Ï Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

view-icon 7653

I. 2015-nji ýylyň 18-nji awgustynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 3, 94-nji madda; 2017 ý., № 1, 28-nji madda; № 4, 142-nji madda; 2018 ý. № 4, 109-njy madda; 2020 ý., № 4, 80-nji madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

1) 9-njy maddanyň birinji böleginde, 16-njy maddanyň birinji böleginiň 3-nji bendinde, 116-njy maddanyň 1-nji bendinde, 130-njy maddanyň adynda, birinji we üçünji böleklerinde, 217-nji maddanyň üçünji böleginde, 268-nji maddanyň ikinji böleginiň 10-njy bendinde «Döwlet dolandyryş» we «döwlet dolandyryş» diýen sözleri degişlilikde «Ýerine ýetiriji häkimiýetiň» we «ýerine ýetiriji häkimiýetiň» diýen sözlere çalşyrmaly;

2) 43-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:

«431-nji madda. Administratiw kazyýet önümçiliginiň kadalary boýunça işe seretmäge geçmek

1. Biri raýat kazyýet önümçiligi, beýlekileri bolsa administratiw kazyýet önümçiligi tertibinde seredilmäge degişli bolan öz arasynda baglanyşykly birnäçe talaplary öz içine alýan arza bilen kazyýete ýüz tutulanda, eger talaplary bölmek mümkin bolmasa, onda iş raýat kazyýet önümçiligi tertibinde seredilmäge degişlidir.

2. Biri raýat kazyýet önümçiligi, beýlekileri bolsa administratiw kazyýet önümçiligi tertibinde seredilmäge degişli bolan birnäçe talaplary öz içine alýan arza bilen kazyýete ýüz tutulanda, eger talaplary bölmek mümkin bolsa, kazy raýat kazyýet önümçiligi tertibinde seredilmäge degişli talaplary (hak isleýiş arzasyny) kabul etmek hakynda kesgitnama çykarýar.

Eger kazyýete administratiw kazyýet önümçiligi tertibinde seredilmäge degişli bolan beýleki bildirilen talaplar şol kazyýetde seredilmäge degişli bolsa, onda kazy tarapyndan tassyklanylan hak isleýiş arzasynyň we oňa goşulan degişli resminamalaryň nusgalary esasynda, Türkmenistanyň administratiw kazyýet önümçiligi hakyndaky kanunçylygyna laýyklykda, kazy hak isleýiş arzasyny kazyýetiň önümçiligine kabul etmek hakynda kesgitnama çykarýar.

Eger kazyýete administratiw kazyýet önümçiligi tertibinde seredilmäge degişli bolan beýleki bildirilen talaplar şol kazyýetde seredilmäge degişli bolmasa, onda kazy şu Kodeksiň 153-nji maddasynyň birinji böleginiň 6-njy bendine we ikinji bölegine laýyklykda hak isleýiş arzasyny kabul etmekden ýüz döndermek hakynda kesgitnama çykarýar.»;

3) 80-nji maddanyň birinji böleginde:

8-nji bentde «döwlet dolandyryş» diýen sözleri «ýerine ýetiriji häkimiýetiň» diýen sözlere çalşyrmaly;

10-njy bentde «döwlet dolandyryş edaralary» diýen sözleri «ýerine ýetiriji häkimiýetiň» diýen sözlere çalşyrmaly, «, döwlet dolandyryş edaralarynyň ýa-da wezipeli adamlaryň raýatlaryň hukuklaryny kemsidýän bikanun hereketleri baradaky şikaýatlar boýunça işler muňa girmeýär» diýen sözleri aýyrmaly;

4) 84-nji maddada:

birinji bölekde «, raýatlaryň hukuklaryny kemsidýän döwlet dolandyryş edaralarynyň ýa-da wezipeli adamlaryň bikanun hereketlerine şikaýatlar boýunça gozgalan işler boýunça şikaýat» diýen sözleri aýyrmaly;

üçünji bölekde «we raýatlaryň hukuklaryny kemsidýän döwlet dolandyryş edaralarynyň ýa-da wezipeli adamlaryň bikanun hereketlerine şikaýatlar boýunça gozgalan işler boýunça şikaýatlar» diýen sözleri aýyrmaly;

5) 98-nji maddany, 272-nji maddanyň 2-nji bendini, 274-nji maddanyň ikinji bölegini, 276-njy maddany we 26-njy baby güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli;

6) 129-njy maddanyň üçünji böleginde «25-26-njy» diýen sanlary «25-nji» diýen sana çalşyrmaly;

7) 135-nji maddanyň birinji böleginiň 4-nji bendinde «Mejlisiniň deputatlary, ýerli wekilçilikli häkimiýet edaralarynyň» diýen sözleri «Milli Geňeşiniň agzalary we deputatlary, döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

8) 198-nji maddanyň birinji böleginde «döwlet dolandyryşynyň ygtyýarly edaralary» diýen sözleri «ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralarynyň ygtyýarly adamlary» diýen sözlere çalşyrmaly;

9) 392-nji maddada:

üçünji bölegiň birinji tesimini şu görnüşde beýan etmeli:

«3. Işi talap etmek ýa-da işi talap etmekden ýüz döndermek hakynda kazyýetiň kesgitnamasynda deliller beýan edilýär. Işi talap etmekden ýüz döndermek hakynda kazyýetiň kesgitnamasy gözegçilik şikaýatyny beren adama ýa-da teklipnama getiren prokurora iberilýär. Işi talap etmek ýa-da işi talap etmekden ýüz döndermek hakynda kazyýetiň kesgitnamasynda şu aşakdakylar görkezilmelidir:»;

üçünji bölegiň 5-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:

«5) işi talap etmek ýa-da işi talap etmekden ýüz döndermek üçin esas.»;

10) 393-nji maddanyň ikinji böleginden soň şu mazmunly bölegi goşmaly:

«21. Gözegçilik basgançakly kazyýetde düýp manysy boýunça seretmek üçin işi bermekden ýüz döndermek hakynda ýa-da gözegçilik şikaýatyna ýa-da prokuroryň teklipnamasyna gözegçilik basgançakly kazyýetde düýp manysy boýunça seretmek üçin işi bermek hakynda kazyýetiň kesgitnamasynda deliller beýan edilýär. Gözegçilik basgançakly kazyýetde düýp manysy boýunça seretmek üçin işi bermekden ýüz döndermek hakynda kazyýetiň kesgitnamasy gözegçilik şikaýatyny beren adama ýa-da teklipnama getiren prokurora iberilýär. Gözegçilik basgançakly kazyýetde düýp manysy boýunça seretmek üçin işi bermekden ýüz döndermek hakynda ýa-da gözegçilik şikaýatyna ýa-da prokuroryň teklipnamasyna gözegçilik basgançakly kazyýetde düýp manysy boýunça seretmek üçin işi bermek hakynda kazyýetiň kesgitnamasynda şu aşakdakylar görkezilmelidir:

1) kesgitnamany çykaran kazynyň familiýasy we adynyň hem-de atasynyň adynyň baş harplary;

2) kesgitnamanyň çykarylan wagty we ýeri;

3) kesgitnama çykarylan iş;

4) şikaýaty ýa-da teklipnamany beren adamyň ady;

5) gözegçilik basgançakly kazyýetde düýp manysy boýunça seretmek üçin işi bermekden ýüz döndermek ýa-da gözegçilik şikaýatyna ýa-da prokuroryň teklipnamasyna gözegçilik basgançakly kazyýetde düýp manysy boýunça seretmäge işi bermek üçin esas.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 18-nji dekabry.