Ï Türkmenistanyň Kanuny Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Kanuny aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda

view-icon 9766

Şu Kanun aw awlamak we aw baýlyklaryny gorap saklamak, dikeltmek, köpeltmek we durnukly peýdalanmak babatda işiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de olar bilen baglanyşykly ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Esasy düşünjeler

1. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler:

1) aw awlamak — aw obýektlerini awlamak maksady bilen olary gözlemek, yzarlamak we aldawa salmak boýunça işleri amala aşyrmagy özünde jemleýän atmak ýa-da tutmak arkaly haýwanat dünýäsiniň obýektlerinden peýdalanmagyň görnüşi;

2) aw baýlyklary — şu Kanuna we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hem-de aw hojalygyny ýöretmek babatda işi amala aşyrmak üçin peýdalanylýan, Türkmenistanyň çäginde tebigy erkin ýagdaýda ýa-da ýarym erkin ýagdaýda ýaşaýan haýwanat dünýäsiniň obýektleri;

3) haýwanat dünýäsiniň obýektleri — haýwan gelip çykyşly organizmler (ýabany haýwanlar, guşlar, suwda ýaşaýan oňurgaly haýwanlar);

4) döwletiň aw gory — haýwanat dünýäsiniň obýektleriniň Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertipde aw obýektlerine degişli edilen görnüşleri;

5) aw obýektleri — aw baýlyklaryna degişli bolan tebigy erkin ýagdaýda ýa-da ýarym erkin ýagdaýda ýaşaýan ýabany haýwanlar;

6) aw gurallary — Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda aw ýaragyna degişli bolan ok atýan, pnewmatik, sowuk ýaraglar we ok-däriler, şeýle hem aw awlamagyň beýleki serişdeleri (aw itleri, elguşlar we beýlekiler) we aw obýektini aldawa salmak, gözlemek, yzarlamak we awlap almak üçin ulanylýan, şu Kanun we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen rugsat edilen beýleki gurallar;

7) elguşlar — aw awlamagyň barşynda ulanylýan laçyn şekilli guşlar (bürgüt, laçyn, ütelgi we beýlekiler);

8) aw önümleri — aw awlamagyň barşynda awlanylyp alnan aw obýektleri ýa-da aw baýlyklary, şeýle hem olardan alnan et, deriler, şahlar, toýnaklar, iç goşlar we bedeniň galan bölekleri hem-de beýleki aw trofeýleri;

9) aw trofeýleri — awlanylan ýabany haýwanlaryň läşleri, gäpleri, derileri, şahlary, toýnaklary, kelle çanaklary, dişleri we bedeniň beýleki bölekleri;

10) aw meýdanlary — aw obýektleriniň ýaşaýyş gurşawy bolan, aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek üçin ulanylýan ýerler ýa-da ýerüsti suw obýektleri, şol sanda Hazar deňziniň türkmen böleginiň akwatoriýasynyň çäkleri;

11) aw hojalygy — aw obýektlerini we olaryň ýaşaýyş gurşawlaryny gorap saklamaga, dikeltmäge, köpeltmäge we durnukly peýdalanmaga hem-de bu ugurda hyzmatlary etmäge, şeýle hem aw önümlerini satyn almaga, öndürmäge we ýerlemäge gönükdirilen işleri amala aşyrýan ýuridik şahs;

12) awçy — şu Kanuna we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda aw awlamaga hukuk berlen fiziki şahs (Türkmenistanyň raýaty, Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurt raýaty ýa-da raýatlygy bolmadyk adam);

13) aw meýdanlaryndan peýdalanyjylar — berkidilen aw meýdanlarynda ýa-da aw hojalyklarynda aw baýlyklaryndan peýdalanmaga hukuk alan ýuridik şahslar, şeýle hem umumy peýdalanylýan aw meýdanlarynda aw baýlyklaryndan peýdalanmaga hukugy bolan fiziki şahslar;

14) aw hojalygyny ýörediji — aw hojalygyny ýöretmeklige hukugy bolan Türkmenistanyň ýuridik şahsy;

15) awçylar jemgyýeti — bähbitleriň umumylygy esasynda aw awlamaga bolan hukuklaryny amala aşyrmak üçin fiziki şahslar (awçylar) tarapyndan döredilýän, öz-özüni dolandyrýan, täjirçilik däl, meýletin gurama;

16) aw awlamagyň möwsümi — aw awlamagyň möhletleri bilen kesgitlenilýän wagt;

17) aw awlamagyň kadalary — Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi (mundan beýläk — ygtyýarlandyrylan edara) we beýleki döwlet edaralary tarapyndan aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak babatda kabul edilýän aw awlamagyň möhletlerini, gurallaryny, usullaryny, tertibini hem-de beýleki şertlerini kesgitleýän kadalaşdyryjy hukuk namalary;

18) awlap almagyň möçberi — kesgitli döwür üçin bir awça ylmy taýdan esaslandyrylyp bellenilýän, aw obýektleriniň görnüşlerini awlap almagyň rugsat berlen aňryçäk mukdary;

19) awlap almagyň çägi — berkidilen aw meýdanlarynyň ýa-da umumy peýdalanylýan aw meýdanlarynyň kesgitli ýa-da ähli ýerlerinde aw obýektleriniň ýaýran görnüşleriniň, durnukly ýaşamak ukybyny göz öňünde tutup, aňryçäk rugsat berlen we onuň maksadyna bagly bolmadyk tebigy gurşawyň aw obýektlerinden awlap almaga ygtyýar edilen görnüşleriniň mukdary;

20) aw baýlyklaryna gözegçilik (monitoring) — aw baýlyklarynyň we aw obýektleriniň ýaýramagyna, sanyna, fiziki ýagdaýyna, jyns we ýaş aýratynlygyna, şeýle hem haýwanlaryň ol ýa-da beýleki görnüşleriniň köpelmeginiň ýagdaýyna, ýaşaýyş gurşawynyň meýdanyna we hiline yzygiderli gözegçilik we barlag ulgamy;

21) aw baýlyklaryny goramak — aw baýlyklarynyň giňişleýin gaýtadan dikeldilmegi üçin zerur bolan çäklerde, olaryň görnüş dürlüliginiň üpjün edilmegine we sanynyň goralyp saklanylmagyna mümkinçilik berýän ýagdaýynda goldamak boýunça işler;

22) aw obýektleriniň aýratyn görnüşleri — awçа berilýän bir gezeklik tölegli rugsatnama arkaly awlanylmagy mümkin bolan aw obýektleriniň görnüşleri;

23) awça berilýän bir gezeklik tölegli rugsatnama — aw awlamagyň möhleti we haýwanyň görnüşi görkezilip, ony aw meýdanlaryndan bir gezeklik awlap almak üçin ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan bellenilen tertipde berilýän resminama;

24) möwsümleýin aw ýollanmasy — aw awlamagyň möwsüminde berkidilen aw meýdanlarynda ýa-da aw hojalyklarynda aw meýdanlaryndan peýdalanyjylar tarapyndan berilýän, umumy peýdalanylýan aw meýdanlarynda Türkmenistanyň Awçylarynyň we balykçylarynyň birleşen jemgyýeti (mundan beýläk — Awçylar jemgyýeti) tarapyndan berilýän, awça aw etmek hukugyny berýän resminama;

25) bikanun aw awlamak (brakonýerlik) — awlanylmagy rugsat berlen ýa-da gadagan edilen haýwanlary Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryny bozmak bilen awlamak;

26) Türkmenistanyň Gyzyl kitaby — Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda tassyklanylýan, seýrek duş gelýän we ýitip gitmek howpy astynda duran ösümlikleri we haýwanlary gorap saklamak, dikeltmek hem-de durnukly peýdalanmak boýunça çäreleri geçirmek maksady bilen hasaba alynýan maglumatlaryň jemi;

27) biotehniki çäreler — aw baýlyklarynyň sanyny we görnüş düzümini artdyrmak, tebigy şertlerde aw meýdanlarynyň önümliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, aw obýektlerine we olaryň ýaşaýyş gurşawyna gönüden-göni täsir edýän çäreler.

2. Beýleki düşünjeler şu Kanunyň käbir maddalarynda kesgitlenilýär.

2-nji madda. Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

1. Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

2. Haýwanat dünýäsini goramak, ony üznüksiz köpeltmek we peýdalanmak babatda ýüze çykýan gatnaşyklar şu Kanun hem-de «Haýwanat dünýäsi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen düzgünleşdirilýär.

3. Şu Kanunyň hereketleri erkin däl şertlerde ösdürilip ýetişdirilen we saklanylýan ýabany haýwanlary goramak we peýdalanmak babatdaky gatnaşyklara degişli däldir.

3-nji madda. Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda Türkmenistanyňkanunçylygynyň esasy ýörelgeleri

Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy şu ýörelgelere esaslanýar:

1) aw baýlyklarynyň rejeli peýdalanylmagyny, olaryň biologik dürlüliginiň goralyp saklanylmagyny we aw hojalyklarynyň ylmy taýdan esaslandyrylyp ýöredilmegini üpjün etmek;

2) aw baýlyklarynyň ekologiýa, ykdysady we beýleki gymmatlyklaryny göz öňünde tutup, olaryň peýdalanylmagynda çäkler boýunça hukuk düzgünini bellemek;

3) ynsanperwerligiň umumy ýörelgelerine laýyk gelýän, haýwanlara rehimsiz çemeleşilmegine ýol bermeýän aw gurallaryny we usullaryny ulanmak bilen aw obýektlerinden peýdalanmak;

4) aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak babatda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taýýarlanylyşyna, şeýle hem aw baýlyklaryny hem-de olaryň ýaşaýyş gurşawyny goramak boýunça çärelere Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde raýatlaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň gatnaşmagy;

5) aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak babatda ilaty doly, anyk hem-de öz wagtynda maglumatlar bilen üpjün etmek boýunça döwlet edaralarynyň, beýleki ýuridik we fiziki şahslaryň işinde aýanlyk;

6) aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak babatda halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrmak.

