Ï «Nuhuň gämisi» rowaýaty sahnada
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Nuhuň gämisi» rowaýaty sahnada

view-icon 5975
«Nuhuň gämisi» rowaýaty sahnada
«Nuhuň gämisi» rowaýaty sahnada
«Nuhuň gämisi» rowaýaty sahnada
«Nuhuň gämisi» rowaýaty sahnada
«Nuhuň gämisi» rowaýaty sahnada
«Nuhuň gämisi» rowaýaty sahnada
«Nuhuň gämisi» rowaýaty sahnada
«Nuhuň gämisi» rowaýaty sahnada
«Nuhuň gämisi» rowaýaty sahnada
«Nuhuň gämisi» rowaýaty sahnada
«Nuhuň gämisi» rowaýaty sahnada
«Nuhuň gämisi» rowaýaty sahnada
«Nuhuň gämisi» rowaýaty sahnada
«Nuhuň gämisi» rowaýaty sahnada
«Nuhuň gämisi» rowaýaty sahnada
«Nuhuň gämisi» rowaýaty sahnada
«Nuhuň gämisi» rowaýaty sahnada
«Nuhuň gämisi» rowaýaty sahnada
«Nuhuň gämisi» rowaýaty sahnada
«Nuhuň gämisi» rowaýaty sahnada
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynyň döredijilik işgärleri Döwlet teatr gözden geçirilişine «Nuhuň gämisi» spektaklyny taýýarladylar.

- Bu rowaýat giňden ýaýrandyr – diýip pýesanyň awtory Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarow gürrüň berýär. – 100-den gowrak halkyýet bu rowaýaty özüçe beýan edýär. «Nuhuň gämisi» pýesasyny has öňräk ýazypdym. Ine, ahyrsoňy ol sahnada beýanyny tapdy. Men tomaşaçylara diňe ýüregi päkler halas bolar diýen pikiri ýetirjek boldum. Gämä hamyla gelin münýär: heniz dogulmadyk çaga – ol Geljegiň adamsy, Geljegi hökman halas etmeli.

«Nuhuň gämisi» pýesasyny sahnalaşdyrmak netijä gelnenden soň, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri režisýor Aýnazar Batyrow bilen oýun goýujy nakgaş Batyr Bekmyradow gämi gurmaga girişdiler. Gala kysmy äpet gämi kemala gelinçe ençeme eskiz döredildi. Sahnada gurlan gämi şeýle bir uly boldy welin, sahna giňişligini giňeltmek üçin orkestr çukurynam ulanmaly boldy.

Umman şekili gowy sahna çözgüdi bolupdyr. Howa üflenýän mawy ýüpek mata galgap, tolkun şekilini döredýär.

Nuhuň keşbini döreden Türkmenistanyň halk artisti Orazgeldi Amangeldiýew şeýle gürrüň berýär:

– Beýik Biribar maňa ýüzlenende men ýaş ýigit wagtymdy. Gämi gurýançam men eýýäm garradym. Şoňa çenli adamlar Ýer ýüzüni suw aljagy barada hyýaly gürrüň bilen olaryň rahatlygyny bozýan diýip, meni ençeme gezek taýaklandym.

Men şonda-da pikirimden dänmedim. Belki, meniň erjelligim olary ynandyran bolmaly. Meni uranlaram gämä münermen boldy. Ýöne gäminiň bosagasy diňe päk göwünlileri goýberýärdi.

Maňa Nuhuň keşbini döretmek miýesser etdi, men hyýaly adamyň däl-de, adaty, elleri gabarçakly, erk-ygtyýary güýçli, adamlardan iň ýagşysyny geljege göçürmek başardan hak adamyň keşbini döretmek isledim.

Çagba galyp, gämi togtandan soň Nuh gury ýere düşüp boljagyny-bolmajagyny bilmek üçin gäminiň penjiresinden ak kepderini uçuryp görýär. Spektakla diri kepderem gatnaşýar. Bu spektakly döredenleriň tapan üýtgeşik çözgüdidir – guşuň näme etjekdigini biz Injil rowaýatyna tomaşa edenimizde göreris.