Ï 2022-nji ýylyň apreli: döwlet Baştutanymyzyň daşary syýasy başlangyçlarynyň ugry bilen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

2022-nji ýylyň apreli: döwlet Baştutanymyzyň daşary syýasy başlangyçlarynyň ugry bilen

view-icon 8250

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäniň gyzyklanma bildirýän ýurtlarynyň ählisi bilen netijeli syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary yzygiderli ösdürip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda giň halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegini dowam etdirýär. Geçen aýda ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar we abraýly guramalar bilen dürli görnüşde geçirilen giň gerimli çäreler — duşuşyklar, geňeşmeler, işewürlik gepleşikleri, forumlar, okuw maslahatlary, sergiler munuň aýdyň subutnamasydyr.

Goňşy döwletler bilen özara gatnaşyklary pugtalandyrmak Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Şol döwletler bilen gatnaşyklar bolsa köpasyrlyk mizemez dostluk, ynanyşmak we hoşniýetli goňşuçylyk däpleri esasynda guralýar.

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň rus tarapynyň başlygy Alekseý Owerçugyň 9-njy aprelde Türkmenistana bolan iş saparynyň çäklerinde döwletleriň gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, ähli ugurlarda bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmäge çalyşýandygy tassyklanyldy. Duşuşygyň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda we beýleki ugurlarda döwletara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň wajypdygy nygtaldy. Duşuşygyň gün tertibine, şeýle hem iki ýurduň işewür toparlarynyň we telekeçileriniň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri bilen bagly meseleler girizildi.

11-nji aprelde Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty we Moskwanyň döwlet halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan sanly ulgam arkaly “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.

12-nji aprelde “Türkmenistanyň Konstitusiýasy — adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepili” atly utgaşykly görnüşde okuw maslahaty geçirildi. Çäre “Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny» ornaşdyrmakda ýardam bermek” atly taslamanyň çäklerinde BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasy hem-de Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan guraldy. Forumda Türkmenistanda adam hukuklarynyň konstitusion kepillikleri we olary amala aşyrmagyň gurallary, ýurdumyzyň bu babatda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň durmuşa geçirýän taslamalary bilen baglanyşykly meseleleriň birnäçesine garaldy.

Şol gün sanly ulgam arkaly geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň nobatdaky iş maslahatyna Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, dialogyň Merkezi Aziýa döwletlerinden hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň degişli edaralaryndan wekiller gatnaşdylar. Maslahat Türkmenistanyň 2022-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde guraldy.

Mejlise gatnaşyjylar bu düzümiň ýyllyk iş meýilnamasyny we Düzgünnamasyny ara alyp maslahatlaşmak bilen, dürli çäreleriň geçirilmeginiň möhümdigini aýtdylar. Şol çäreler Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň döredijilik hem-de parahatçylyk döredijilik kuwwatyndan has doly peýdalanmak üçin netijeli ýollary işläp taýýarlamaga hem-de ony ählumumy parahatçylygyň, durnuklylygyň we ösüşiň pugtalandyrylmagy üçin ulanylmagyna, şol sanda Merkezi Aziýada zenanlaryň hukuklarynydyr mümkinçiliklerini giňeltmäge, bu ugurda BMG, onuň düzümleýin edaralary we beýleki ýöriteleşdirilen halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmäge ýardam eder.

14-nji aprelde Halkara Migrasiýa Guramasynyň (HMG) Merkezi Aziýa boýunça sebit utgaşdyryjysy, HMG-niň Gazagystandaky, Gyrgyz Respublikasyndaky, Türkmenistandaky we Özbegistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçysy Zeýnal Gajiýew bilen sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşygyň barşynda “2022-nji ýylda Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Halkara Migrasiýa Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän taslamalaryň meýilnamasyny” durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan ugurlaryna garaldy.

Ýurdumyz HMG-niň dürli sebit taslamalaryna işjeň gatnaşmak bilen, Migrasiýa babatda ählumumy ylalaşyk boýunça meýletin milli syny taýýarlady. Bu syn Halkara Migrasiýa Guramasyna hem-de BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasyna (ESKATO) iberildi.

Türkmenistanyň Adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy ulgamynda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň 16-njy aprelde Daşary işler ministrliginde geçirilen nobatdaky mejlisinde geçen ýylda amala aşyrylan işler hem-de bu düzümiň geljek döwür üçin işiniň ileri tutulýan ugurlary barada jikme-jik habar berildi.

19-njy aprelde Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Medeniýet ministrligi tarapyndan “Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde” atly halkara ylmy duşuşyk geçirildi. Bu çäräniň maksady taryhy we medeni ýadygärlikleri öwrenmek, gorap saklamak hem-de rejelemek babatda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekden we tejribe alyşmakdan ybaratdyr.