4-nji madda. Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramakbabatda gatnaşyklaryň subýektleri

Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak, olary dikeltmek, üznüksiz köpeltmek we durnukly peýdalanmak babatda işleri amala aşyrýan ýuridik we fiziki şahslar aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak babatda gatnaşyklaryň subýektleri (mundan beýläk — subýektler) bolup durýarlar.

II BAP. AW AWLAMAK WE AW BAÝLYKLARYNY GORAMAK BABATDA DÖWLET DÜZGÜNLEŞDIRMESI

5-nji madda. Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramakbabatda döwlet düzgünleşdirmesini amalaaşyrýan edaralar

Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, ygtyýarlandyrylan edara, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary (mundan beýläk — Geňeşler) tarapyndan amala aşyrylýar.

6-njy madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy

Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär;

2) döwlet maksatnamalaryny tassyklaýar;

3) ygtyýarlandyrylan edaranyň işini utgaşdyrýar;

4) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny tassyklaýar;

5) şu Kanuna we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlylygyna degişli beýleki wezipeleri ýerine ýetirýär.

7-nji madda. Ygtyýarlandyrylan edaranyň ygtyýarlylygy

Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak babatda ygtyýarlandyrylan edara:

1) ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;

2) döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar;

3) Türkmenistanyň kanunçylygynyň ýerine ýetirilişine döwlet gözegçiligini amala aşyrýar;

4) subýektleriň işine gözegçilik edýär;

5) şu resminamalary işläp taýýarlaýar we tassyklaýar:

a) Türkmenistanyň çäginde aw awlamagyň kadalaryny;

b) öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde kadalaşdyryjy hukuk namalaryny;

ç) döwletiň aw goruna degişli edilen ýabany haýwanlaryň görnüşleriniň sanawyny;

6) şulary belleýär:

a) her ýyldaky buýrugy bilen aw awlamagyň möwsüminiň möhletlerini;

b) aw awlamagyň möwsüminde aw obýektleriniň aýratyn görnüşlerini awlap almak üçin awça berilýän bir gezeklik tölegli rugsatnamanyň möçberini;

ç) awça berilýän bir gezeklik tölegli rugsatnama üçin tölegiň möçberini;

d) aw obýektleriniň we aw obýektlerini awlap almagyň möçberiniň sanawyny;

e) awlap almagyň çägini;

ä) aw meýdanlaryny we aw awlamak üçin gadagan edilen ýerleri;

f) awlanylyp alnan aw önüminiň peýdalanyşynyň tertibini;

g) aw baýlyklaryny peýdalanmak üçin tölegleriň tertibini;

7) aw baýlyklarynyň döwlet kadastryny ýöretmegiň tertibini kesgitleýär we ony alyp barýar;

8) aw baýlyklaryna gözegçiligi alyp barmagyň tertibini kesgitleýär, şol sanda aýratyn goralýan tebigy ýerlerde gözegçiligi amala aşyrýar;

9) döwlet aw reýestrini alyp barýar;

10) aw meýdanlaryndan peýdalanyjylara aw meýdanlarynyň kesgitli çäklerinde aw awlamaklyga hukuk berýär;

11) aw hojalyklaryny döretmek barada teklipleri taýýarlaýar we çözgüt kabul etmek üçin olary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine berýär;

12) aw hojalygyny ýöretmek üçin degişli ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasyna ýer bölegini bölüp bermek barada teklip berýär;

13) aw meýdanlarynda we aw hojalyklarynda aw obýektlerini weterinar gözegçilikde, ylmy taýdan esaslandyrylan gaýtadan uýgunlaşdyrmak (reakklimatizasiýa) we göçürmek işlerini (Türkmenistanda duş gelmeýän görnüşler muňa degişli däldir) amala aşyrmak hem-de ýarym erkin ýagdaýda köpeltmek üçin rugsatnamalary berýär;

14) weterinariýa, sanitariýa çärelerini ulanmak we amala aşyrmak arkaly haýwanlaryň arasyndaky, şol sanda adam üçin howply bolan ýokanç keselleri ýüze çykarmak, olaryň ýaýramagynyň öňüni almak we ýok etmek üçin degişli guramalar bilen çäreleri geçirýär;

15) aw baýlyklaryny goramak we durnukly peýdalanmak babatda ylmy barlaglaryň geçirilmegini guraýar;

16) halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar;

17) şu Kanuna we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlylygyna degişli beýleki wezipeleri ýerine ýetirýär.

8-nji madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we Geňeşleriň ygtyýarlylyklary

1. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary:

1) degişli çäklerde aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýärler;

2) aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak babatda döwlet, sebitleýin we ýerli maksatnamalaryň işlenilip taýýarlanylyşyna we amala aşyrylyşyna ýardam berýärler;

3) adatdan daşary ýagdaýlarda, ýaramaz tebigy we tehnogen hadysalarda haýwanat dünýäsiniň obýektlerini gorap saklamak we olary halas etmek boýunça çärelere gatnaşýarlar;

4) döwlet edaralaryny, jemgyýetçilik birleşiklerini we ilaty aw obýektleriniň ýagdaýy hem-de olaryň ýaşaýyş gurşawy baradaky maglumatlar bilen üpjün edýärler;

5) degişli çäklerde aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hem-de aw hojalygyny ýöretmek babatda hojalyk we beýleki işleri amala aşyrýan subýektleriň işlerini utgaşdyrýarlar;

6) aw hojalyklaryny ýöretmek üçin ýer böleklerini bölüp bermek barada çözgütleri kabul edýärler;

7) degişli çäklerde aw meýdanlaryndan peýdalanyjylaryň işlerini amala aşyrmaklaryna ýardam berýärler;

8) şu Kanuna we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak babatda özleriniň ygtyýarlylyklaryna degişli beýleki wezipeleri ýerine ýetirýärler.

2. Geňeşler:

1) aw obýektleriniň ýaşaýan gurşawynda aw hojalygyny ýöretmek, aw obýektlerini we olaryň ýaşaýan gurşawyny gorap saklamak boýunça geçirilýän çäreler barada ýerli ilaty habarly edýärler;

2) özlerine degişli çäklerde adamlaryň janyna we saglygyna howp salýan, şeýle hem öý haýwanlarynyň üstüne hüjüm edýän haýwanlary zyýansyzlandyrmak boýunça zerur çäreleri geçirýärler;

3) özlerine degişli çäklerde adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykan halatynda aw obýektleriniň aýratyn howply ýokanç kesellerini anyklamaga, öňüni almaga, ýok etmäge gönükdirilen epizootiýa garşy çäreleriň geçirilmeginde degişli döwlet edaralaryna ýardam berýärler;

4) özlerine degişli çäklerde bikanun aw awlamagyň öňüni almak boýunça çäreleri geçirýärler;

5) şu Kanuna we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak babatda özleriniň ygtyýarlylyklaryna degişli beýleki wezipeleri ýerine ýetirýärler.

III BAP. AW AWLAMAK WE AW BAÝLYKLARYNY GORAMAK BABATDA RAÝATLARYŇ WE JEMGYÝETÇILIK BIRLEŞIKLERINIŇ GATNAŞYKLARY, OLARYŇ HUKUKLARY WE BORÇLARY

9-njy madda. Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramakbabatda raýatlaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň gatnaşmaklary

1. Raýatlar we jemgyýetçilik birleşikleri aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak, dikeltmek, köpeltmek we peýdalanmak, aw hojalygyny ýöretmek, şeýle hem özleriniň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak bilen baglanyşykly döwlet çözgütleriniň taýýarlanylmagyna gatnaşmak hukugyna eýedirler.

2. Jemgyýetçilik birleşikleri öz ygtyýarlylyklarynyň çäklerinde aw baýlyklaryny goramak we durnukly peýdalanmak boýunça çäreleri amala aşyrmakda, aw awlamagy we aw hojalygyny ýöretmegi guramak işinde ygtyýarlandyrylan edara we ýerine ýetiriji häkimiýetiň beýleki edaralaryna şu Kanuna we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda ýardam berýärler.

3. Ygtyýarlandyrylan edara hem-de aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak, aw hojalygyny ýöretmek babatda öz ygtyýarlylyklaryny amala aşyrýan beýleki degişli ýuridik şahslar tarapyndan raýatlaryň hem-de jemgyýetçilik birleşikleriniň teklipleri we maslahatlary nazara alynmaga degişlidir.

10-njy madda. Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramakbabatda raýatlaryň hem-de jemgyýetçilik birleşikleriniň hukuklary we borçlary

1. Raýatlar we jemgyýetçilik birleşikleri şu hukuklara eýedirler:

1) subýektler tarapyndan aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak babatda geçirilýän çärelere gatnaşmak;

2) aw baýlyklaryny we olaryň ýaşaýyş gurşawyny goramak boýunça çäreleri geçirmek;

3) ygtyýarlandyrylan edaradan aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek hakyndaky degişli maglumatlary almak (Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda berilmäge we ýaýradylmaga degişli bolmadyk maglumatlar muňa degişli däldir);

4) aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek babatda işiň görnüşlerini we usullaryny kämilleşdirmek barada bellenilen tertipde teklipleri bermek;

5) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek babatda jemgyýetçilik birleşiklerini döretmek.

