Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynda Aleksandr Nikolaýewiç Ostrowskiniň belli pýesasy esasynda goýlan «Balzaminowyň öýlýenişi» şadyýan äheňde, üýtgeşik spektaklyna syn geçirildi. Oýnuň wakalary ХIХ asyrda Russiýanyň çetki şäherjikleriniň birinde bolup geçýär.
Ownuk emeldar Mişa Balzaminowyň özi asla arzuwçyl adam. Ol ýatmagy we düýşünde gyzlaryň özüne söz aýdyşyny görmegi halaýar. Eger-de onuň täze dosty Lukýan Lukýanyç Çebakow sebäp bolmadyk bolsa, belki ol şeýdip ömrüni boş geçirerdi. Ätiýaçlyga çykan kapitan edil söweşde hüjüme gidişi ýaly durmuşda-da gözsüz batyrlyk edýär. Çebakow Balzaminowy gelinligi Raisany gazaply doganlaryndan alyp gaçmaga teklip edýär. Howluda yzyny üzmän üýrýän itden gorkan Balzaminow haýatyň deşiginden goňşy howla düşýär, bu ýerde bolsa baý dul aýal Belotelowa bikärlikde näme etjegini bilmän otyr. Ýaş ýigide gözi düşenden zenan dessine oňa aşyk bolýar.
Biz bu spektakly döretmäge gatnaşanlar bilen duşuşanymyzda olardan şeýle şowly işiň syryny soradyk. Biz oýun goýujy režisýor Merdan Handurdyýew bilen söhbetdeş bolduk:

– 2019-njy ýylda Kazanda geçirilen festiwalda «Leýli-Mejnun» spektaklyny görkezýän döwrümiz rus nusgawy spektakllarynyň birnäçesine tomaşa etdim. Dessine olara maýyl boldum-da: «Biz näme şolar ýaly oýun goýup bilmerismi?» diýipdim. Teatrymyz – sazly-drama teatry, bizde tansa we aýdyma ussat artistler kän, şol sebäpli hem sazly komediýa güýjümiz ýetjek. Şeýdibem türkmen sahnasy ilkinji gezek rus nusgawy eseri bilen baýlaşdy».
Biz Aleksanr Ostrowskiniň «Balzaminowyň öýlenişi» pýesasyny saýladyk. Galyberse-de, biz oýun sahnalaşdyrylýan döwri tomaşaçyny güldürmek üçin her mümkinçilgi ulandyk. Özem muňa döredijilik toparyndakylaryň ählisi gatnaşdy. Ol oýnuň hemmäni özüne çekip, işiň baýrama öwrülen pursatlary boldy.
Käte gahrymanlarymyzyň bolşy çişirilýän ýaly görünse-de, birden öte geçäýmäli diýip çekinerdigem: ol nusgawy eser ahyryn!

Özüm-ä işimden hoşal: birindjiden, arzuwym hasyl boldy, ikinjiden, meniň pikirimi goldap, hemmä ýarar ýaly spektakl goýmaga ýardam eden pikirdeşlerimi tapdym.
Balzaminowyň keşbini döreden Ata Çarlyýew bilen söhbetdeş bolanymyzda, kärdeşleri ony şowly işi bilen yzygiderli gutlamagyny dowam etdiler.
«Balzaminowyň öýlenişi» spektaklyny aýdym-sazsyz, tanssyz göz öňüne-de getirip bolmaýar. Tansçylar, hamala, sahnada «uçup ýören» ýalydy, ol tomaşaçyny özüne bendi edýärdi.
«Balzaminowyň öýlenişi» spektakly Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynda halanylýan oýun bolsa gerek. Onuň Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet günleriniň çäklerinde görkezilmegi bolsa türkmen we rus halklarynyň arasynda barha berkeýän dostluk gatnaşyklarynyň subutnamasy bolar.