Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly jenap Prezident!
Size we tutuş türkmen halkyna wenger-türkmen diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Şu geçen döwürde gatnaşyklar iki halkyň bähbidine özara hormat goýmak esasynda ösdürildi.
Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň we täze ulgamlarda giňeldilmeginiň Wengriýa üçin mundan beýläk-de ileri tutulýan ugurlaryň biri boljakdygyna Sizi ynandyrýaryn.
Size berk jan saglyk we jogapkärli işiňizde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,
Wiktor Orban,
Wengriýanyň Premýer-ministri.