2. Raýatlar we jemgyýetçilik birleşikleri şulara borçludyrlar:

1) aw baýlyklaryny we olaryň ýaşaýyş gurşawyny aýawly peýdalanmaga hem-de goramaga;

2) aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryny berjaý etmäge;

3) ygtyýarlandyrylan edaranyň aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrýan wezipeli adamlarynyň (mundan beýläk — döwlet gözegçileri) kanuny talaplaryny ýerine ýetirmäge;

4) aw baýlyklaryna we olaryň ýaşaýyş gurşawyna ýetirilen zyýanyň öwezini dolmaga;

5) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda haýwanlara rehimsiz çemeleşilmegine ýol bermeýän, ynsanperwerligiň umumy ýörelgelerine laýyk gelýän aw gurallaryny we usullaryny ulanmak bilen aw baýlyklaryndan peýdalanmagy ilat arasynda wagyz etmäge;

6) aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak babatda jemgyýetçilik gözegçiligini amala aşyrmaga;

7) aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplarynyň bozulmalary barada degişli edaralara habar bermäge.

IV BAP. AW BAÝLYKLARYNDAN PEÝDALANMAK WE OLARY GORAMAK. AW MEÝDANLARY

11-nji madda. Aw baýlyklaryndan peýdalanmagyňesasy ýörelgeleri

Türkmenistanyň çäginde ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan aw baýlyklaryndan peýdalanylan ýagdaýynda, olar şu ýörelgelere esaslanýarlar:

1) aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryny berjaý etmek;

2) aw obýektleriniň we beýleki haýwanlaryň görnüş we biologik dürlüligini tebigy erkin ýagdaýynda gorap saklamak;

3) aw baýlyklarynyň ýaşaýan gurşawyny, köpelýän ýerlerini we göçýän ýollaryny hem-de olaryň jemlenýän beýleki ýerlerini goramak;

4) aw baýlyklarynyň ýaýran görnüşleriniň sanyny olaryň üznüksiz köpeldilmeginiň hojalyk we beýleki jähtden maksadalaýykdygyny we olary dikeltmek şertleriniň goralyp saklanylmagyny nazara almak bilen rejeli peýdalanmak.

12-nji madda. Aw baýlyklaryndan peýdalanmagyň görnüşleri we tertibi

1. Türkmenistanda aw baýlyklaryndan peýdalanmagyň şu görnüşleri amala aşyrylyp bilner:

1) höwesjeň, senagat maksatly aw awlamak we şahsy eklenç zerurlyklaryny kanagatlandyrmak maksatly (mundan beýläk — güzeran maksatly) aw awlamak ýoly bilen aw baýlyklaryny peýdalanmak;

2) aw baýlyklarynyň görnüşlerini olaryň ýaşaýyş gurşawyndan almak ýa-da almazlyk bilen hojalyk, ylmy, dynç alyş-sagaldyş, medeni aň-bilim, terbiýeçilik we beýleki maksatlar üçin peýdalanmak;

3) aw baýlyklarynyň sanyny kadalaşdyrmak maksady bilen peýdalanmak;

4) aw baýlyklaryny gaýtadan uýgunlaşdyrmak we göçürmek maksatlary bilen peýdalanmak;

5) aw obýektlerini tebigy erkin ýa-da ýarym erkin ýaşaýyş gurşawynda saklamak we köpeltmek maksatlary bilen peýdalanmak.

2. Aw obýektleriniň ýaşaýyş gurşawyndan alynmagy bilen amala aşyrylýan aw baýlyklarynyň peýdalanylmagynyň görnüşlerine ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan berilýän rugsatnamalar boýunça ýol berilýär.

13-nji madda. Aw baýlyklaryny goramak boýunça çäreler

1. Aw baýlyklaryny goramak boýunça çäreler ygtyýarlandyrylan edara, aw meýdanlaryndan peýdalanyjylar, aw hojalyklaryny ýöredijiler, awçylar jemgyýetleri, şeýle hem hojalyk we beýleki işleri amala aşyrýan ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Aw baýlyklaryny goramak babatda şu çäreler geçirilmelidir:

1) ýabany haýwanlaryň ýaşaýan gurşawyny, biologik dürlüligini we olaryň göçýän ýollaryny goramak;

2) Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen, seýrek duş gelýän we ýitip gitmek howpy astynda duran haýwanat dünýäsiniň görnüşleriniň awlanylmagynyň öňüni almak;

3) haýwanat dünýäsiniň obýektleriniň sanyny artdyrmak boýunça çäreleri we biotehniki çäreleri geçirmek;

4) aw baýlyklaryny goramak boýunça ylmy-barlaglary geçirmek;

5) köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, sanly ulgamyň we beýleki elýeter usullaryň üsti bilen aw baýlyklaryny goramak we rejeli peýdalanmak babatda taglymatlary wagyz etmek;

6) ylmy taýdan esaslandyrmalara laýyklykda aw baýlyklaryny gaýtadan uýgunlaşdyrmak we göçürmek boýunça işleri (Türkmenistanda duş gelmeýän görnüşler muňa degişli däldir) amala aşyrmak;

7) haýwanlaryň arasynda döreýän aýratyn howply keselleriň we aýratyn howply ýokanç keselleriň döremeginiň hem-de ýaýramagynyň öňüni almak;

8) şu Kanuna we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda aw baýlyklaryny goramak boýunça beýleki çäreleri amala aşyrmak.

14-nji madda. Aw meýdanlary 

1. Aw meýdanlary şu görnüşlere bölünýärler:

1) berkidilen aw meýdanlary — aw meýdanlaryndan peýdalanyjylar bolup durýan ýuridik şahslar tarapyndan, şol sanda Awçylar jemgyýeti tarapyndan şu Kanunyň talaplaryna laýyklykda peýdalanylýan meýdanlar;

2) umumy peýdalanylýan aw meýdanlary — awçylaryň, aw awlamak maksady bilen erkin bolmagyna hukugy bolan, aw meýdanlaryndan peýdalanyjylara berkidilmedik meýdanlar.

2. Aw meýdanlarynyň düzümine şular girizilip bilinmez:

1) aýratyn goralýan tebigy ýerler;

2) ilatly ýerler:

a) obalar we olara ýanaşyk 500 metr uzaklykdaky meýdanlar;

b) şäherler, şäherçeler hem-de olara ýanaşyk 2 kilometr uzaklykdaky meýdanlar;

3) senagat, hojalyk, sagaldyş-dikeldiş, dynç alyş-sagaldyş, goranmak maksatly ýerler hem-de beýleki ýörite ähmiýetli obýektler, şeýle hem olara ýanaşyk 500 metr uzaklykdaky meýdanlar;

4) geologiýa agtaryş işleriniň ýerleri we ulag kommunikasiýalarynyň degişli ýerleri;

5) ilatyň köpçülikleýin dynç alýan ýerleri we olara ýanaşyk 500 metr uzaklykdaky meýdanlar;

6) haýwanlaryň arasynda ýokanç keselleriň giňişleýin ýaýran ojagyndan 20 kilometr uzaklykdaky meýdanlar;

7) Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenen beýleki ýerler.

3. Aw meýdanlarynyň araçäkleri olaryň ekologiýa, aw hojalyk we beýleki gymmatlyklaryny, dolandyryş-çäk tabynlygyny hasaba almak bilen, meýdanlarda aňsatlyk bilen kesgitlenilýän we tanalýan bellikler (ýollar, belentlikler, kenarlar, elektrik, gaz geçirijileri hem-de beýlekiler) boýunça bellenilýär.

15-nji madda. Aw meýdanlaryny berkitmek 

1. Aw meýdanlaryndan peýdalanyjylar bolup durýan ýuridik şahslara, şol sanda Awçylar jemgyýetine aw meýdanlarynyň berkidilmegi olar tarapyndan ygtyýarlandyrylan edara bilen baglaşan şertnamalaryna laýyklykda hem-de onuň teklibi esasynda, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ýer böleklerini bermek baradaky çözgütleri esasynda amala aşyrylýar.

2. Aw meýdanlarynyň berkidilmegi ýerden peýdalanyjylaryň peýdalanýan ýerlerini almazdan hem amala aşyrylyp bilner.

3. Aw meýdanlaryny berkitmek baradaky şertnamanyň şertleri bozulan ýagdaýynda ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan şol ýerlerde 3 ýyla çenli möhlet bilen aw awlanylmagy gadagan edilip ýa-da tebigy serişdelere we aw baýlyklaryna ýetirilen zyýanyň hökmany öwezini dolmak bilen, şol berkidilen aw meýdanlary yzyna alnyp bilner.

V BAP. AW AWLAMAK

16-njy madda. Aw awlamak düşünjesi

1. Awçylaryň aw meýdanlarynyň çäginde, umumy peýdalanylýan ýollardan başga ýerlerde aw gurallary we (ýa-da) awlanylan aw önümleri bilen bolmagy aw awlamak diýlip hasap edilýär.

2. Adamlaryň we öý haýwanlarynyň üstüne hüjüm etmek howpunyň öňüni almak maksady bilen aw ýaragyndan mejbury peýdalanmak ýa-da beýleki islendik hereketler (degişli subutnamalar esasynda), şeýle hem süýdemdirijileri we guşlary heläkçilikli ýagdaýdan halas etmek hem-de öý şertlerinde wagtlaýyn saklamak aw awlamak diýlip hasap edilmeýär. Şular ýaly hadysalar barada gaýragoýulmasyz degişli ygtyýarly edaralara habar berilýär we olar hasaba alynýar.

