mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Amyderýa: gadymyýetden şu günlere çenli

view-icon 1826
Amyderýa: gadymyýetden şu günlere çenli

Amyderýa özüniň göwrümi, bolsuwlulygy, güýçli akymy bilen dünýäniň iň uly derýalarynyň biri hasaplanylýar. Wahş hem-de Penç derýalarynyň goşulmagyndan emele gelýän bu derýanyň uzynlygy 1415 kilometre, meýdany bolsa 309 müň inedördül kilometre deňdir. Wahş bilen Penç derýalarynyň uzynlygyny hasaba alanyňda bolsa, bu uzynlyk 2540 kilometre barabar bolýar. Wahş öz gözbaşyny Owganystandaky Hindiguş daglarynyň demirgazyk ýapgydynda ýerleşýän, 4900 metr belentlikdäki Werewskiý buzlugyndan, Penç derýasyna gelip guýýan Pamir derýasy bolsa öz gözbaşyny Täjigistandaky Pamir daglarynda ýerleşýän Zorkölden alyp gaýdaýar. Daglardaky garlaryň we buzluklaryň ýazyna we tomsuna eremekleri sebäpli, bu döwürlerde Amyderýanyň suwy joşup, onuň geçirijiligi sekuntda 9000 metr kuba çenli ýokarlanýar, Gyş golaýlap, çigrek düşüp ugranda bolsa, derýanyň suwy peselip, onuň geçirijiligi 400 – 500 metr kuba çenli aşaklaýar. Amyderýa dünýäniň iň bulanyk suwly derýalarynyň biridir. Onuň bir metr kub suwunyň düzümindäki gyrmançanyň mukdary 3 kilograma çenli bolup, ol derýanyň joşýan günlerinde 5 – 7 kilograma çenli köpelýär.

Derýanyň kenarynda ýaşaýan halklar üçin Amyderýa esasy suw çeşmesi bolup hyzmat edýär. Onuň suwunyň her ýylky möçberiniň orta hasap bilen 70 göterime golaýy oba hojalyk ekinlerini suwarmak üçin ulanylýar. Ýeri gelende aýtsak, biziň döwletimiziň hem suw serişdeleriniň esasy bölegini, ýagny, 95 göterimini Amyderýanyň mele suwy üpjün edýär. Amyderýa ýurdumyzyň oba hojalygy üçin örän uly ähmiýete eýedir. Bu joşgunly derýanyň Türkmenistanyň çäginden geçýän uzynlygy 1000 kilometre barabardyr. Şonuň üçin biz Amyderýany ýurdumyzyň iň uly derýasy bileris.

Bolsuwly Amyderýanyň taryhy baradaky maglumatlary bilmeklik has hem gyzyklydyr. Merkezi Aziýanyň halklarynyň durmuşynda möhüm orna eýe bolan bu derýa irki döwürlerden bäri dürli hili atlandyrylypdyr. Taryhy maglumatlarda bu derýanyň Oguzhan atamyzyň ady bilen baglanyşykly Oguz, Ügüz, Oks ýaly atlary gabat gelýär. Araplar bu derýany Jeýhun diýip atlandyrypdyrlar. Nusgawy şahyrlaryň goşgularynda Jeýhun, Bahry-umman diýlen atlar hem gabat gelýär. Derýanyň Amyderýa adynyň gelip çykmaklygy bolsa, Amul şäheri bilen baglanyşyklydyr. Horasandan Mawerannahra we gündogardan günbatara gidýän Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşen Amul şäheri örän meşhur bolup, onuň ady bu uly derýanyň tutuş ady hökmünde ulanylmaga başlapdyr. Käbir ylmy çaklamalara görä bolsa, bu ady derýa Amul şäherinden has öňki döwürlerden bäri göteripdir.

