Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Sizi Tatarystan Respublikasynyň ýaşaýjylarynyň adyndan we hut öz adymdan Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Goý, mukaddes Remezan aýynda edilen sogap işler Size uly şatlyk getirsin, ähli arzuw-islegleriňiz hasyl bolsun, rehimdarlyk, birek-birege goldaw bermek, parahatçylyk we dostluk ýaly dünýädäki iň gowy zatlar egsilmesin!
Size berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk arzuw edýärin. Size we Türkmenistanyň ähli raýatlaryna Allatagalanyň rehim-şepagatyny dileýärin.
Rustam MINNIHANOW,
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňize mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmek mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.
Beýik Allatagaladan Size berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk, tutuş musulman ymmatyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk eçilmegini dileg edýärin.
Size belent sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Mohammed bin Raşid AL MAKTUM,
Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti,
Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňize mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmek mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.
Beýik Allatagaladan Size berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk, tutuş musulman ymmatyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk eçilmegini dileg edýärin.
Size belent sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Mohammed bin Zaýed AL NAHAÝÝAN,
Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňize mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmek mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.
Beýik Allatagaladan Size berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk, tutuş musulman ymmatyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk eçilmegini dileg edýärin.
Size belent sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Mansur bin Zaýed AL NAHAÝÝAN,
Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňize mübärek Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de saglyk we bagtyýarlyk baradaky arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.
Beýik Allatagaladan ählimize ýagşylyk we abadançylyk eçilmegini dileg edýärin.
Siziň Alyhezretiňize belent sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Mohammed bin Salman bin Abdelaziz AL SAUD,
Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy,
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, goranmak ministri.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Sizi mukaddes Oraza baýramy bilen gutlaýaryn hem-de bu baýramçylyk mynasybetli mähirli we dostlukly arzuwlaryňyz üçin hoşallygymy beýan edýärin.
Size berk jan saglyk hem-de üstünlik, dostlukly türkmen halkyna bolsa rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin.
Muhammad Ýunus AL-MANFI,
Liwiýanyň Prezidentlik Geňeşiniň Başlygy.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Türki Döwletleriň Guramasynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyna mukaddes Oraza baýramy mynasybetli iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
Beýik Biribardan bu baýramçylygyň tutuş adamzadyň parahatçylygyna we abadançylygyna, türki dünýäde doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam bermegini dileg edýärin.
Siziň Alyhezretiňize belent sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Bagdad AMREÝEW,
Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Size we Siziň üstüňiz bilen Türkmenistanyň ähli halkyna mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin. Goý, bu nurana baýram musulman ymmatynyň jebisligini, dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam bersin!
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Sizi ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat, maşgalaňyza abadançylyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna parahatçylyk hem-de raýdaşlyk arzuw edýärin.
Iň gowy arzuwlar bilen,
Nursultan NAZARBAÝEW,
Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti — Ýelbasy.