3. Gulluk borçlarynyň ýerine ýetirilmegi ok atýan ýaragy (gulluk we (ýa-da) şahsy) götermek bilen baglanyşykly bolan wezipeli adamlara, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň edaralary tarapyndan berlen degişli rugsatnamasy bar bolan mahalynda, aw awlamagyň möhletine garamazdan, aw meýdanlarynda ýany ok atýan ýaragly bolmagyna ygtyýar berilýär, emma olaryň aw awlamagyna umumy esaslarda hukuk berilýär.

4. Aw awlamagyň düzgünleri ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan kesgitlenilýär.

17-nji madda. Aw awlamagyň görnüşleri

Türkmenistanda aw awlamagyň şu görnüşleri amala aşyrylyp bilner:

1) aw meýdanlarynda awçylar tarapyndan işjeň dynç almak we aw önümine bolan şahsy zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin amala aşyrylýan höwesjeň aw awlamak;

2) aw meýdanlarynda ygtyýarlandyrylan edaranyň çözgüdi bilen aw obýektiniň belli bir görnüşine berilýän rugsatnama esasynda ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan amala aşyrylýan aw önümlerini almak we ýerlemek üçin senagat maksatly amala aşyrylýan aw awlamak;

3) aw meýdanlarynda aw obýektlerini awlamak üçin möwsümleýin aw ýollanmasyny we (ýa-da) awça berilýän bir gezeklik tölegli rugsatnamany alan awçylar tarapyndan güzeran maksatly amala aşyrylýan aw awlamak;

4) ygtyýarlandyrylan edaranyň rugsatnamasy esasynda ylym, bilim edaralary we beýleki guramalar tarapyndan aw meýdanlarynda we aýratyn goralýan tebigy ýerlerde aw baýlyklaryny gaýtadan uýgunlaşdyrmak (Türkmenistanda duş gelmeýän görnüşler muňa degişli däldir) boýunça işleri, şeýle hem ylmy-barlag, bilim we medeni işleri geçirmek maksatly amala aşyrylýan aw awlamak;

5) ilatyň saglygyna we haýwanat dünýäsiniň obýektlerine howp salýan epizootiýa howpunyň ýüze çykmagy bilen baglanyşykly degişli döwlet edaralarynyň çözgütleri we rugsatnamalary esasynda ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan amala aşyrylýan aw awlamak;

6) ilatyň saglygyny goramak we halk hojalygyna zyýan ýetirilmeginiň öňüni almak maksady bilen, şeýle hem ýabany haýwanlaryň ýaýran görnüşleriniň sanyny we gurluşyny kadaly ýagdaýda saklamak üçin amala aşyrylýan aw awlamak.

18-nji madda. Aw awlamak hukugy

1. Türkmenistanyň çäginde, aw meýdanlaryndan peýdalanyjylar bolup durýan Awçylar jemgyýetiniň agzalary, şeýle hem döwlet pajyny we agzalyk tölegini töleýän, agzalyk şahsyýetnamasyny, aw obýektini awlap almak üçin möwsümleýin aw ýollanmasyny we (ýa-da) awça berilýän bir gezeklik tölegli rugsatnamany alan fiziki şahslar aw awlamak hukugyndan peýdalanýarlar.

Daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanyň çäginde aw meýdanlaryndan peýdalanmak hukuklary ygtyýarlandyrylan edaranyň rugsady esasynda berilýär.

2. Awçylar jemgyýetiniň agzalygyna kabul etmegiň tertibi şol jemgyýetiň Tertipnamasy bilen kesgitlenilýär.

3. Aw meýdanlaryndan peýdalanyjylar tarapyndan aw meýdanlarynda we (ýa-da) aw hojalyklaryny ýöredijiler tarapyndan aw hojalyklarynda aw obýektleriniň ýarym erkin şertlerde köpeldilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hem-de ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan berilýän rugsatnama esasynda amala aşyrylýar.

4. Ýabany, saýraýan we bezeg guşlaryny tutmak ygtyýarlandyrylan edaranyň rugsatnamasy esasynda kesgitlenilýän usullar hem-de kesgitlenen möçberler arkaly amala aşyrylýar.

19-njy madda. Aw awlamagy amala aşyrmak üçin esaslar

Aw awlamagy amala aşyrmak üçin esaslar şular bolup durýar:

1) Awçylar jemgyýeti tarapyndan berilýän agzalyk şahsyýetnamasy we onda her ýylky agzalyk tölegleriň tölenendigi barada bellik;

2) aw meýdanlaryndan peýdalanyjylar tarapyndan berilýän möwsümleýin aw ýollanmasy;

3) aw obýektleriniň aýratyn görnüşlerini awlamak üçin ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan awça berilýän bir gezeklik tölegli rugsatnama;

4) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň edaralary tarapyndan berilýän aw ýaragyny saklamak we ýanynda götermek hukugyny berýän rugsatnama.

20-nji madda. Aw gurallary

1. Aw gurallaryna şular degişlidir:

1) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, aw ýaragyna degişli bolan ok atýan, pnewmatik, sowuk ýaraglar we ok-däriler;

2) aw obýektini aldawa salmak, gözlemek, yzarlamak we awlap almak üçin ulanylýan bellenilen tertipde rugsat berlen serişdeler;

3) aw itleri, elguşlar.

2. El bilen atylýan söweşjeň we sowuk ýaraglaryň, ýaýlaryň we arbaletleriň, özbaşdak ýasalan ýaraglaryň, tutujy çukurlaryň, bäşlik belgiden ýokary bolan gapanlaryň, halkalaryň, gaňyrçaklaryň, perde-germewaçlaryň, torlaryň, ýiti yşykly çyralaryň (prožektorlar), partlaýjy maddalaryň, awularyň, ukladyjy serişdeleriň (trankwilizatorlar), ýelimleriň we beýleki howply gyryjy we maýyp ediji gurallaryň aw awlamak maksady bilen ulanylmagy gadagan edilýär.

Aýratyn halatlarda ygtyýarlandyrylan edaranyň çözgüdi esasynda şu bölegiň birinji tesiminde görkezilen käbir gurallaryň ulanylmagyna rugsat berlip bilner.

21-nji madda. Aw ýaragyny we ok-därileri edinmegiň hem-de ýerlemegiň (satmak) tertibi

1. Aw ýaragyny we ok-därileri edinmegiň hem-de ýerlemegiň, şeýle hem olary Türkmenistanyň çägine getirmegiň we onuň çäginden daşyna alyp gitmegiň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilýär.

2. Aw ýaragynyň we ok-därileriň ýerlenilmegi Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň edaralarynyň we Awçylar jemgyýetiniň degişli rugsatnamalary bolan söwda nokatlary tarapyndan amala aşyrylýar.

22-nji madda. Gaýragoýulmasyz ýagdaýlarda awçylartarapyndan aw ýaraglaryny we ok-därileripeýdalanmagyň tertibi

1. Adamyň janyna we saglygyna howp salýan, şeýle hem öý haýwanlarynyň üstüne hüjüm edýän haýwany zyýansyzlandyrmak maksady bilen, awça aw ýaragyny gaýragoýulmasyz ýagdaýlarda zerur çäre hökmünde mejbury peýdalanmaga rugsat berilýär.

2. Aw ýaragy mejbury peýdalanylan halatynda awçy töweregindäki adamlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin zerur çäreleri görmäge borçludyr.

3. Awçy tarapyndan aw ýaragy mejbury peýdalanylan her bir ýagdaý barada maddy subutnamalar hökmünde ykrar edilip bilinjek zatlary toplap, haýal etmän Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň edaralaryna habar berilmelidir we ol ýagdaýlar ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan hasaba alynmalydyr.

23-nji madda. Aw itleri bilen aw awlamak we olara tälim bermek

1. Aw obýektlerini gözlemek, yzarlamak we ele salmak üçin aw itlerini peýdalanmaga rugsat berilýär.

2. Aw meýdanlarynda awçy bilen bilelikde bolýan itleriň ählisi onuň agzalyk şahsyýetnamasyna ýazylan hem-de olaryň weterinariýa babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynda hasaba alnandygy hakynda şahadatnamasy bolmalydyr, şu maddanyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan ýagdaýlar muňa degişli däldir.

3. Aw itleri bilen aw awlanylmagyna we olara tälim berilmegine aw awlamagyň möwsüminde, ähli aw meýdanlarynda, aw awlamagyň möwsümi bolmadyk döwürlerde bolsa, aw meýdanlarynyň ýörite bölünip berlen meýdançalarynda rugsat berilýär.

4. Aw itleri bilen aw awlanylanda şol bir wagtda awto, moto ulag serişdelerini ulanmak gadagan edilýär, şu Kanunyň 24-nji maddasynyň ýedinji böleginde göz öňünde tutulan ýagdaýlar muňa degişli däldir.

5. Aw itleriniň eýeleri özleriniň aw itleri tarapyndan şu Kanunyň we aw awlamagyň kadalarynyň talaplarynyň bozulmagynyň netijesinde, aw baýlyklaryna ýetirilen zyýan üçin jogapkärçilik çekýärler.

24-nji madda. Elguşlar we (ýa-da) tazy tohumly aw itleribilen aw awlamak

1. Aw awlamak amala aşyrylanda elguşlary we (ýa-da) tazy tohumly aw itlerini ulanmaga rugsat berilýär.

2. Aw awlamakda ulanylýan elguşlar, olaryň eýeleri tarapyndan ygtyýarlandyrylan edarada we Türkmenistanyň Elguş awçylarynyň milli jemgyýetinde hasaba aldyrylmalydyr.

