Ï Önüm öndürilişi artýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Önüm öndürilişi artýar

view-icon 3564
Önüm öndürilişi artýar

Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklary bilen bir hatarda dokma senagaty hem bu gün şanly ösüşleri başdan geçirýär. Bu pudagyň hatarynda göreldeli işleýän kärhanalaryň biri-de Balkan welaýatynyň Bereket şäherindäki tikinçilik kärhänasydyr.

Bu ýerde ezber elli tikinçileriň onlarçasy zähmet çekýär. Olar 2021-nji ýylda özleriniň yhlasly zähmeti bilen netijeli iş görkezijilerine eýe bolup, geçen ýyly mynasyp jemlemegi başardylar. Has takygy, bereketli tikinçiler gürrüňi edilýän döwürde 12 million 961 müň manatlyga derek 16 million 310 müň manatlyga barabar önüm taýýarladylar. Munuň özi, ýyllyk meýilnamanyň 125 göterim berjaý edilendigini aňladýar.

Ýeri gelende aýtsak, tikin fabriginiň çig maly bolan matanyň öz ýurdumyzda öndürilýänligi bellenilmäge mynasypdyr. Önümçilige zerur bolan mata öndürlişiniň ýyllyk möçberi hem 1140 tonna deňdir. Şeýle-de agzybir kärhanada ussat tikinçileriň häzirkizamanyň ösen enjamlary arkaly öndüren dürli tikin önümleri ýokary hil derejesi bilen tapawutlanýar.

Şu günlerde hem zähmetsöýer tikinçiler durmuş-önümçilik maksatly edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň, hususy kärhanalaryň sargytlary esasynda işläp, sargyt edijileri tikin önümleri bilen yzygiderli üpjün edip durýarlar.