Türkmenbaşy şäheriniň ülkäni öwreniş we taryhy muzeýinň hünärmenleri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň golaýynda ýerleşýän 28-nji çagalar bagyna gelenlerinde bu ýerde terbiýelenýän çagalaryň şadyýan sesleri daş-töweregi gurşap aldy.
Mekdeplerde, çagalar baglarynda we beýleki edaralardyr-kärhanalarda göçme sergileri guramak indi muzeý üçin asylly däbe öwrüldi. Göçme sergileri synlaýanlarda, esasan hem körpelerde ýatdan çykmajak waka öwrülýär we egsilmez, ajaýyp duýgylary sowgat edýär.
Muzeýiň binasy XIX asyryň taryhy ýadygärligi bolup, ol döwlet tarapyndan goralýar. Bu bina Nikolaý Grigorýewiç Stoletowyň we onuň ekspedisýasynyň ýolbaşçylygynda 1869-njy ýylda kenar ýakasyndaky Türkmenbaşy şäherinde gurlup, ilki «Blokgauz batareýasy» galasy hokmünde ulanylypdyr. 1974-nji ýylda binada alty zaldan ybarat bolan ajaýyp muzeý ýerleşdirildi. Muzeýiň her bir bölümi şäheriň ösüşiniň şu günlere çenli geçen şöhratly ýoluny şöhlelendirýär.
– Biziň muzeýimiz edil uly ensiklopediýa ýaly. Muzeýe diňe bir şäherimiziň ýaşaýjylary däl, eýsem köp sanly syýahatçylar, tomus paslynda «Awaza» dynç almaga gelýän çagalar we köp sanly daşary ýurtly myhmanlar gelip görýärler – diýip, Türkmenbaşy şäheriniň ülkäni öwreniş we taryhy muzeýniň hünärmeni Güljemal Aşyrowa gürrüň berýär.
Balkan welaýaty taryhy we binagärilik ýadygärliklere baý. Bular barada arheologiýa bölüminde gürrüň berilýär. Bu ýerde hojalyk-durmuş hajatlary üçin ulanylýan gymmatlyklar görkezildi.
Tebigat bölümindäki gymmatlyklar Günbatar Türkmenistanyň baý, gaýtalanmaýan ösümlik we haýwanat dünýäsini beýan edýär. Kenar ýakasyndaky Türkmenbaşy şäherinde birnäçe uly senagat kärhanalary we ulag gulluklary ýerleşýär. Bular ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine uly goşant goşýarlar. Mysal üçin, Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy. Muzeýde bu toplumyň öndürýän önümleriniň ähli görnüşleri goýlupdyr. Şeýle hem şäher portunyň öňki we häzirki günlerde düşürilen suratlaryny synlamak bolýar.
Türkmenbaşynyň halkara deňiz porty – «Deňiz derwezesi» wajyp logistiki merkez bolup, üstaşyr ýük gatnawlaryny amala aşyrmakda, Merkezi Aziýa bilen Ýewropany birleşdimekde möhüm orun eýeleýär.
Muzeýiň taryh bölüminde 1936-njy ýylda Krasnowodsk şäherinden Moskwa çenli türkmen balykçylarynyň taýmylly amal eden şöhratly ýörişlerini suratlandyýan sergi bar.
Etnografiýa boýunça iki bölüm bar. Bu ýerde haly we haly önümleri, türkmen zergärleriniň ajaýyp işleri görkezilýär. Şeýle hem bölümdäki «ak öýde» hojalyga degişi öý goşlary ýerleşdirilipdir.
Muzeýiň Bagtyýarlk eýýamy zalynda ýurdumyzyň we Türkmebaşy şäheriniň ösüşleri, ýetilen belent sepgitler gürrüň berilýär. Bu ýerde gojaman Hazaryň ekologiýa taýdan arassa gündogar kenarynda adam eli bilen jennete öwrülen «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynyň suratlary goýlupdyr.
– Muzeýe gelýän myhmanlar ýanlary bilen getiren sowgatlyklaryny bize sowgat berýärler. Biz bu sowgatlary aýap saklaýarys we köp sanly adamlaryň görmegi üçin olary göçme sergilerimizde alyp gidýäris – diýip, Güljemal Aşyrowa biz bilen bolan söhbetdeşlikde aýtdy.