3. Türkmenistanyň Elguş awçylarynyň milli jemgyýeti tarapyndan awça berilýän agzalyk şahsyýetnamasynda aw awlamakda ulanylýan tazy tohumly aw itleri barada bellik edilmelidir hem-de awçyda aw itleriniň weterinariýa babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynda hasaba alnandygy barada şahadatnamasy bolmalydyr.

4. Elguşlary saklamak we olar bilen aw awlamak üçin ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan berilýän rugsatnama elguşlar bilen aw awlamak üçin esas bolup durýar.

5. Ygtyýar edilen möhletlerde elguşlar bilen aw awlanylan mahalynda, awlap almagyň möçberine çäklendirmeler hem-de aw awlamak üçin gadagan edilen günler bellenilmeýär.

6. Elguşlar bilen aw awlanylanda aw ýaragynyň ulanylmagy şu Kanuna laýyklykda, umumy esaslarda amala aşyrylýar.

7. Elguşlaryň we (ýa-da) olar bilen bilelikde tazy tohumly aw itleriniň gatnaşmagynda aw awlanylanda awto, moto ulag serişdeleriniň ulanylmagyna rugsat berilýär.

8. Elguşlary tutmak we kapasada saklamak, olary Türkmenistana getirmek we onuň çäginden daşyna alyp gitmek ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan berilýän rugsatnama boýunça amala aşyrylýar.

9. Elguşlary Türkmenistana getirmek we onuň çäginden daşyna alyp gitmek, şeýle hem olary satyn almak, satmak, çalyşmak we sowgat bermek ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan tassyklanylan tertibe laýyklykda amala aşyrylýar.

25-nji madda. Bikanun aw awlamak we aw awlamakdagadaganlyklar

1. Şular bikanun aw awlamak diýlip hasap edilýär:

1) aw awlamagyň kadalary bilen kesgitlenilýän aw obýektlerine degişli bolmadyk ýabany haýwanlaryň, guşlaryň we beýleki haýwanlaryň, şol sanda Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen we (ýa-da) olaryň ele salynmagy gadagan edilen görnüşleriniň awlanylmagy;

2) aw obýektleriniň aýratyn görnüşleriniň awça berilýän bir gezeklik tölegli rugsatnamasyz awlanylmagy;

3) aw awlamagyň möwsümi bolmadyk döwürlerde aw awlanylmagy;

4) şu Kanunyň 14-nji maddasynyň ikinji böleginde bellenilen aw meýdanlarynyň düzümine girmeýän ýerlerde aw awlamak;

5) ygtyýarlandyrylan edaranyň her ýyldaky çözgüdi bilen bellenilýän aw awlamagyň möçberinden ýokary geçmek bilen aw obýektleriniň awlanylmagy;

6) gadagan edilen aw awlamagyň gurallaryny we usullaryny peýdalanmak bilen aw awlanylmagy;

7) balyklaryň, suw itleriniň (nutriýa) we gunduzlaryň ähli görnüşleriniň ok atýan ýarag ulanyp ele salynmagy;

8) mehanizmleşdirilen ulag serişdelerini (dik uçarlar, motorly gaýyklar (1 — 6 at güýjüne çenli kuwwaty bolan hereketlendirijili gaýyklar muňa degişli däldir), awto, moto ulag serişdelerini (ýyrtyjy haýwanlary ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan berilýän ýörite rugsatnama esasynda awlamak we şu Kanunyň 24-nji maddasynyň ýedinji böleginde göz öňünde tutulan ýagdaý muňa degişli däldir) ulanmak bilen aw awlanylmagy;

9) uçarmansyz uçýan enjamlary, ýiti yşykly çyralary, reflektorlary we beýleki yşyklandyryjy enjamlary, şeýle hem gije görmek üçin ulanylýan enjamlary ulanmak bilen aw awlanylmagy (aw ýaraglara oturdylan we agzalyk şahsyýetnamasynda bellik edilen yşyklandyryjy enjamlary ulanmak bilen gije ýekegapany awlamak muňa degişli däldir);

10) bäşlik belgiden ýokary bolan gapanlar bilen aw awlanylmagy;

11) ýabany haýwanlaryň köpçülikleýin göçýän ýollarynda we suw howdanlaryndan geçiş wagtynda awlanylmagy;

12) betbagtçylykly we mejalsyz ýagdaýda bolan (tupandan, ýangyndan, gar syrgynyndan, suw joşmagyndan, doňaklykdan, iýmsizlikden halas bolmaga synanyşýan) aw obýektleriniň ele salynmagy, şeýle hem ganatlanmadyk jüýjeleriň we perini täzeleýän guşlaryň awlanylmagy;

13) bellenilen tertipde hasaba alynmadyk aw itleri we elguşlar bilen aw awlamak;

14) şol bir wagtda awto, moto ulag serişdelerini ulanmak bilen bilelikde aw itleri bilen aw awlamak, şu Kanunyň 24-nji maddasynyň ýedinji bölegi muňa degişli däldir;

15) haýwanlaryň suw içýän ýerlerinde bukuda oturan ýeriňden ýa-da galkanlara gizlenip aw awlamak.

2. Aw awlamakda şular gadagan edilýär:

1) aw obýektlerini awlap almak maksady bilen daşlyksyz ýa-da taýýarlykly ýagdaýda gurnalan aw ýaragly we aw gurallarynyň beýleki görnüşleri bilen umumy peýdalanylýan ýollarda bolunmagy;

2) aw awlamagyň möwsümi we biotehniki çäreleriň geçirilýän döwründe aw awlamagy amala aşyrýan awçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek we suwda ýüzýän guşlaryň rahatlygyna täsirini azaltmak maksady bilen, aw meýdanlarynda mehanizmleşdirilen ýüzüji (1 — 6 at güýjüne çenli bolan hereketlendirijili gaýyklar muňa degişli däldir), gulluk serişdelerinden başga serişdeleri ulanmaklyk;

3) göze görünmeýän ýa-da anyk görünmeýän nyşana, dürli seslere we şygyrdylara tarap ok atmak, jeňňelliklerde 2 metrden aşakdaky nyşana ok atmak, 50 metrden uzakda bolan guşlara hyrsyz ýaraglar bilen ok atmak, ok atýan ýaraglary serhoş ýagdaýda peýdalanmak.

26-njy madda. Aw önümleri we olary peýdalanmagyň tertibi

1. Höwesjeň aw awlamagyň barşynda ele salnan aw önümleri awçynyň eýeçiligi bolup durýar we şahsy ulanyşyna, aw toplamalaryny köpeltmek maksady bilen aw trofeýleri, gäpleri, sowgatlyklary (suwenirler) we çeper-amaly häsiýetli önümleri ýasamak üçin peýdalanylýar hem-de Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda degişli işe ygtyýarnamasy ýa-da rugsatnamasy bar bolan ýöriteleşdirilen söwda edaralaryna şertnamalaýyn bahalar boýunça ýerlemek üçin tabşyrylyp bilner.

2. Senagat maksatly aw awlamagyň önümleri bellenilen tertipde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, degişli işe ygtyýarnamasy ýa-da rugsatnamasy bar bolan ýöriteleşdirilen söwda edaralaryna hökmany tabşyrylmaga degişlidir.

3. Güzeran maksatly aw awlamagyň barşynda ele salnan aw önümleri awçynyň eýeçiligi bolup durýar hem-de şahsy zerurlyk üçin peýdalanylýar ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, degişli işe ygtyýarnamasy ýa-da rugsatnamasy bar bolan ýöriteleşdirilen söwda edaralaryna şertnamalaýyn bahalar boýunça ýerlemek üçin tabşyrylyp bilner.

4. Şikes ýetmegi, tebigy betbagtçylyklar, epizootiýalar ýa-da beýleki sebäpler netijesinde ölen aw obýektleri aw önümleri hasap edilmeýär we olaryň peýdalanylmagy gadagan edilýär. Awçy şular ýaly ýagdaýlara gabat gelende ygtyýarlandyrylan edara ýa-da Awçylar jemgyýetine habar bermäge borçludyr.

5. Aw trofeýleriniň Türkmenistana getirilmegi we onuň çäginden daşyna alnyp gidilmegi ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan berilýän rugsatnama we weterinariýa babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan berilýän degişli resminama esasynda amala aşyrylýar.

6. Degişli rugsatnamasyz we (ýa-da) ygtyýarnamasyz aw önümleriniň, şeýle hem ýabany, saýraýan we bezeg guşlarynyň söwdasy gadagan edilýär.

27-nji madda. Bikanun aw awlamagyň önümleri

1. Şular bikanun aw awlamagyň önümleri diýlip ykrar edilýär:

1) bikanun awlanylan ýabany haýwanlaryň sütükleri, derileri, eti we aw awlamagyň beýleki önümleri;

2) aw awlamagy gadagan edilen we (ýa-da) Türkmenistanyň çäginde aw awlamaga hukugy bolmadyk şahslar tarapyndan awlanylyp alnan ýabany haýwanlaryň sütükleri, derileri, eti we beýleki aw önümleri;

3) agzalyk şahsyýetnamasy, aw obýektini almak üçin möwsümleýin aw ýollanmasy we (ýa-da) awça berilýän bir gezeklik tölegli rugsatnamasy bolmadyk şahslar tarapyndan awlanylan aw önümleri.

2. Bikanun aw awlamagyň önümleriniň söwdasy gadagan edilýär.

28-nji madda. Bikanun awlanylan aw önümlerinipeýdalanmak

1. Bikanun awlanylan aw önümleri Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda we bellenilen tertipde elinden alynmaga we (ýa-da) muzdsuz alynmagyna degişlidir.