Amyderýa gadymyýetiň jümmüşinden bäri köpleriň ünsüni özüne çekip gelen derýadyr. Onuň gadymy halkymyzyň durmuşynda, ykbalynda örän möhüm ähmiýete eýe bolandygy mälimdir. Onuň kenarynda beýik-beýik döwletler döräpdir. Taryhçylar Amyderýa barada ilkinji bolup biziň eramyzdan öň V asyrda ýaşap geçen meşhur grek taryhçysy, meşhur Rim filosofy Siseron tarapyndan “Taryhyň atasy” diýlip atlandyrylan Gerodotyň söz açandygy, soňra bu gadymy derýa barada ýene-de bir grek geografy we taryhçysy Strabonyň ýazandygy barada aýdýarlar. Strabon bu derýanyň iki müň ýyl mundan ozal hindi harytlaryny Hazar deňzine çenli getiren uly gämi gatnawly derýa bolandygyny ýazýar. Hywa hany Abulgazy Bahadur hanyň ýazgylarynda 1573-nji ýylda Amyderýanyň Aral deňzine akyp başlandygy barada maglumatlar bar. Rus alymy, akademik W. W. Bartoldyň işlerinde hem Amyderýanyň akymynyň ugry barada aýdylýar. Bu ýerde Amyderýanyň müňlerçe ýylyň dowamynda Uzboýyň üsti bilen Hazar deňzine guýandygy barada aýtmak bolar. Bu ýerde “Uzboý” sözünde hem Amyderýanyň gadymy atlary bilen baglanyşyk bar. “Uzboý”, ýagny Oguzboý - bu boýlarynda biziň ata – babalarymyz ýaşap geçen Oguz derýasydyr, Amyderýanyň dowamydyr. Bu joşgunly derýanyň ýazyna hem-de tomsuna joşup kenaryndan agýandygy, ýüzlerçe, hat-da müňlerçe metre çenli meýdanlara aralaşandygy baradaky maglumatlara gabat gelinýär. X asyryň ahyrlarynda derýanyň joşup, Horezm şalarynyň paýtagty bolan Kýat şäherini dolulugyna suw alandygy bellidir. Ata – babalarymyz derýadan goranmak üçin ýönekeý zähmet gurallary bilen gaçy galdyrypdyrlar. Bu bolsa obalar, şäherler bilen bilelikde ekerançylyk meýdanlaryny kenarýaka tokaýlyklaryny hem suw basmakdan goramaga mümkinçilik beripdir.

Biziň döwrümizde Amyderýa ýurdumyzyň diňe bir ekerançylyk meýdanlarynyň esasy bölegini suwarmak, kenarýaka ilatyny agyz suwy bilen üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, ykdysadyýetimizi ösdürmekde hem möhüm orun eýeleýär. Biziň döwletimiziň çäginde Jeýhun derýasynyň köp bölegi gatnawlydyr. Bu bolsa derýanyň üsti bilen halk hojalygy üçin zerur bolan ýükleri daşamakda uly ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda gämi gatnawlarynyň amatly bomaklygy üçin gämi ýollaryny gyrmançalardan arassalamaklyga üns berilýär we bu ugurda kämil tehnikalar, läbiksorujylar işledilýär.

Amyderýanyň kenarlaryny berkitmek üçin maksatlaýyn işler yzygiderli alnyp barylýar. Munuň üçin gaçylar gurulýar, olarda abatlaýyş işleri geçirilýär, derýanyň kenarlarynda toraňňy tokaýlyklary goralyp saklanylýar we täze ýaş nahallar oturdylýar. Gadymyýetden bäri halk lukmançylygynda hem-de häzirkizaman saglygy goraýyş ulgamynda bejeriji serişde hökmünde, şeýle hem konditer önümçiliginde giňden ulanylýan buýan köki hem Amyderýanyň kenarynda bitýär. Dünýä bazarynda örän uly islegden peýdalanýan bu ösümligiň köki türkmen topragynda önýän milli baýlyklarymyzyň biridir.

Ýeri gelende bu joşgunly derýanyň üstünden gurlan demir ýol we awtomobil köprüleri barada hem aýdyp geçmek hökmandyr. 1887 - 1888-nji ýyllarda derýanyň üstünden agaçdan ilkinji köpri, 1898-1901-nji ýyllarda bolsa, 100 ýyl gowrak hyzmat eden has kämil demir ýol köprüsi gurlup, ulanylmaga berilýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ägirt uly ykdysady ähmiýete eýe bolan Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol köprüleriniň ikisiniň, awtomobil köprüleriniň hem üçüsiniň gurlup ulanylmaga berilmegi diňe bir Lebap welaýaty däl, eýsem, ýurdumyz boýunça-da, sebit boýunça-da taryhy wakadyr. Gysga möhletde – 2009–2017-nji ýyllar aralygynda gurlup ulanylmaga berlen göwrebap ulag geçelgeleri özüniň injenerçilik-tehniki gurluşy we ulanyş ölçegleri boýunça halkara ülňülerine doly laýyk gelýär we sag kenardaky ägirt uly mineral baýlyklary ykdysadyýetimiz üçin peýdalanmaklyga, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça halkara gatnaşyklaryny amala aşyrmaga giň mümkinçilikler berýär.

Halkymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan Amyderýa sözüň doly manysynda tebigatyň beren ajaýyp peşgeşidir, ümmülmez baýlygydyr we ol döwlet derejesinde aladalar bilen gurşalyp alnandyr.