Ï Türkmen sirkiniň taryhyndan
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen sirkiniň taryhyndan

view-icon 6495
Türkmen sirkiniň taryhyndan

Türkmenistanyň sirkiniň taryhynda öçmez yz galdyran, ilkinji türkmen çapyksuwar zenany Sona Berdiýewa şu ýyl ol 92 ýaşamalydy.

Geçen asyryň 30-njy ýyllarynda kiçijik gyzjagaz Döwlet Hojabaýew bilen çagalar öýüne düşýär. 1945-nji ýylda çagalar öýünde terbiýelenýänlerden 50-sini sirkde işlemek üçin saýlap alýarlar. Sirk jigitleriniň şol döwürdäki toparynyň ýolbaşçysy A.Galkanow çagalar öýünden gelen S.Berdiýewa bilen D.Hojabaýewiň erjelligine üns berýär.

Merw şaýoly bilen Stawropol köçesiniň (häzirki Magtymguly şaýolunyň we B.Kerbabaýew köçesiniň) burçundaky «Mir» (häzirki «Parahat») kinokonsert merkeziniň ýerindäki jaýda repetisiýalar we okuwlar birlikde geçirilýär. Bir ýyl taýýarlykdan soň ansambl ilkinji gezek Soýuzyň şäherlerine gastrola gidýär. Alty ýyldan soňra, 1951-nji ýylda ansambldan üç kişä, şol sanda Sona Berdiýewa hem «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýlen at berilýär.

1960-njy ýylda türkmen göçme çapyksuwarlar sirk ansamblyna eýýäm şol döwür «Türkmenistanyň halk artisti» adyna eýe bolan Döwlet Hojabaýew ýolbaşçylyk edýär. Şol wagtdan başlap daşary ýurtlara köpsanly gastrollar başlanýar, olardaky çykyşlarda esasy rollaryň birini Sona Berdiýewa ýerine ýetirýär. Hojabaýewiň jigitlerine Italiýada, Finlandiýada, Belgiýada, Fransiýada, ABŞ-da, Kanadada, Türkiýede, GFR-de, Şweýsariýada, Peruda, Argentinada, Meksikada tomaşaçylar el çarpýarlar.

Onuň ogly, Aşgabat sirkiniň manežiniň hünärmeni, «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi Wýaçeslaw Myradowiç Çakanow şeýle gürrüň berýär:

– 1947-nji ýylda ejem bilelikde çykyş edýän kärdeşi Artykmyrat Çakanowa durmuşa çykýar. Bir ýyldan soň Moskwada men dünýä inýärin. 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde sirk artistleri daşary ýurtda çykyş edýän ekeni. Pajygaly waka barada giç eşidýärler. Sirk artisti üçin 20 ýyl işländen soň ejem dessine pensiýa çykyp, Aşgabatdan öý aldy. Ol 1967-nji ýylda aradan çykdy.

W.Çakanow kärdeşleriniň we ejesiniň gürrüňlerinden onuň çykyşlarynda bolan ençeme gyzykly pursatlary ýatlaýar. 1957-nji ýylyň tomus aýlarynda Moskwada geçirilen ýaşlaryň we talyplaryň halkara festiwalynda türkmen jigitleri Merkezi aýlawda çykyş edýärler. «Uçut» diýilýän çykyşyň elementleriniň birinde Sonanyň aty Meleguş baş bermeýär. Sonanyň gara saçy ýerden süýrenýär, atyň ýalpyldaýan nally art aýagy ony depeläýjek ýaly görünýär. Sona eýere çykyp, tomaşaçylaryň öňünden çapyp geçende tomaşaçylar ony gyzgyn el çarpmalar bilen garşylaýarlar. Ertesi batyrgaý gyzyň suraty gazet-žurnallaryň ençemesiniň birinji sahypasynda çap edilýär.

Şeýle pursatlar Sona Berdiýewanyň durmşynda soň hem bolupdy. Şol ýyllarda çykyşlarynyň birinden soň oňa «Ussat çapyksuwar» diýlip ýörite baýrak gowşuryldy. Marşal S.M.Budýonyý oňa atyň farfordan heýkeljigini gowşurdy.

– Ejemiň doglan ýeri «Krasnowodsk» (häzirki Türkmenbaşy) diýlip ýazylan, ýöne bu takyk däl – diýip, W.Çakanow gürrüň berýär. – 30-njy ýyllarda çagalar öýüne düşen ýetim çaganyň ata-enesi belli däldi. Şahadatnamasyndaky «Krasnowodsk» ýazgysy onuň çagalar öýüniň işgärleiniň çagadan ýatlamalary baradaky sowalyna «Suw kändi» diýen jogabyna görä ýazylan bolmaly.

Sona Berdiýewa Türkmenistany tüýs ýürekden söýýärdi we onuň şöhratyny artdyrypdy. Şonuň üçin hem biz Sona Berdiýewany hemişe ýatlaýarys.