Balkan welaýatynyň döwlet drama teatrynda «Asly-Kerem» türkmen halk dessany esasynda adybir spektakl goýuldy. Pýesanyň awtorlary Batyr Batyrow bilen režisýor Öwezmämmet Galandarow halk ýordumyny dramaturgiýa uýgunlaşdyrmak üçin köp işlediler. Onuň sahnadaky beýanynyň ýerine düşendigini aýtmak gerek.
Dessanda ýigit bilen gyz bir-birege aşyk bolýar. Ziýat begiň (H.Hydyrow) ogly Kerem (R.Nazgurbanow) aw edýän guşuny gözden ýitirýär. Ony gözläp Genji Garabaga girende Gara Mäligiň (M.Sätiýew) gyzy Asla (A.Nepesowa) gözi düşýär.
Olar bir-birine aşyk bolýar. Ýöne Ziýat beg köneden galan kitüwi we Gara Mäligiň maşgalasy bilen garaýyşlarynyň dürlüligi sebäpli oglunyň söýgüsine garşy çykýar. Gara Mälik gyzy Aslyny alyp gidýär. Kakasynyň garşylygyna bakmazdan Kerem söýen gyzyň gözlegine çykýar.
«Asly-Kerem» spektaklyna teatrymyzyň tutuş döredijilik topary gatnaşýar. Elbetde, şeýle uly möçberli eseri sahnalaşdyrmak üçin birnäçe aý iş edinmeli hem ussat bagşynyň kömegine daýanmaly bolduk. Desssandan bölekleriň ählisini bagşy Gurbangylyç Nurgylyjow damana ýolundan aýdýar- diýip, oýun goýujy rezisýor Öwezmämmet Galandarow gürrüň berýär.
Spektaklyň sahna bezeginde, edil gadymy kerwensaraýyň hatara girelegeleri kimin ak tanap ulanylypdyr. Çeýe sapaklar baş gahrymanlaryň ykbalynyň çylşyrymlylygyny we aşyklaryň arasyndaky aýrylmaz baglanşygy alamatlandyrýar.
Sahnadaky wakalar adamzat durmuşyny esasy manylarynyň biri bolan özara duýgularda jemlenýär, onsuz dünýä boş we biweç görünýär: «Söýgüsiz ömür dowzah ýalydyr. Günüň geçýär. Näme üçin?»
«Asly-Kerem» dessany ilkinji gezek teatrymyzyň sahnasynda goýuldy, başdan göz öňünde tutan zatlarymyzyň ählisini ýerine ýetirdikmikäk diýýäriin. Maşgalalaryň garaýyşlarynyň dürlülligi ýordumyň esasy edilip goýulsa-da, söýgi bar zatdan rüstem gelýär – diýip, rezisýor Öwezmämmet Galandarow sözüni jemleýär.