Ï Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça hyzmatdaşlygyň «Aşgabat görnüşi» döredildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça hyzmatdaşlygyň «Aşgabat görnüşi» döredildi

view-icon 4742
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça hyzmatdaşlygyň «Aşgabat görnüşi» döredildi

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň goldaw bermeginde Aşgabatda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyň netijeleri boýunça Aşgabat Jarnamasy kabul edildi.

Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça döredilen, hyzmatdaşlygyň «Aşgabat görnüşi» diýlip atlandyrylan bu meýdança parlamentara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, ony pugtalandyrmak we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak boýunça teklipleri işläp taýýarlamak üçin täsirli gural hökmünde möhüm ähmiýete eýedigini tassyklady.

Bu barada wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hasabat berdi.

Bu wekilçilikli duşuşygyň çäklerinde ikitaraplaýyn resminamalara, şol sanda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Täjigistan Respublikasynyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Şeýle hem «Aşgabat görnüşiniň» Türkmenistanyň paýtagtynda ştab-kwartirasy ýerleşjek Sekretariatyny döretmek barada ylalaşyk gazanyldy. Şunuň bilen baglylykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri hormatly Prezidentimize we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyna Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň daşary syýasy ugruny üstünlikli durmuşa geçirmäge berýän hemmetaraplaýyn goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.