebigy gazy gaýtadan işlemekden alynýan önümleriň netijeli önümçiligini ýola goýmak üçin ähli mümkinçilikler bar.

Işewürler maslahaty tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar şeýle çäreleri dowam etmek barada aýdyp, YHG-a agza döwletleriň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin geljek üçin köptaraplaýyn täze ugurlaryny kesgitlemek bilen, onuň geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Utgaşykly görnüşdäki forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilip, şolaryň barşynda ýangyç-energetika toplumy, himiýa senagaty, oba hojalygy, azyk we dokma senagaty, söwda hem-de beýleki ulgamlarda işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek maksady bilen, geljekki anyk ädimler bellenildi.

Işewürlik duşuşygynyň jemleri boýunça demir ýol-ýük geçelgesini döretmek boýunça Gazagystan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň demir ýol edaralarynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň degişli düzümleri bilen YHG-a agza ýurtlaryň kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda umumy bahasy ABŞ-nyň 11 million dollaryndan gowrak bolan ikitaraplaýyn şertnamalara, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen umumy bahasy ABŞ-nyň 35 million dollaryndan gowrak bolan eksport-import amallary boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.