Ï Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

view-icon 3189

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana, Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Mohammed bin Raşid Al Maktuma, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň biwagt aradan çykmagy zerarly, gynanç hatlaryny iberdi.

“Görnükli döwlet Baştutany bolmak bilen, Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýan Birleşen Arap Emirlikleriniň ynamly öňe gitmegine, şol bir wagtyň özünde hem dünýäniň ýurtlary, şol sanda Türkmenistan bilen oňyn we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine saldamly goşandyny goşdy. Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň ýagty ýadygärligi biziň halkymyzyň hakydasynda müdimilik galar” diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

“Goý, Gudraty Güýçli Allatagala şu agyr pursatda ruhy durnuklylyk we sabyrlylyk bersin!” diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dileg etdi hem-de merhumyň ýakynlaryna ýene-de bir gezek gynanjyny bildirmek bilen, ýürekden duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi.