Ï Türkmenistanyň Kanuny «Maglumat we ony goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme we goşmaçalar girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Kanuny «Maglumat we ony goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme we goşmaçalar girizmek hakynda

view-icon 10338

I. 2014-nji ýylyň 3-nji maýyndaky «Maglumat we ony goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 2, 72-nji madda; 2020 ý., № 1, 10-njy madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 53-nji madda) şu üýtgetmäni we goşmaçalary girizmeli:

1-nji maddada:

1-nji bendi şu görnüşde beýan etmeli:

«1) maglumat — gözleniş, işlenip taýýarlanyş, saklanyş, berliş we ýaýradylyş usullaryna garamazdan, kagyz, elektron ýa-da başga görnüşdäki ähli maglumatlar ýa-da habarlar;»;

şu mazmunly bendi goşmaly:

«20) QR-kod — tehniki serişdeleriň kömegi bilen okalmagy we bilinmegi üçin kodlanylan maglumaty özünde saklaýan dessin tassyklanylýan iki ölçegli ştrih-kod.»;

6-njy maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:

«61-njy madda. QR-kodlary peýdalanmagyň

aýratynlyklary

1. QR-kodlar saýtyň salgysy, elektron poçta, fiziki we ýuridik şahslaryň şahsy maglumatlary baradaky maglumaty ýa-da beýleki maglumatlary özünde saklap biler.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen kodlanylan maglumatlaryň okalmagy maglumatyň okalmagy we bilinmegi üçin niýetlenen tehniki serişdeler arkaly amala aşyrylýar.

3. QR-kodlar şu maksatlarda peýdalanylyp bilner:

1) elektron salgyny dolulygyna ýazyp almazdan, tehniki serişdeleriň kömegi bilen skanirlemäni amala aşyrmaga mümkinçilik berýän harytlaryň gaplarynda, mahabatda;

2) awtomobil, demir ýol, suw we howa ulaglarynyň petekleriniň resmileşdirilmeginde;

3) tölegleriň (şol sanda elektron ulgamyň üsti bilen «onlaýn» tertipde) amala aşyrylmagynda;

4) ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygynyň üpjün edilmeginde;

5) jemgyýetiň ýaşaýyş-durmuşynyň beýleki ugurlarynda.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 18-nji dekabry.