Ï Türkmenistanyň UNIDO bilen hyzmatdaşlygy we onuň geljegi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň UNIDO bilen hyzmatdaşlygy we onuň geljegi

view-icon 6096

35 ýyl mundan ozal ozon gatlagyny dargadýan maddalar boýunça Monreal protokoly – ozony dargadýan himiki serişdeleri önümçilikden we dolanşykdan aýyrmak arkaly ozon gatlagyny goramak maksady bilen işlenilip taýýarlanylan Wena konwensiýasyna halkara protoky gol çekmäge taýýarlanylypdy. Ol halkara bileleşiginiň irde-giçde durmuşa geçiren daşky gurşawy goramak boýunça köptaraplaýyn şertnamalarynyň iň netijelisi diýlip, ykrar edildi, çünki onuň amal edilmegi sowadyjylarda, kondisionerlerde, aerozollarda we ş.m. zatlarda ozony dargadýan himiki serişdelerden 99 % ýüz öwrülmegine getirdi. Netijede ozon gatlagy dikelýär we bilermenleriň hasabyna görä, 2050-nji ýyla gutarnykly dikeler.

Türkmenistan Monreal protokoly tarapy bolup, bu resminama goşundylaryň ählisine, şol sanda ozony az dargatsa-da, ählumumy ýyladyşy ýokary görkezijili gidroftoruglerodlary (GFU) ulanmagy çäklendirmäge niýetlenen Kigali goşundysyna hem yzygiderli goşuldy. Alymlaryň çaklamasyna görä, şu goşundynyň ýerine ýetirilmegi 2100-nji ýyla 0,4 gradus ählumumy ýyladyşyň öňüni almaga we şonuň bilen birlikde howanyň üýtgemeginiň gidişini saklamaga ýardam eder.

Türkmenistanyň Monreal protokolynyň Kigali goşundysy boýunça milli borçlarynyň ýerine ýetirilmegi Birleşen Milletler Guramasynyň senagat ösüşi boýunça (UNIDO «GHFU-dan (PODPO-dan) tapgyrlaýyn ýüz döndermek boýunça guramaçylyk işiniň meýilnamasy» taslamasyna gönükdirilendir.

Taslamanyň birinji tapgyrynda Türkmenistanyň hökümeti GHFU-ny 2020-nji ýyldakydan 35% azaltmagy borç edindi. Mundan başga-da, düzüminde PODPO bolan çäreler hukuk ulanylyjy çärelere, kanynçylygy berkitmäge, sowadyjy enjamlara hyzmat ediş pudagyny goldamaga, hyzmat edýän tehnikleri okatmaga, ozon gatlagyny dargadýan maddalaryň (ODM) hiline gözegçilik laboratoriýalaryny döretmäge, gümrükhana işgärlerini okatmaga we habarlylygy ýokarlandyrmaga jemlenendir. Taslamanyň çäklerinde kondisioner we ýeledirediji enjamlar hem-de ulgamlar bilen işleýän hususy kompaniýalar, mysal üçin, «Salkyn Otag» kärhanasy bilen ýurtda bilimi we täze tehnologiýalary ilerletmek üçin maglumatlary alyşmak üçin çäreler geçirildi.

UNIDO Türkmenistanyň ozon gatlagyny goramak boýunça öz halkara borçlaryny ýerine ýetirmekde öňe gidişligini belläp, ýurduň Kigali goşundysyny tassyklandygyny, ODM hakda kanuna düzediş girizendigini, GHFU üçin lisenzirlemek we kwotalar ygtybaly ulgamy goldaýandygyny, jemgyýetçiligiň ozon gatlagyny goramak hakda habardarlygyny ýokarlandyrýandygyny we degişli ýurt maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi hakda maglumatlary berendigini kanagatlanma bilen belledi. Guramanyň saýtynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň beren hasabatlary we resminamalary ýurduň öz borçlaryny ýerine ýetirýändigini görkezýär we hökümetiň Monreal protokolynyň maksatlaryna ýetmäge mümkinçilik berjek çäreleri durmuşa geçirmegi dowam etjekdigine ynam bildirýär.

UNIDO Türkmenistanyň hökümeti bilen, hususan-da, ýurduň senagat taýdan ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny durmuşa geçirmek üçin ýokary hilli düzümleri, tehnologiýa parklaryny ösdürmeklige, senagat pudagyny döwrebaplaşdyrmaga, maýa goýumlaryny we tehnologiýalary ilerletmäge, halkara meýdançalaryna we giň ulgamlara elýeterliligi üpjün etmäge degişli beýleki ulgamlarda-da netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge gyzklanma bildirýär. Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň ýanwar aýyndaky mejlisinde bellenilişi ýaly, Türkmenistan UNIDO bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi, ugurdaş taslamalaryň birnäçesi boýunça täze resminanalara gol çekemgi göz öňünde tutýar. Bu hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem berkidilmegi ýurduň öz sebitinde inklýuziw we durnukly senagatlaşdyrma ugruny durmuşa geçirmekdäki möhüm ähmiýetini pugtalandyrar.