Ï Nebit we gaz bazary: 2022-nji ýyla we geljege çaklamalar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Nebit we gaz bazary: 2022-nji ýyla we geljege çaklamalar

view-icon 7043

Britaniýanyň BP kompaniýasynyň press-relizine görä, 12-nji dekabrda Baku-Tbilisi-Jeýhan turba geçirijisi boýunça nebit eksporty 500 million tonna ýetdi. Turbageçirijiden Azeri-Çirag-Güneşli toplumyndan nebit we Şah-Deniz ýatagyndan konsensat ugradylýar, şeýle hem Türkmenistandan, Gazagystandan we Russiýadan nebit geçirilýär. Habarda gazgecirijiniň netijeliliginiň işe girizüilen 15 ýylyň dowamynda 75%-den 99,9% çenli artanlgy bellenilýär. Hazar deňzindäki Sangaçal terminalyny Ortaýer deňziniň türk kenaryndaky Jeýhan deňiz terminaly bilen birleşdirýän BTJ turba geçirijisi boýunça häzirki geçiriş kuwwatlylygy gije-gündiziň dowamynda 1,2 millon barrel nebit geçirmäge niýetlenendir.

BTJ turba geçirijisi boýunça eksportyň artmagy – dünýäde ýangyja islegiň ösýändiginiň ýene bir subutnamasydyr. Şu ýylyň 5-9-njy dekabry aralygynda Hýustonda geçirilen 23-nji Bütindünýä nebit kongresine gatnaşanlar ýangyja isleg we tekipler, şeýle hem olaryň aşa gymmatlgy barada gürrüň etdiler. Kongrese 70 ýurtdan 500-den gowrak adam gatnaşdy we ol energetikanyň geljegini kemala getirýän möhüm gepelşiklere itergi berdi. Nebit-gaz senagatynyň «Olimpiýa Oýunlary» diýilýän Kongressde nebit agtarmakda, ony gazyp almakda we gaýtadan işlemekde öňdebaryjy tehnologýialardan başlap, tebigy gazyň we energiýanyň dikeldilýän çeşmeleriniň ähmiýetine çenli pudagyň ähli meseleleri, senagaty dolandyrmagyň we onuň jemgyýete, ykdysadyýete we daşky gurşawa edýän täsiriniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Çärä gataşanlaryň köpüsi ýakyn gelejekde we ondanam aňyrda nebitdir gazyň ornuny çalşyp bolmajakdygyny aýtdylar.

Günbataryň iri banklarynyň, reýting agentlikleriniň we ugurdaş kompaiýalarynyň bilermenleri ýakyn geljege bu çaklamany goldaýarlar. Meselem, JP Morgan maýa goýum banky geljek ýyl dünýä ykdysatynýetiniň ýagdaýy gowulanar we energiýa serişdeleri uzak ýyllar köp ulanylar diýip hasap edýär. Outlook 2022 bankynyň «Sazalaşykly tapgyra taýýarlyk» atly synynda indiki ýylyň «has sazlaşykly ykdysady gurşaw» üçin esas goýjakdygy bellenilýär. JP Morgan çig nebtiň bahasynyň OPEK guramasynňy nebit çykarmak mümkinçiliniň çäkliligi sebäpli 2022-nji ýylda bir barrel üçin 125 dollardan 2023-nji ýylda 150 dollara çenli artjakdygyny çaklaýar.

Habar çap edýän esasy garaşsyz S&P Global Platts kompaniýasynyň bilermenleri şu ýyl nebite we gaza isleg esasy tema bolan bolsa, indiki ýyl energiýa bazarlarynda teklibiň dikelmegi baş tema bolar diýýärler. Suwuk gazyň eksportynyň, ABŞ-nyň slanes meýdanlarydna nebit we gaz alnyşynyň artmagy, OPEK-e girmeýän ýurtlardan maýa goýumlarynyň yzyna gelmegi netijesinde indiki ýyl teklip diňe bir islegi kanagatlandyrman, eýsem ondanam artyp, tutuş dünýäde pese düşen energiýa serişdeleriniň gorlaryny artdyrmaga ýardam eder –diýip S&P Global Platts Analytics habar berýär.

Çap edilen çaklamalarda gaz bazarlary we gazyň bahasy indiki ýylyň başynda gyşdaky howa ýagdaýyna we Russiýa gazynyň turbageçirijilerden Ýewropa iberilişine bagly bolar diýilýär. Nebit babatda analitikleriň ählisi we hatda OPEK hem eýýäm 2022-nji ýylyň 1-nji çärýeginde onuň artykmaç toplanmagyna garaşýarlar.