Ï Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy konsert taýýarlaýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy konsert taýýarlaýar

view-icon 10013
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy konsert taýýarlaýar
camera-icon
Alekseý Gimaletdinow

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kompozitor Suhan Tüýliýewiň doglan gününiň 65 ýyllygy mynasybetli konsert taýýarlaýar. Biz şunuň bilen baglylykda ýubilýardan döredijilgi barada gürrüň bermegi haýyş etdik.

Söhbetdeşligimiz onuň:

-Men tötänden kompozitor boldum – diýen syrly sözünden başlandy.

-Nähili tötänden? Anygrak aýtsaňyz-la!

-Men Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet sazçylyk ýörite orta mekdebiniň hor dirižýory bölüminde okaýardym. Özüm ýolötenli bolamsoň başga ýerlerden gelen halk saz gurallary bölüminde okaýan beýleki oglanlar bilen umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşaýardym- diýip, Suhan Tüýliýew gürrüňe başlady. –Kompozitor Aman Agajykow bize saz döretmek dersinden sapak berýärdi. Men saz döredilişi bilen gyzyklanyp, şol sapaga gatnap ugradym. Ilkinji ýönekeýje eserimi – goboý üçin pýesany, aýdymy we hor üçin eseri Aman Agajykowyň ýolbaşçylygynda ýazdym. Şondan soň döredijilige bolan höwesim has-da möwjäp ugrady. Ýöne Aman Agajykow Döredijilik öýüne gidipdi, oňa derek kompozitor Rejep Rejebow geldi. Eýýäm 4-nji ýyl talyby wagtym Rejep Rejebowyň ýolbaşçylygynda Türkmen döwlet pedagogik sungat institutynyň kompozitprlyk fakultetine giriş synaglarynda görkezmek üçin fortepiano pýesalarynyň 9-syny döretdim. Şeýdibem höwesim we yhlasym geljekki durmuşymy düýpgöter üýtgetdi.

Hemme zat gowudy, ýöne bir ýagdaý meni alada goýýardy. Hor dirižýorlygy boýunça mugallymym Genrih Držewskiý üýtgeşik adamdy. Ol giň düşünjeli, sowatly adamdy. Oňa «Janly ensiklopediýa» hem diýýärdiler. Rus we türkmen dillerinden başga-sa, ol iňlis, nemes, fransuz, italýan we latyn dillerini suwara bilýärdi. Iň esasy zat: ol mende saza söýgi döredipdi. Men oňa hor dirižýorlygy däl-de, kompozisiýa boýunça okuwy dowam etjekdigimi aýtmaga çekinýärdim, muny gaty göräýjek ýalydy. Bir gezek onuň özi menden nirä okuwa girjekdigimi sorady. Men kompozitor boljakdygymy aç-açan aýtdym. Ol menden gaty görmäge derek, gaýta begendi, özüniňem Harkow konserwatoriýasynyň kompozisiýa fakultetini tamamlandygyny aýtdy. Men bu adamyň hor üçin hakyky türkmen sazyny döredip bilşine haýran galýardym.

-Aýdyşyňyza görä, Size gowy mugallymlar duşupdyr-da ...

- Hawa. Türkmen döwlet pedagogik sungat institutynda men kompozitor, professor Weli Muhadowdan tälim aldym. Kompozitor Rejep Allaýarowdan polifoniýa we gurallama ugrundan sapak aldym. Men tanymal türkmen kompozitorlarynyň ählisi bien tanyşdym: kä birinden sapak aldym, kä biri bilen dostlaşdym, birnäçeleri bilen döredijlik gatnaşygynda boldum.

Kompozitor Rejep Rejebowyň ýolbaşçylygynda döreden 9 pýesamdan 5-sini saýlap, olary fortepiano üçin «Körpelere» toplumyna birleşdirdim. Ony ilkinji bolup ýerine ýetirenem sazçylyk mekdebinde okaýan gyzym Maýa Tüýliýewa boldy. Rejep Rejebowyň ýolbaşçylygynda ýazan eselerim bizi belli kompozitoryň ömrüniň soňky günlerine çenli dostlaşdyrdy.