2. Bikanun awlanylan aw önümleri weterinar gözegçiligine degişlidir we ol iýmit hökmünde ulanylmagyna ýaramly bolan ýagdaýynda, degişli edaralara tölegsiz berlip bilner. Eger-de bikanun awlanylan aw önümleri iýmit hökmünde ulanylmagyna ýaramsyz bolan ýagdaýynda, ol degişli ykrarnamanyň esasynda ylmy we çeper-amaly maksatlar üçin tölegsiz berlip bilner.

Weterinariýa babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasynyň netijenamasy esasynda iýmit hökmünde ulanylmagyna we ylmy hem-de çeper-amaly maksatlar üçin ulanylmagyna ýaramsyz bikanun awlanylan aw önümleri degişli ykrarnama düzülenden soňra, bellenilen tertipde ýok edilmäge degişlidir.

3. Eger şu maddanyň ikinji bölegini ýerine ýetirmäge mümkinçilik bolmadyk ýagdaýynda bikanun awlanylan aw önümleri (Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen görnüşlerden başga hem-de aw obýektleriniň uly möçberde awlanylmagy muňa degişli däldir) düzgün bozulmany ýüze çykaran döwlet gözegçileri tarapyndan degişli teswirnamada beýan etmek bilen, haýwanat dünýäsine ýetirilen zyýan üçin hereket edýän nyrhnamanyň 50% pul möçberinde ýerinde düzgün bozuja peýdalanmak üçin ýerlenilip bilner.

4. Bikanun awlanylan aw önümlerini saklamak mümkinçiliginiň bolmadyk ýa-da olar zaýalanan ýagdaýynda ýerinde degişli ykrarnama düzülip, bellenilen tertipde ýok edilmäge degişlidir.

29-njy madda. Aw trofeýlerini taýýarlamagyň, gäpleri,sowgatlyklary, çeper-amaly önümleri ýasamagyň hem-de olary ýerlemegiň tertibi

1. Awçylara awlanylan aw obýektlerinden aw trofeýlerini taýýarlamaga, gäpleri, sowgatlyklary, çeper-amaly önümleri özbaşdak ýa-da degişli ygtyýarnamasy bolan ýöriteleşdirilen ussahanalaryň üsti bilen ýa-da şeýle işleri şahsy tertipde amala aşyrýan şahslara ýasamaga rugsat berilýär.

2. Öli ýagdaýda tapylan aw obýektlerinden aw trofeýlerini taýýarlamak, gäpleri, sowgatlyklary, çeper-amaly önümleri ýasamak diňe weterinariýa babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan oňyn netijenama çykarylandan soňra ýerine ýetirilip bilner.

3. Aw obýektlerinden aw trofeýlerini taýýarlamak, gäpleri, sowgatlyklary, çeper-amaly önümleri ýasamak isleýän şahslar bellenilen tertipde ygtyýarlandyrylan edaranyň degişli ýerli edaralary tarapyndan hasaba alynmalydyr.

Seýrek duş gelýän we ýitip gitmek howpy astynda duran görnüşlere degişli haýwanlardan aw trofeýlerini, gäpleri, sowgatlyklary, çeper-amaly önümleri ýasamaga ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan berlen ýörite rugsatnamalar esasynda ýol berilýär. Şol haýwanlaryň gäpleriniň söwdasyna ýol berilmeýär.

30-njy madda. Aw awlamagyň möhletlerini we aw meýdanlaryny bellemek

Aw awlamagyň möhletleri we aw meýdanlary ygtyýarlandyrylan edaranyň her ýylky çözgüdi bilen bellenilýär.

31-nji madda. Aw obýektlerini awlap almagyň möçberleri

Aw obýektlerini awlap almagyň möçberleri aw baýlyklaryna gözegçiligiň esasynda ygtyýarlandyrylan edaranyň her ýylky çözgüdi bilen bellenilýär.

VI BAP. AW HOJALYGY

32-nji madda. Aw hojalygynyň esasy wezipeleri

Aw hojalygynyň esasy wezipeleri şular bolup durýar:

1) aw baýlyklaryny gorap saklamak, dikeltmek we rejeli peýdalanmak;

2) haýwanat dünýäsiniň obýektleriniň sanyny artdyrmak;

3) ylmy taýdan esaslandyrylan aw hojalygyny ýöretmegiň ýörelgeleri esasynda aw baýlyklaryny we olaryň ýaşaýyş gurşawyny goramak;

4) höwesjeň, senagat we güzeran maksatly aw awlanylmagy üçin amatly şertleri döretmek;

5) adamlarda tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge, aw baýlyklaryndan rejeli peýdalanmaga bolan aň-düşünjäni terbiýelemek hem-de umumy aw medeniýetini kemala getirmek.

33-nji madda. Aw hojalygyny ýöretmegiň ýörelgeleri

Aw hojalyklaryny ýöredijiler şu ýörelgelere esaslanýarlar:

1) aw hojalyklarynda biologik dürlüligiň we ekologiýa ulgamlarynyň goralyp saklanylmagyny ileri tutmak;

2) aw baýlyklarynyň goralmagyny we durnukly peýdalanylmagyny olaryň awlanylyp alynmagyndan ileri tutmak;

3) aw baýlyklaryny durnukly peýdalanmak maksady bilen ylmy taýdan esaslandyrylan ekologiýa, ykdysady, ylmy, medeni we estetiki bähbitlerini utgaşdyrmak;

4) Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryny berjaý etmek we şahsy bähbitleri ýerden, tokaýdan, suwdan we beýleki tebigy serişdelerden peýdalanyjylaryň bähbitleri bilen utgaşdyrmak;

5) aw baýlyklaryny goramak we rejeli peýdalanmak meselelerini çözmekde jemgyýetçilik birleşikleri we ilat bilen ysnyşykly aragatnaşyklary üpjün etmek;

6) aw awlamagyň milli görnüşlerini ulanmak hem-de aw awlamagyň we aw hojalygyny ýöretmegiň umumy medeniýetini ýokarlandyrmak;

7) aw baýlyklaryny goramak, rejeli peýdalanmak we aw hojalygyny ýöretmek babatda halkara tejribäni ulanmak.

34-nji madda. Aw hojalygynyň maksady we ony ýöretmek hukugy

1. Aw hojalygy aw baýlyklaryny gaýtadan uýgunlaşdyrmak we göçürmek, aw obýektlerini tebigy erkin ýagdaýda ýa-da ýarym erkin ýaşaýyş gurşawynda gorap saklamak, köpeltmek, dikeltmek we olary durnukly peýdalanmak hem-de bu ugurda hyzmatlary etmek, şeýle hem aw önümlerini satyn almak, öndürmek we ýerlemek maksady bilen döredilýär.

2. Türkmenistanda aw hojalyklaryny ýöretmeklik aw hojalyklaryny ýöredijiler tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň aw hojalyklaryny ýöretmek hukuklary aw hojalyklaryny döretmek baradaky ygtyýarlandyrylan edaranyň teklibi boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi esasynda ýüze çykýar.

4. Aw hojalygyny ýöredijiler öz işlerini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda tassyklanylan Tertipnama esasynda amala aşyrýarlar.

35-nji madda. Aw hojalygyny ýöretmekligiňylalaşygy we şertnamasy

Aw hojalyklaryny ýöredijiler ygtyýarlandyrylan edara bilen aw hojalygyny ýöretmeklige ylalaşyk we degişli ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy bilen şertnama baglaşýarlar. Aw hojalygyny ýöretmekligiň ylalaşygy we şertnamasy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda düzülýär.

36-njy madda. Aw hojalygyny ýöretmeklik üçin ýer bölegini bermek

1. Aw hojalygyny ýöretmeklige ylalaşygy baglaşan Türkmenistanyň ýuridik şahslaryna aw hojalygyny ýöretmeklik üçin ýer bölekleri, tokaý ýerleri Türkmenistanyň ýer we tokaý kanunçylyklaryna laýyklykda döwlet eýeçiliginde durýan ýerlerden, suw obýektleri bolsa Türkmenistanyň suw kanunçylygyna laýyklykda berlip bilner.

2. Aw hojalygyny ýöretmek üçin ýer bölegini saýlap almak (ýer bölegi, tokaý ýerleri we (ýa-da) suw obýektleri), onuň möçberini kesgitlemek aw hojalygyny ýöretmek işiniň görnüşlerine baglylykda ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan amala aşyrylýar hem-de degişlilikde ýer böleklerini, tokaý ýerlerini we (ýa-da) suw obýektlerini bermek barada ol tarapyndan degişli ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasyna, degişli döwlet edaralaryna teklipler berilýär.

3. Aw hojalygyny ýöretmek üçin ygtyýarlandyrylan edaranyň teklibi bilen bölünip berlen ýer böleginiň düzüminde beýleki ýerden peýdalanyjylaryň (Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda dürli ýer toparlaryndan peýdalanyjylar) ýer bölekleri hem bolup bilerler.

4. Aw hojalyklaryny ýöredijiler özleriniň işlerini bir wagtda beýleki ýerden peýdalanyjylar bilen özara ylalaşykda amala aşyrýarlar. Aw hojalygynyň düzümine girýän ýer böleklerindе beýleki ýerden peýdalanyjylaryň aw hojalygyny ýöretmeklige hukuklary ýokdur, olara aw baýlyklaryndan peýdalanmaklyga umumy esaslarda hukuk berilýär.

37-nji madda. Aw hojalygyny döretmek

Aw hojalygy Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde, şu guramaçylyk-hukuk görnüşlerinde döredilip bilner:

1) döwlet kärhanasy;

2) hususy kärhana;

3) jemgyýetçilik guramasynyň kärhanasy;

4) hojalyk jemgyýeti;

5) paýdarlar jemgyýeti.

