Ï Türkmenistanyň Prezidenti Awstraliýa Arkalaşygynyň General-gubernatoryny gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Awstraliýa Arkalaşygynyň General-gubernatoryny gutlady

view-icon 4839

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Awstraliýa Arkalaşygynyň General-gubernatory Dewid Jon Hýorlä Türkmenistan bilen Awstraliýa Arkalaşygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz hatynda döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalar netijesinde iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, General-gubernator Dewid Jon Hýorlä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk, Awstraliýa Arkalaşygynyň halkyna bolsa ösüş we abadançylyk arzuw etdi.