Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň sungat işgärleriniň üçüsine «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakdy.
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Permanyna laýyklykda, bu ada Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň döredijilik toparynyň «Türkmen äheňleri» estrada-simfoniki orkestriniň ýokary derejeli sazandasy Serdar Amangeldiýewiç Haýdarow, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Medeniýet bölüminiň medeniýet merkeziniň çagalar we ýetginjekler bilen işleýän hünärmeni Aly Täçgulyýewiç Alyýew, Mary welaýatynyň Mary şäher Bagşylar öýüniň akkompaniatory Azat Amanmuhammedowiç Oramadow dagy mynasyp boldular.
Bu şatlykly wakadan ugur almak bilen, Mukamlar köşgünde dabaraly çäre geçirildi, ol ýerde öz hünär we döredijilik işleri bilen şeýle ýokary baha mynasyp bolan medeniýet işgärlerini dabaraly gutladylar. Türkmenistanyň aýdym-saz sungatynyň ösmegine saldamly goşant goşmak bilen, artistler milli aýdym-sazy meşhurlyyga eýe edýärler we has ýokary derejä göterýärler.
Üflenip çalynýan halk saz guraly – türkmen tüýdügi hakynda biz Serdar Haýdarow bilen söhbet boldyk. Kompozitor we zehinli sazanda Serdar Amangeldiýewiç, diňe bir saz ýazmak we ýerine ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem saz gurallaryny ýasamak bilen hem meşgullanýar.
Bularyň hemmesi ir wagt, çagalyk döwründe başlandy, onda bu oglanjyk dutarçylar toparyna gatnaşýardy. Bir gezek gargy tüýdügiň dürli owaz bilen ýaňlanýan sesini eşidende, sazanda ony öwrenmegi ýüregine düwdi.
Tizden milli saz guraly diňe bir öwrenilýän zat bolman, eýsem ussatlyk işine öwrüldi. Sazanda tüýdük ýasamagy öwrendi, häzir onuň toplumynda öz eli bilen ýasan birgiden gargy tüýdük bar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ile döwlet geler bolsa...» kitabynda şeýle diýilýär:
«Gargy tüýdük halkymyzyň gadymy saz gurallarynyň hataryna girýär. Gargy tüýdügiň köneden gelýän ady naý tüýdük bolup, gargy gamyşdan ýasalýandygy sebäpli soňky döwürlerde ol gargy tüýdük adyna eýe bolupdyr.
Gargy tüýdügiň uzynlygy 80–85 sm bolup, onuň üstünde 5, arka tarapynda bolsa bir perde deşigi bardyr. Irki döwürlerde bagşylar, köplenç, gargy tüýdügiň ýanynda ýanama aýdym aýdypdyrlar. Döwletdurdy tüýdükçi, Peýdaguly tüýdükçi, Agajan tüýdükçi we olaryň ýoluny dowam edijiler Sähet Porsyýew, Ýazmuhammet Köse we beýlekiler dürli ýyllarda ussat tüýdükçiler bolupdyrlar».
Serdar Haýdarowyň aýtmagyna görä, sähranyň ähli gözelligini beýan etmäge, aňňat-aňňat gum depelerinden aşyp barýan kerwenleri we alaňlaryň arasyndaky şemal şuwwuldysyny hyýalyňda janlandyrmaga diňe türkmen tüýdügi ukyplydyr. Şol sebäpli, täze gural gerek bolanda, ol dükana däl-de, gargy gamşyň ösýän ýerlerine barýar-da, öz eli bilen gargy tüýdük ýasaýar.
Türkmen halk aýdym-saz däplerini dowam etdirmek bilen, Serdar Haýdarow gargy tüýdügi öwrenmäge zehinli ýaşlary çekmäge çalyşýar. Sazanda nusgawy saz gurallarynyň owazlaryny gargy tüýdügiň sesiniň adatdan daşary gözelligi bilen birleşdirip, birleşen saz gurallaryny döretmegiň üstünde işleýär. Bu bolsa diňe nusgawy sazyň halk sazy bilen ýakyndan baglanyşyklydygyny tassyklaýar.