38-nji madda. Aw hojalygyny ýöretmek hukugynyň ýatyrylmagy

1. Aw hojalygyny ýöretmek hukugy şu ýagdaýlarda ýatyrylýar:

1) aw hojalyklaryny ýöredijiler aw hojalyklaryny ýöretmekden meýletin ýüz dönderenlerinde;

2) aw hojalygyny ýöretmegiň şertnamasynda bellenilen möhlet tamamlananda;

3) aw hojalygyny ýöretmek hukugy berlen ýuridik şahsyň işi bes edilende;

4) aw hojalygyny ýörediji tarapyndan aw hojalygyny ýöretmek hakyndaky ylalaşygynyň şertleriniň bozulmagy, aw hojalygyny ýöretmegiň talaplarynyň we ölçegleriniň berjaý edilmezligi netijesinde, aw baýlyklarynyň azalmagyna getirende;

5) aw hojalygyny ýöretmeklik üçin berlen ýer bölekleri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi esasynda döwlet we jemgyýetçilik zerurlyklary üçin yzyna alnanda.

2. Aw hojalygyny ýöretmek hukugynyň ýatyrylmagy olaryň dörediliş tertibinde amala aşyrylýar.

39-njy madda. Aw hojalyklaryny ýöredijileriň hukuklary we borçlary

1. Aw hojalyklaryny ýöredijileriň şulara hukuklary bardyr:

1) aw infrastrukturasyny döretmäge, şol sanda awçylar üçin öýleri we toplumlary, aw obýektlerini dikeltmek üçin malhanalary gurmaga, kommunikasiýalary geçirmäge;

2) awçylar üçin aw awlamagyň dürli görnüşlerini guramaga we geçirmäge;

3) aw önümlerini öndürmäge we ýerlemäge;

4) rugsat berlen aw baýlyklaryndan peýdalanmaga.

2. Aw hojalyklaryny ýöredijiler özleriniň aw hojalyklarynda şulary ýerine ýetirmäge borçludyrlar:

1) aw hojalygyny ýöretmegiň düzgünlerini we kadalaryny berjaý etmäge;

2) aw hojalygynyň çäklerinde aw obýektleriniň we olaryň ýaşaýyş gurşawynyň ýagdaýynyň yzygiderli gözegçiligini alyp barmaga;

3) gyzyklanýan taraplara degişli maglumatlary bermäge;

4) biotehniki we ýangyna garşy göreş çärelerini geçirmäge;

5) aw awlamagyň möwsüminde awçylaryň we beýleki şahslaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge;

6) ekologik hyzmatlary etmäge;

7) özleriniň aw hojalyklarynda araçäkleri belgilemäge;

8) aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryny berjaý etmäge;

9) gyzyklanýan şahslaryň arasynda wagyz-nesihat we düşündiriş işlerini geçirmäge;

10) olaryň işlerini gözegçilikde saklaýan ygtyýarlandyrylan we beýleki degişli döwlet edaralarynyň wezipeli adamlaryny aw hojalygynyň çägine päsgelçiliksiz goýbermäge;

11) aw awlanylýan mahalynda haýwanlara rehimsiz çemeleşilmeginiň öňüni almaga;

12) özleriniň günäsi bilen aw baýlyklaryna ýetirilen zyýanyň öwezini dolmaga;

13) aw hojalygynyň ähli çäginde deň derejede, yzygiderli goragy üpjün etmäge;

14) aw baýlyklarynda keseller ýa-da köpçülikleýin gyrylmalar ýüze çykan ýagdaýynda haýal etmän degişli döwlet edaralaryny habarly etmäge;

15) tebigy betbagtçylykly we beýleki adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykan halatynda özleriniň aw hojalyklarynda haýwanat dünýäsiniň obýektlerine gyssagly kömekleri bermäge;

16) ygtyýarlandyrylan edara we statistika babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasyna bellenilen tertipde hem-de görnüşde hasabatlary bermäge.

3. Aw hojalyklaryny ýöredijiler aw baýlyklaryny we aw hojalyklaryny gorap saklamak üçin jogapkärçilik çekýärler.

4. Aw hojalyklaryny ýöredijiler tebigy betbagtçylyklaryň we beýleki adatdan daşary ýagdaýlaryň netijesinde özleriniň aw hojalyklarynyň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyna jogapkärçilik çekmeýärler.

VII BAP. AW AWLAMAK WE AW BAÝLYKLARYNY GORAMAK HAKYNDA TÜRKMENISTANYŇ KANUNÇYLYGYNYŇ BERJAÝ EDILIŞINE GÖZEGÇILIK

40-njy madda. Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramakhakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine döwlet gözegçiligi

1. Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine döwlet gözegçiligi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, ygtyýarlandyrylan edara, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, Geňeşler we beýleki degişli ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmaga gatnaşmak üçin beýleki degişli döwlet edaralarynyň, şeýle hem jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri, meýletin awçylar çekilip bilner.

41-nji madda. Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramakhakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine pudaklaýyn gözegçilik

1. Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine pudaklaýyn gözegçilik Awçylar jemgyýeti, özlerine berkidilen aw meýdanlarynda we aw hojalyklarynda aw meýdanlaryndan peýdalanyjylar hem-de aw hojalyklaryny ýöredijiler tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Awçylar jemgyýeti, aw meýdanlaryndan peýdalanyjylar hem-de aw hojalyklaryny ýöredijiler aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyny, ygtyýarlandyrylan edaranyň we beýleki ygtyýarly döwlet edaralarynyň bu babatda çözgütlerini goldanmaga borçludyrlar.

42-nji madda. Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramakhakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine jemgyýetçilik gözegçiligi

Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine jemgyýetçilik gözegçiligi raýatlar hem-de jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna we jemgyýetçilik birleşikleriniň tertipnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

43-nji madda. Döwlet gözegçileriniň hukuklary

1. Döwlet gözegçileriniň şulara hukuklary bardyr:

1) aw awlamak ýa-da aw awlamak bilen baglanyşykly hereketleri amala aşyrýan şahslaryň aw awlamak hukugyna güwä geçýän resminamalaryny barlamaga;

2) aw awlamak ýa-da aw awlamak bilen baglanyşykly hereketleri amala aşyrýan şahslaryň özlerini we olaryň goşlaryny gözden geçirmäge, awçylaryň suwda ýüzýän we ýerüsti ulag serişdelerini gözden geçirmek üçin saklamaga, ýaraglaryny, beýleki aw gurallaryny we aw önümlerini, şol sanda olaryň daşalýan mahalynda, saklanylýan, gaýtadan işlenilýän we ýerlenilýän ýerlerini gözden geçirmäge;

3) düzgün bozujylaryň aw awlamak hukugyny berýän resminamalaryny, ýaragyny we ok-därilerini, beýleki aw gurallaryny ýa-da düzgün bozulmanyň gurallary bolan zatlaryny, bikanun ele salnan aw önümlerini, suwda ýüzýän we ýerüsti ulag serişdelerini, şeýle hem beýleki degişli resminamalaryny elinden almaga we bellenilen tertipde resmileşdirmäge;

4) aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyny bozujylary saklamaga, edilen administratiw hukuk bozulmalar barada teswirnamalary düzmäge hem-de olary eden düzgün bozujylar hakynda hukuk goraýjy edaralara habar bermäge;

5) administratiw hukuk bozulmalary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, öz ygtyýarlygynyň çäginde administratiw hukuk bozulmalar hakynda işlere garamaga hem-de administratiw temmileri ulanmaga;

6) aw baýlyklaryna ýetirilen zyýanyň möçberlerini kesgitlemäge we munuň esasynda bu zyýanyň öwezini meýletin dolmak hakynda günäkär adamlara talaplary bildirmäge ýa-da bu barada kazyýete hak isleýiş bilen ýüz tutmaga;

7) aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmalary ýüze çykarylan halatlarynda degişli çäreleri görmek üçin ykrarnamalary düzmäge we resminamalary degişli ygtyýarly edaralara ibermäge;

8) ýuridik we fiziki şahslaryň aw baýlyklaryndan we aw obýektlerinden peýdalanmaga hukuk berýän resminamalaryny barlamaga;

9) aw hojalyklaryny ýöredijileriň aw hojalyklaryny ýöretmeklige hukuk berýän resminamalaryny barlamaga;

10) tassyklanylan tapawutlandyryş nyşanlary bolan birmeňzeş nusgadaky ýörite lybasy geýmäge;

11) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik ýörite enjamlary (jürlewük, ala taýak, ses gataldyjy tehniki serişdesini, aragatnaşyk serişdeleri, ulag serişdelerinde tapawutlandyryjy yşyk we beýlekileri) ulanmaga.

2. Döwlet gözegçilerine Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde gulluk ýaragyny saklamaga, götermäge we ulanmaga rugsat berilýär.

Döwlet gözegçileriniň gulluk ýaragyny we (ýa-da) şahsy aw ýaragyny saklamagyň, götermegiň we ulanmagyň düzgüni Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenýär.

3. Ygtyýarlandyrylan edaranyň aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak babatda kadalary we gollanmalary ähli ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan hökmany ýerine ýetirilmäge degişlidir.

44-nji madda. Döwlet gözegçileriniň hökmany ätiýaçlandyrylmasy

1. Döwlet gözegçileriniň hökmany ätiýaçlandyrylma degişlileriniň Sanawy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar we olarа şikes ýeten ýa-da olar wepat bolan halatynda bellenilen tertipde zyýanyň öweziniň dolunmagyna hukuklary bardyr.

2. Hökmany ätiýaçlandyrylmanyň görnüşleri, şertleri we ony geçirmegiň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.

