Ï Türkmenistanyň Kanuny «Ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Kanuny «Ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

view-icon 13999

I. 2012-nji ýylyň 31-nji martyndaky «Ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 40-njy madda; 2014 ý., № 2, 84-nji madda, № 4, 148-nji madda; 2015 ý., № 3, 110-njy madda; 2017 ý., № 1, 35-nji madda, № 4, 147-nji we 168-nji maddalar) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

1) 1-nji maddada:

2-nji bentde «pul serişdelerini çekýän,» diýen sözlerden soň «şeýle hem öz serişdesini ulanýan,» diýen sözleri goşmaly;

3-nji bentde «ýa-da» diýen sözi «we (ýa-da)» diýen sözlere çalşyrmaly;

2) 4-nji maddanyň 1-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:

«1) köp öýli ýaşaýyş jaýlarynda ýerleşýän öýler we ýaşaýyş jaý toplumyna girýän bir öýli ýaşaýyş jaýlar (mundan beýläk — öý);»;

3) 5-nji maddanyň mazmunynda «şeýle hem gurluşyk babatda ygtyýarlyk berlen edara (mundan beýläk — ygtyýarlyk berlen edara) we çäklerinde» diýen sözleri «gurluşyk we binagärlik babatda ygtyýarly döwlet edarasy (mundan beýläk — ygtyýarly edara) we çäginde» diýen sözlere çalşyrmaly;

4) 6-njy maddada:

2-nji bendi güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli;

6-njy bendi şu görnüşde beýan etmeli:

«6) paýly gurluşyk babatda Türkmenistanyň kanunçylygynda onuň ygtyýarlylygyna degişli edilen gaýry wezipeleri amala aşyrýar.»;

5) 7-nji maddada:

adynda we birinji tesimde «Ygtyýarlyk berlen» diýen sözleri «Ygtyýarly» diýen söze çalşyrmaly;

10-njy bendi şu görnüşde beýan etmeli:

«10) paýly gurluşyk babatda Türkmenistanyň kanunçylygynda onuň ygtyýarlylygyna degişli edilen gaýry wezipeleri amala aşyrýar.»;

6) 8-nji maddanyň 4-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:

«4) paýly gurluşyk babatda Türkmenistanyň kanunçylygynda olaryň ygtyýarlylygyna degişli edilen gaýry wezipeleri amala aşyrýarlar.»;

7) 10-njy maddada:

birinji bölekde:

birinji tesimde «ygtyýarlyk berlen» diýen sözleri «ygtyýarly» diýen söze çalşyrmaly;

1-nji bentde «ýaşaýyş jaýynyň» diýen sözlerden soň «we (ýa-da) gozgalmaýan emläge degişli başga obýektiň» diýen sözleri goşmaly;

3-nji bendiň ikinji sözleminde «ýaşaýyş jaýynyň» diýen sözlerden soň «we (ýa-da) gozgalmaýan emläge degişli başga obýektiň» diýen sözleri goşmaly we «ygtyýarlyk berlen» diýen sözleri «ygtyýarly» diýen söze çalşyrmaly;

5-nji bentde «edaralarynyň» diýen sözi «edarasynyň» diýen söze çalşyrmaly;

soňky tesimde «Ygtyýarlyk berlen» diýen sözleri «Ygtyýarly» diýen söze çalşyrmaly;

ikinji we üçünji böleklerde «Ygtyýarlyk berlen» we «ygtyýarlyk berlen» diýen sözleri degişlilikde «Ygtyýarly» we «ygtyýarly» diýen sözlere çalşyrmaly;

8) 13-nji maddanyň birinji böleginde:

1-nji bentde «ýa-da» diýen sözi «we (ýa-da)» diýen sözlere çalşyrmaly;

2-nji bentde «ulanylmaga berilmeginiň möhletleri» diýen sözleri «gurluşygynyň başlanylmagynyň we ulanylmaga berilmeginiň senesi» diýen sözlere çalşyrmaly;

9) 14-nji maddada:

adynda «kepillendiriş» we «bellige» diýen sözleri degişlilikde «notarial» we «hasaba» diýen sözlere çalşyrmaly;

birinji bölekde «gol çekilen gününden» we «çaprazlyklary aýyrmak üçin» diýen sözlerden soň degişlilikde «başlap» we «, bu kemçilikleri görkezmek bilen, ýazmaça görnüşinde» diýen sözleri goşmaly hem-de «ygtyýarlyk berlen» we «Ygtyýarlyk berlen» diýen sözleri degişlilikde «ygtyýarly» we «Ygtyýarly» diýen sözlere çalşyrmaly;

ikinji bölekde «ygtyýarlyk berlen» diýen sözleri «ygtyýarly» diýen söze çalşyrmaly we «belgisi bolan» diýen sözleri aýyrmaly;

