mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidentini gutlady

view-icon 2901

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şeýh Mohammed Bin Zaýed Al Nahaýýana Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden  gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. 

Biz Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky doganlyk gatnaşyklara ýokary baha berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz öz hatynda belledi hem-de bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Şeýh Mohammed Bin Zaýed Al Nahaýýana berk jan saglyk, bagtyýarlyk we ýokary döwlet wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.