VIII BAP. AW BAÝLYKLARYNYŇ DÖWLET KADASTRY. DÖWLET AW REÝESTRI WE AW BAÝLYKLARYNA GÖZEGÇILIK

45-nji madda. Aw baýlyklarynyň döwlet kadastry

1. Aw baýlyklarynyň döwlet kadastry maglumatlaryň ulgamlaşdyrylan jemi bolup, özünde aw baýlyklarynyň görnüşleriniň geografik ýaýraýşyny, mukdar we hil häsiýetnamalaryny, olary peýdalanmak barada maglumatlary, şeýle hem olaryň goragyny we durnukly peýdalanylmagyny üpjün etmek üçin gerek bolan beýleki maglumatlary jemleýär.

2. Aw baýlyklarynyň döwlet kadastry aw baýlyklaryna gözegçiligiň we aw meýdanlaryndan peýdalanyjylaryň berýän maglumatlarynyň esasynda ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan alnyp barylýar.

46-njy madda. Döwlet aw reýestri

1. Döwlet aw reýestri özünde aw baýlyklary, aw meýdanlary, aw hojalyklary, şeýle hem aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak babatda işi amala aşyrýan ýuridik şahslar barada maglumatlary saklaýan resminama bolup durýar.

2. Döwlet aw reýestri aw baýlyklarynyň hil, mukdar, ekologik we jemgyýetçilik-ykdysady häsiýetnamalary esasynda ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan alnyp barylýar.

47-nji madda. Aw baýlyklaryna gözegçilik

1. Aw baýlyklaryna gözegçilik aw baýlyklarynyň ýagdaýynyň we aw obýektleriniň ýaşaýyş gurşawlarynyň üýtgemelerini öz wagtynda ýüze çykarmak, olara baha bermek, şeýle hem ýaramaz hadysalaryň we olaryň zyýanly netijeleriniň öňüni almak hem-de aradan aýyrmak maksady bilen geçirilýän gözegçilik ulgamyny amala aşyrmak boýunça işler bolup durýar.

2. Aw baýlyklaryna gözegçiligiň gurluşy, mazmuny we ony amala aşyrmagyň tertibi ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan bellenilýär.

3. Aw meýdanlarynda aw baýlyklaryna gözegçilik, onuň seljermesi we baha berlişi ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan amala aşyrylýar.

4. Aw obýektleriniň we olaryň ýaşaýyş gurşawynyň ýagdaýyna gözegçilik aw hojalyklarynda aw hojalygyny ýöredijiler, aw meýdanlarynda bolsa olardan peýdalanyjylar tarapyndan amala aşyrylýar.

IX BAP. AW AWLAMAK WE AW BAÝLYKLARYNY GORAMAK BABATDA YKDYSADY TAÝDAN DÜZGÜNLEŞDIRME

48-nji madda. Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak babatda ykdysady taýdandüzgünleşdirmegiň wezipeleri

Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak babatda ykdysady taýdan düzgünleşdirmegiň wezipeleri şular bolup durýar:

1) aw baýlyklaryny goramak, dikeltmek we durnukly peýdalanmak üçin ykdysady esasy döretmek;

2) aw baýlyklaryndan peýdalanmak üçin tölegleriň ulgamyny emele getirmek we ony ulanmak;

3) aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak babatda döwlet bähbitlerini goramak üçin ykdysady goragy üpjün etmek.

49-njy madda. Aw awlamagy we aw baýlyklaryny goramagy ykdysady taýdandüzgünleşdirmek

Aw awlamagy we aw baýlyklaryny goramagy ykdysady taýdan düzgünleşdirmek şulary göz önünde tutýar:

1) aw baýlyklaryny hasaba almagy we olara baha bermegi;

2) aw baýlyklaryny awlap almagyň çäklerini, olardan peýdalanmak üçin tölegleriň möçberlerini bellemegi;

3) aw baýlyklaryna, olaryň ýaşaýyş gurşawyna ýetirilen zyýanyň bellenilen tertipde öweziniň dolunmagyny;

4) aw baýlyklaryny goramak we dikeltmek boýunça çäreleriň Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hem-de Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirilmegini;

5) ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak hakyndaky talap arzalar hem-de aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulandygy üçin jerimeler boýunça alynýan serişdeleriň, şeýle hem muzdsuz alnan aw gurallaryny we olaryň kömegi bilen bikanun ele salnan aw önümlerini ýerlemekden alnan serişdeleriň maksatlaýyn peýdalanylmagyny;

6) ýuridik we fiziki şahslaryň, şeýle hem degişli gaznalaryň meýletin gatançlaryny.

50-nji madda. Aw baýlyklaryndan 

 peýdalanmak üçin tölegler

1. Ýuridik we fiziki şahslar aw baýlyklaryndan peýdalanmak üçin tölegleri ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan bellenilen tertibe laýyklykda amala aşyrmalydyrlar.

2. Aw baýlyklaryndan peýdalanmak üçin tölegleriň tölenilmegi, aw meýdanlaryndan peýdalanyjylary daşky gurşawy we biologik dürlüligi gorap saklamak boýunça çäreleri ýerine ýetirmekden, şeýle hem olara ýetirilen zyýanyň öwezini dolmakdan boşatmaýar.

51-nji madda. Ygtyýarlandyrylan edaranyň ýörite serişdelerini emele getirmek we peýdalanmak

1. Ygtyýarlandyrylan edara Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertipde ýörite (býujetden daşary) serişdeleri döredýär we olary maksatlaýyn niýetlenişi boýunça ulanýar.

2. Ýörite serişdeler şulardan emele gelýär:

1) aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulandygy netijesinde ýetirilen zyýan üçin talap arzalar boýunça alnan serişdelerden;

2) ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan tölegli esasda berilýän rugsatnamalardan alnan serişdelerden;

3) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen gadagan edilmedik beýleki çeşmelerden.

3. Ýörite serişdeler ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan şu maksatlar üçin ulanylýar:

1) aw baýlyklaryny goramak üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak;

2) aw baýlyklaryny durnukly peýdalanmaga gönükdirilen çäreleri geçirmek;

3) aw meýdanlarynda, aýratyn goralýan tebigy ýerlerde gözegçiligi we biologik dürlüligi dikeltmek maksady bilen çäreleri geçirmek;

4) aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyny bozujylaryny ýüze çykarmaga we saklamaga gatnaşan şahslary sylaglamak;

5) aw baýlyklaryny we olaryň ýaşaýyş gurşawyny goramak boýunça wagyz-nesihat işlerini geçirmek;

6) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen gadagan edilmedik beýleki maksatlar.

4. Ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagynyň netijesinde ýetirilen zyýan üçin bildirilen talaplar boýunça gelip gowşan serişdäniň 50% möçberinden sylag gaznasy döredilip bilner.

5. Sylag gaznasynyň serişdeleri şulara harçlanýar:

1) aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmalaryny ýüze çykaran we ýüze çykarmaga gös-göni gatnaşan ygtyýarlandyrylan edaranyň wekillerini sylaglamaga;

2) ygtyýarlandyrylan edaranyň aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak babatda gözegçiligi amala aşyrýan toparyň ýolbaşçysynyň hödürlemegi boýunça, aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmalaryny ýüze çykarmaga gös-göni gatnaşan hukuk goraýjy edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriň wekillerini, çekilen meýletin awçylary sylaglamaga.

X BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

52-nji madda. Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda Türkmenistanyňkanunçylygynyň bozulandygy üçinjogapkärçilik

1. Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmalaryna şular degişlidir:

1) aw baýlyklaryndan we aw önümlerinden bikanun peýdalanmak;

2) aw awlamagyň we haýwanlaryň ýaşaýan gurşawyny hem-de olaryň göçýän ýollaryny goramak kadalaryny bozmak;

3) aw baýlyklaryny, olaryň önümlerini, şeýle hem zoologiýa toplamalaryny Türkmenistanyň çägine getirmegiň we onuň çäginden daşyna alyp gitmegiň bellenilen tertibini bozmak;

4) aw baýlyklaryny zoologiýa toplamalary we beýleki maksatlar üçin özbaşdak göçürmek, başga ýerlere uýgunlaşdyrmak we olary bolýan tebigy gurşawyndan aýyrmak;

5) ygtyýarlandyrylan edaranyň wekilleriniň we Awçylar jemgyýetiniň gorag gözegçileriniň kanuny talaplaryna boýun bolmazlyk;

6) aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň beýleki bozulmalary.

2. Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagynda günäkär ýuridik we fiziki şahslar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige çekilýärler.

53-nji madda. Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda Türkmenistanyňkanunçylygynyň bozulmagy netijesinde ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak

1. Ýuridik we fiziki şahslar aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy netijesinde ýetiren zyýanlarynyň öwezini dolmaga borçludyrlar.

2. Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy netijesinde ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

54-nji madda. Bikanun aw awlamagyň gurallaryny almak

Bikanun aw awlamagyň gurallary, bikanun aw awlamakda ulanylan ulag serişdeleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde muzdsuz ýa tölegli alnyp ýa-da alynman bilner.

55-nji madda. Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak babatda jedelleri çözmek

Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak babatda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde çözülýär.

56-njy madda. Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak babatda halkara hyzmatdaşlyk

Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak babatda halkara hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara şertnamalara laýyklykda amala aşyrylýar.

57-nji madda. Şu Kanunyň herekete girmegi

1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

2. Şulary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:

1998-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda kabul edilen «Aw awlamak we aw hojalygyny ýöretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1998 ý., № 3, 53-nji madda);

2009-njy ýylyň 18-nji aprelinde kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek we güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 33-nji madda) XXIX bölegini.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 18-nji dekabry.