üçünji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:

«3. «Seredildi» diýlen möhürçe goýlan paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy, oňa goşulýan goşmaça ylalaşyk notarial taýdan tassyklanylmaga degişlidir.»;

dördünji we bäşinji böleklerde «kepillendiriş», «bellige alynmaklary» we «ygtyýarlyk berlen» diýen sözleri degişlilikde «notarial», «hasaba almak» we «ygtyýarly» diýen sözlere çalşyrmaly;

altynjy bölegi şu görnüşde beýan etmeli:

«6. Ygtyýarly edara paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasyny, oňa goşulýan goşmaça ylalaşygy hasaba almagy gurujy tarapyndan ol berlenden soň on iş gününiň dowamynda amala aşyrýar we paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynyň, oňa goşulýan goşmaça ylalaşygyň her bir nusgalygyna «Hasaba alyndy» diýlen möhürçäni goýup, üç nusgalygyny guruja gol çekdirip, tabşyrýar.

Paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynyň we (ýa-da) oňa goşulýan goşmaça ylalaşygyň hasaba alynmagy ygtyýarly edara tarapyndan bellenilen töleg esasynda amala aşyrylýar. Şunda tölegiň möçberi, eger paýly gurluşygyň obýekti öý bolup durýan bolsa, onda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary hasaplamak üçin binýatlyk mukdarynyň bir essesinden, beýleki obýektler üçin bolsa, on bäş essesinden ýokary bellenilip bilinmez.»;

şu mazmunly bölegi goşmaly:

«7. Ygtyýarly edarada paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasyny hasaba goýmazdan, paýly gurluşygyň obýektini gurmak üçin paýçylaryň pul serişdeleriniň çekilmegi ýa-da şu maddanyň birinji we bäşinji böleklerinde göz öňünde tutulan hasaba goýmagyň möhletleriniň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.»;

10) 15-nji maddada:

üçünji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:

«3. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, şertnamanyň bahasy taraplaryň ylalaşmagy arkaly ol baglaşylandan soň hem gurujy tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertipde esaslandyrylan halatynda üýtgedilip bilner, şunda paýly gurluşygyň obýekti bolan öýüň bahasynyň ýokarlanmagy, onuň paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasyndaky ilkibaşdaky bahasynyň 10 göteriminden ýokary bolmagyna ýol berilmeýär.»;

dördünji bölekde we ýedinji bölegiň soňky tesiminde «ygtyýarlyk berlen» diýen sözleri «ygtyýarly» diýen söze çalşyrmaly;

11) 20-nji maddanyň ýedinji böleginde, 21-nji maddanyň üçünji böleginde, 22-nji maddanyň birinji böleginde, 24-nji maddanyň ikinji böleginiň 4-nji bendinde we dördünji böleginde, 27-nji maddanyň ikinji böleginiň 2-nji bendinde we 291-njy maddanyň mazmunynda «ygtyýarlyk berlen», «bir ýyldan», «obýektiniň düzümine girýän» we «degişlidirler» diýen sözleri degişlilikde «ygtyýarly», «iki ýyldan», «obýekti düzümine girýän» we «degişlidir» diýen sözlere çalşyrmaly;

12) 25-nji maddanyň ikinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«2. Paýçynyň paýly gurluşygyň obýektine bolan eýeçilik hukugy paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynyň, ýaşaýyş jaýynyň we (ýa-da) gozgalmaýan emläge degişli başga obýektiň ulanylmaga berilmegine rugsadyň göçürme nusgasynyň we gurujy bilen paýçynyň gol çeken paýly gurluşygyň obýektiniň kabul ediş-tabşyryş ykrarhatynyň esasynda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň degişli ýerli edaralary tarapyndan döwlet belligine alynýar.

Paýly gurluşygyň obýektine bolan eýeçilik hukugynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin şu bölegiň birinji tesiminde göz öňünde tutulan resminamalardan başga, goşmaça resminamalaryň paýçydan talap edilmegine ýol berilmeýär.»;

13) 26-njy maddada:

birinji bölegiň 6-njy bendinde «ýaşaýyş jaýynyň» diýen sözlerden soň «we (ýa-da) gozgalmaýan emläge degişli başga obýektiň» diýen sözleri goşmaly;

ikinji bölegiň 2-nji bendinde «ýaşaýyş jaýynyň we (ýa-da) gozgalmaýan emläge degişli başga obýektiň» diýen sözleri «paýly gurluşygyň obýektiniň» diýen sözlere çalşyrmaly;

14) 28-nji maddanyň üçünji bölegini aýyrmaly;

15) 28-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:

«281-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 18-nji dekabry.