Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda amaly-haşam döredijiliginiň sergisi açyldy. Ol göwün isläniň tapdyrýan köp adamly gündogar bazaryny ýada salýar. Bilim ministrligi heýkeltaraşlyk, el keşde, haly önümleri, zergärlik sungaty, milli lybaslar, folklor döredijiligi ýaly we beýleki ugurlaryň sergisini gurmagy teklip etdi. Zähmetsöýer we zehinli ene-atalarymyzyň asyrlarboýy döreden milli mirasyny saklap galmak – serginiň maksadydyr.
Bu sergi bilen bizi akademiýanyň sungaty öwreniş ylymlary käfedrasynyň müdiri Aýjan Kadyrowa tanyşdyrdy.
Halkymyzyň amaly-haşam döredijiligini has ýerlikli görkezmek üçin ony erkekler we zenanlar bölegine böldük. Ol gadym döwürlerde her halk döredijiliginiň gender ugry boýunça bölünenligi bilen baglanşyklydyr.
Zenanlar bölegi halkymyzyň durmuşyny görkezmek üçin ak öý bilen açylýar.
Ak öýde oturan gyzlar öz lybasyna keşde çekýärler. Edil halyda bolşy ýaly keşde-de pederlerimiziň daşky dünýä bilen baglaşdyran gadymy nagyşlary ulanylýar. Şunda sapaklaryň reňkleriniň ähmiýeti ulydyr. Ol köýnegiň reňkleri bilen sazlaşmalydyr, Ene gyzlara hut şu barada gürrüň berýär. Enäniň keşbini hem akademiýanyň talyby ýerine ýetirdi. Öz durmuş tejribesini diňe bir «gyzlaryna» däl, eýsem sergä gelen tükmen keşdelerine gyzyklanýanlaryň ählisine öwredýär.
Ak öýüň gapdalynda bolsa keçe basýan zenanlaryň keşbinem akademiýanyň talyplary döredýärler. Isleg bildirenler bu üýtgeşik, ýöne kyn işe gatnaşyp bilýärler. Gören zadyňy synap görmek – serginiň her bölüminiň aýratynlugu, ol özboluşly ussatlaryň sapagydyr.
Türkmeniň ruhy gymmaty bolan dutar ýasamak gadymy sungaty hem bu ýerde görkezilýär. Onuň ýasalyş usulyny ussatlardan sapak alyp öwrenseň, onuň ýaňlanşyny bolsa akademiýanyň üçünji synp okuwçysy Sapa Durdylyýewiň sazydyr aýdymyny diňläp bolýar.
Zergärlik sungaty bölüminde esasan at bezegleri – altyn çaýylan kümüş at esbaplary görkezilýär. Gadym döwürlerde diňe erkek adamlar zergär bolupdyrlar. Indi zenanlaram bu käre baş goşup, ussatlyklaryny görkezýärler.
Amul, Astanababa, Soltan Sanjaryň aramgähi, Änew metjidi ýaly Beýik ýüpek ýolunyň ugrundan geçen kerwenleriň we argyn bezirgenleriň duş gelen orta asyrlar köşkleriniň syn edeniňde özüňi şol döwrüň kerwenbaşysy duýýarsyň.
Olaryň gapdalynda akademiýanyň talyplarynyň ýasan uly küşt tagtasyndaky ullakan küşt mallary bar. Serginiň wekilleriniň biri Beýik ýüpek ýoly bilen köp ýurda ýaýran gadymy intellektual oýun barada gürrüň berýär. XVII asyrda şöhrat gazanan küştçüsi Abu Bekr as-Suli halkymyzyň buýsanjydyr. Ol dürli ýaryşlarynda ýeňişler gazanyp, bu oýunda at goýupdyr – küşt göçümleriniň birine onuň ady dakylypdyr.
Serginiň erkekler bölümi häzirki zaman maşgala ojagy bilen jemlenýär, onda ýaşuly gök çaý içip oturşyna agtyklaryna Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Çaý –melhem, hem ylham» kitabyny okap berýär. Gök çaý tomus teşneligiňi gandyrýar, täze içgilerden has gowy diýip goja gürrüň berýär.
Çeperçilik akademiýasyndaky sergi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynda geçriljek amaly-haşam sungaty boýunça ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky bäsleşiginde dowam eder.