Ï Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar

view-icon 3998

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Gazagystan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek, halklarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak syýasatyndan ugur alyp, men Askar Tažibaýewi Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek baradaky çözgüdi kabul etdim.

Siziň Alyhezretiňizden ony mähirli kabul etmegiňizi we meniň adymdan hem-de Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan Size aýtjak zatlaryna ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Kasym-Žomart TOKAÝEW,
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňizi we türkmen halkyny adamzadyň öz tebigatyna dolanyp gelmeginiň, Remezan aýynda kalplaryny nurdan dolduryp, Beýik Biribaryň öňünde ruhy taýdan päklenenleriň baýramy bolan mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde musulman ymmatynyň arasyndaky raýdaşlygyň we dostlugyň pugtalandyryljakdygyna, tutuş dünýäde gapma-garşylyklaryň aradan aýrylyp, parahatçylygyň, howpsuzlygyň dabaralanmagynyň şaýady boljakdygymyza umyt edýärin.

Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, üstünlik, Türkmenistanyň halkyna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk eçilmegini dileg edýärin.

Seýed Ebrahim RAISI,
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz, gadyrly doganym!

Alžiriň Hökümetiniň we halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize mukaddes Oraza baýramy mynasybetli mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn. Gudraty Güýçli Allatagaladan bize hem-de ähli musulman ymmatyna özara düşünişmegi, parahatçylygy, durnuklylygy dileg edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, iki doganlyk halkyň bähbidine ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda Siziň Alyhezretiňiz bilen hyzmatdaşlyga taýýardygymy ýene-de bir gezek nygtamak isleýärin.

Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de rowaçlyk, abadançylyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, gadyrly doganym, Size belent sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Abdelmajid TEBBUN,
Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňize mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermäge şatdyryn.

Size bagt we rowaçlyk, dostlukly türkmen halkyna hem-de ähli musulman ymmatyna bolsa abadançylyk, bolçulyk arzuw edýärin.

Haýsam bin TARIK,
Omanyň Soltany.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Jenap Prezident!

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we onuň düzümleriniň işgärleriniň adyndan, şeýle-de hut öz adymdan mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Size iň gowy arzuwlarymy we tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy ibermek meniň üçin uly hormatdyr.

Gudraty Güýçli Allatagaladan Türkmenistana mundan beýläk-de ösüş hem-de abadançylyk, ähli musulman ymmatyna parahatçylyk, rowaçlyk dileg edýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Hisseýn Brahim TAHA,
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz, jenap Prezident!

Sizi we Türkmenistanyň doganlyk halkyny mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn hem-de bu mübärek baýram mynasybetli mähirli gutlaglaryňyz üçin hoşallygymy beýan edýärin.

Şatlygyň, bagtyýarlygyň, raýdaşlygyň, agzybirligiň we jebisligiň güni hökmünde Oraza baýramynyň doganlyk gatnaşyklarymyzy has-da pugtalandyrmagyny arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Binali ÝYLDYRYM,
Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi, Türkmenistanyň doganlyk halkyny mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn hem-de bu mübärek baýramyň tutuş dünýäde dostlugyň, doganlygyň dabaralanmasy bolmagyny arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňize bagtyýarlyk we rowaçlyk, ähli musulman ymmatyna bolsa abadançylyk, bolçulyk arzuw edýärin.

Size tüýs ýürekden hormat goýmak bilen,

Sultan RAÝEW,
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňize mübärek Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermäge şatdyryn.

Gudraty Güýçli Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna hem-de ähli musulman ymmatyna bolsa ýagşylyk, bolçulyk eçilmegini dileg edýärin.

Emir Muhammed ben Saad ben Halid AL SAUD.
Saud Arabystany Patyşalygy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli, Size berk jan saglyk we abadançylyk baradaky arzuwlarymy beýan edýärin.

Mohammed VI,
Marokkonyň Patyşasy.