mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidentini gutlady

view-icon 1966

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow  Şeýh Mohammed Bin Zaýed Al Nahaýýana Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. 

Gahryman Arkadagymyz öz hatynda, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda emele gelen köpugurly gatnaşyklar özüniň netijeliligi bilen tapawutlanýar diýip belledi we bu gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi. 

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Şeýh Mohammed Bin Zaýed Al Nahaýýana berk jan saglyk, Birleşen Arap Emirlikleriniň doganlyk halkynyň öňe gitmegine hem-de gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda we işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.