Ï Nädip halkara sambo bileleşiginiň agzasy bolmaly?
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Nädip Halkara sambo bileleşiginiň agzasy bolmaly?

view-icon 7067
Nädip Halkara sambo bileleşiginiň agzasy bolmaly?

Sambo – başa-baş söweş sporty, şeýle-de el söweşinde goranmagyň usuly. Bu söweş sungatynda başa-baş söweşleriň beýleki görnüşleriniň iň peýdaly usullarynyň birleşen toplumy. Sportuň bu görnüşi adamy terbiýelemegiň ýoludyr, ol diňe bir tilsim başarnyklaryny däl, eýsem ahlak-erk häsiýetlerini hem terbiýeleýär.

Samob diňe bir daşary ýurtlarda däl, eýsem biziň ýurdumyzda-da meşhurdyr, pälwanlarymyzyň ençemesi halkara ýaryşlarynda abraý gazandylar.

Türgenler we talimçiler attestasiýadan geçip, halkara sambo bilelşigine nähili goşulmaly? Halkara Sambo federasiýasynyň resmi saýtynda degişli ýatlama çap edildi. Attestasiýa – sambo taglymatyndan düşünjeler boýunça we sambo usullary (ätiýaçly bolmak, ýatan ýeriňden we dik durup ulanylýan tilsimler, özüňi goramak tilsimi) boýunça ýaryşlary.

Attestasiýa türgenleriň tehniki taýýarlygynyň derejesini we tälimçileriň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmaga, şeýle hem türgenleri taýýarlamagyň bütewi ölçegler ulgamyny ornaşdyrmaga gönükdirilendir.

Attestasiýa türgenlere öz bilimini, ussatlygyny ýokarlandyrmaga, Halkara Sambo federasiýasynyň ýaryşlarynda milli topara wekilçilik etmäge mümkinçilik döredýär.

Attestasiýa geçmek üçin türgenler federasiýanyň maglumatlar gorundan öz Milli sambo federasiýasyny salýap, hasaba durmaly. Soňra «Attestasiýa» senenamasynda amatly çäräni saýlamaly, synag tabşyryp, attestasiýadan geçmeli.

Türgen diňe Halkara Sambo federasiýasynyň maglumatlar gorunda degişli dereje berlendigi barada habar peýda bolandan soň guşagyna nyşan tikip biler. Tälimçileriň derejelerini aňlatmak üçin bolsa, dürli geometrik şekilli nyşanlar sambo eşigine basylýar.