Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň döredijilik topary Gadam Kakabaýewiň «Türkmeniň ýoly» pýesasy boýunça adybir sahna eseri bilen teatr festiwala gatnaşýarlar. Bu eser türkmenleriň ençeme nesliniň durmuşy beýan edilen golýazmalary agtaryp, gijesini ukusyz geçiren ýazyjynyň iş otagynda başlanýar.
Bu eserde Watanyny, ar-namysyny hem-de mertebesini hem-de ruhy gymmatlyklary ähli zatdan ýokary goýan gadymy halkymyzyň geçen şöhratly durmuş ýoly barada gürrüň berilýär.
Ýazyjynyň Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabyny okamagy jemleýji söz bolýar, onda halk umyt-hyýaly we türkmenleriň köp asyrlyk arzuwynyň wysal bolmagy, şeýle hem türkmenistanlylaryň her biriniň öz zähmeti hem zehini bilen Bitarap, Garaşsyz Döwletimizi berkitmäge çagyryş anyk beýan edilýär.
Eseriň ahyrynda ýazyjy soňky nokadyny goýanda iş otagyna onuň ejesi girýär. Ogly oňa täze taryhy dramasyndan bölek okaýar.
Bary dogry, şeýle-de – diýip, ýazyjynyň ejesi onuň ýazanyny tassyklaýar.
«Türkmeniň ýoly» atly sahna eseri Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy Berdiýew bilen Batyr Kakabaýew sahnalaşdyrdylar. Oýun goýujy nakgaş Mekan Annamyradow sahnada türkmen halkynyň durmuşynyň dürli döwürlerdäki wakalaryny döretmegiň hötdesinden gelipdir.