-«Körpelere» toplumyny sazçylyk ýörite orta mekdebinde okaýarkaňyz döretdiňiz. Soňky döredijiligiňiz barada aýdaýsaňyz?

-Institutda okan döwrüm döredenlerimden has ähmiýetlisi – Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Nobatguly Rejebowyň goşgusyna «Ebedi oduň başyndaky» kantata we «Simfoniýa» diplom işim boldy. Men institutdan soň hem öz bilimimi dowam etmek maksady bilen üç ýyldan soň P.I. Çaýkowskiý adyndaky Moskwa konserwatoriýasynyň assistenturasyna-stažirowkasyna okuwa girdim. Şol ýyllarda Ýuriý Fortunatowyň ýolbaşçylygynda «Bentler» simfoniki poemamy ýazdym. Ýuriý Aleksandrowiç birsalym Daşkentde ýaşan ekeni. «Bentler» poemasy gündogara mahsus -- bentlere bölünip, şahyrana äheňde ýaňlanýar.

Şeýle bolsa-da meniňň esasy eserlerim XXI asyrda döredi. 2001-nji ýylda men iki bölümli «Pendi nagmalary» simfoniki eserimiň 1-nji bölegini taýýarladym. 2002-nji ýylda gargy tüýdük we simfoniki orkestr üçin üç bölümli «Pendi nagmalarynyň» ikinji toplumyny döretdim.

Kem-kemden men wokal-simfoniki žanra geçdim. 2008-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň goşgusyna «Türkmen binasy» odasyny döretdim. 2009-njy ýylda maňa Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri diýen hormatly at berildi. Bu at meni täze eserelri döretmäge ruhlandyrdy. 2010-njy we 2012-nji ýyllarda «Döwletli döwran» kantatasyny we Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Atamyrat Atabaýewiň goşgusyna «Berkarar döwletiň bahary» odasyny döretdim, onda şahyr ýurdumyzyň häzirki döwrüni we Garaşsyzlygyny wasp edýär.

Soňky ýyllarda men fortepiano üçin iki sonata, şeýle hem wiolençel we simfoniki orkestr üçin üçin iki bölekden ybarat «Gözeliň» eserini döretdim. Häzirki wagtda birnäçe bölekden ybarat «Uzuklar» simfonki eserini ýazýaryn. Onuň esasy edip läle kakmakda bäsleşýän üç uýa barada rowaýaty aldym.

-Siz diňe kompozitor däl, eýsem sazşynas, saz teoriýasy boýunça kitaplaryň birnäçesiniň awtory. Şu ugurdaky işiňiz barada gürrüň beräýseňiz.

- P.I. Çaýkowskiý adyndaky Moskwa konserwatoriýasynyň assistenturasyny tamamlanymdan soň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň aspiranturasyna girdim. Men «Türkmen halk sazynyň aýratynlyklary we onuň kompozitor döredijiligine täsiri» temadan kandidatlyk dissertasiýamy ýazdym.

Men «Saz teoriýasynyň esaslary» we «Türkmen sazynyň teoriýasy» kitaplarymy ýazdym. Türkmen milli konserwatoriýasynyň saz teoriýasy kafedrasynda ýazylan 13 sany diplom işe ýolbaşçylyk etdim.

Häzir men kompozisiýa we gurallama kafedrasynda işleýärin. Kafedranyň talyplary –geljekki kompozitorlar. Eýýäm diplom alanlary-da bar.

-Suhan Allyýewiç! Konserwaroiýa 65 ýaşyňyzyň dolmagyny diňe siziň eserleriňizden düzülen konsert bilen bellemegi göz öňünde tutýar...

-Bu meniň özüm we ýakynlarym üçin diýseň ýakymly bolar.