21-nji aprelde sanly ulgam arkaly Medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-italýan iş toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Duşuşygyň barşynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň meselelerine, hususan-da, arhiw işi, serişdeleri sanlylaşdyrmak, sergileri guramak, arheologik gözlegler, uzak aralykdan zondirlemek we kosmosdan surata düşürmek arkaly ýerleriň we taryhy-medeni maksatly obýektleriň monitoringi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Taraplar arheologik gözlegler ulgamynda özara gatnaşyklar meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň hem-de ÝUNESKO-nyň taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýawly saklamak boýunça maksatnamalarynyň, rejelemek we arhiw işi ulgamynda tejribe alyşmagyň çäklerinde sanly ulgam arkaly okuw maslahatlaryny, arheologik tapyndylary hem-de golýazmalary dikeltmek boýunça okuw sapaklaryny, Italiýanyň we Türkmenistanyň aýdym-saz sungaty hem-de halk saz gurallary boýunça tejribe sapaklaryny, Italiýanyň muzeýleriniň birinde Margiananyň bürünç eýýamynyň hem-de Gadymy Parfiýanyň gymmatlyklarynyň sergilerini guramak baradaky teklipleri öňe sürdüler.

22-nji aprelde daşary işler ministrleriniň “Merkezi Aziýa — Russiýa” görnüşinde sanly ulgam arkaly geçirilen bäşinji mejlisinde syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda köptaraply hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy.Şeýle hem koronawirus pandemiýasy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda Wirusologiýa we bakteriologiýa boýunça sebit merkezini döretmek baradaky teklibine mejlise gatnaşyjylaryň ünsi çekildi.

Şol gün Daşary işler ministrliginde Ýaponiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hiroýuki Ýamamoto bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda abraýly sebit we halkara düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi hem-de “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň çäklerinde köptaraply hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigi kanagatlanma bilen bellenildi.

23-nji aprelde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri baradaky Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi boldy. Onuň gün tertibiniň esasy meseleleri bu toparyň şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de bu düzümiň Sekretariaty hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem geljekki döwür üçin işleriň meýilnamasy bilen baglanyşykly boldy.

Mejlise gatnaşyjylar ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralaryny döretmek, Aşgabady “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň ählumumy ulgamyna goşmak bilen baglanyşykly meselelere garadylar.

Şunuň bilen birlikde, degişli döwürde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä sanawyny hem-de ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyny giňeltmek boýunça işler ara alnyp maslahatlaşyldy, milli we köptaraply deslapky hödürnamalary, hususan-da, ÝUNESKO-nyň “Adam we biosfera” halkara maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň, Gazagystanyň hem-de Özbegistanyň gatnaşmagynda “Aram guşaklygyň Turan çöllerini”, “Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däplerini” bu abraýly sanawa girizmek boýunça hödürnamalaryň iberilendigi bellenildi. Şeýle hem Köýtendagyň daglyk ekoulgamyny bu sanawa girizmek boýunça milli hödürnamany işläp taýýarlamak meýilleşdirilýär.

25-nji aprelde ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň “Şäherlerdäki baglar” atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň berilmegi mynasybetli geçirilen dabaraly maslahata Türkmenistanda işleýän halkara guramalaryň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmen paýtagtyna bu güwänamanyň berilmegi Bitarap Watanymyzyň ekologiýa we daşky gurşawy goramak ulgamynda gazanan üstünlikleriniň halkara derejede ykrar edilmeginiň subutnamasydyr. Çykyşlarda Türkmenistanyň we BMG-niň köp ýyllaryň dowamynda bilelikdäki tagallalary bilen ekologiýa howpsuzlygynyň ýokary derejesini üpjün etmäge, tebigata aýawly garamaga, onuň baýlyklaryny goramaga hem-de artdyrmaga, “ýaşyl” ykdysadyýetiň ýörelgelerinidir tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen maksatnamalary, taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýändikleri bellenildi.

Şu maksat bilen, Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde her ýyl giň gerimli bag ekmek çäreleri geçirilýär. Munuň özi ýerli ösümlik we haýwanat dünýäsini aýawly saklamak hem-de baýlaşdyrmak, ilatly ýerleri tomsuň jöwzasyndan, tozandan we güýçli ýelden goramak, topragyň zaýalanmagynyň öňüni almak üçin aýratyn howa zolaklarynyň kemala gelmegine ýardam edýär.

25-26-njy aprelde ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan sanly ulgam arkaly Gün, ýel we utgaşykly beketlerde işlenip taýýarlanylýan elektrik energiýasyny merkezi elektrik ulgamyna geçirmäge bagyşlanan okuw maslahaty guraldy. Türkmenistanyň energetika syýasaty tebigy gazdan hem-de nebit önümlerinden durnukly peýdalanmak, energiýanyň alternatiw çeşmeleriniň ulanylmagyny giňeltmek, bilimler we tejribe alyşmak arkaly energiýa serişdeleriniň üstaşyr iberilmegini ilerletmäge, energiýany tygşytlamaga hem-de onuň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Okuw maslahatynyň çäklerinde halkara bilermenler tarapyndan energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň esasynda desgalary elektrik ulgamyna birikdirmegiň çyzgylaryny işläp taýýarlamagyň usullary hödürlenildi hem-de üýtgeýän we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini elektrik ulgamyna goşmagyň meseleleridir çözgütleri jikme-jik beýan edildi.

26-njy aprelde Daşary işler ministrliginde sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasy bilen dürli ugurlarda, şol sanda ulag hem-de energetika ulgamynda hyzmatdaşlygynyň birnäçe meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

27-nji aprelde Daşary işler ministrliginde BMG-niň Statistika müdirliginiň demografik statistika bölüminiň ýolbaşçysy Srjan Mrkiç bilen geçirilen duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň BMG-niň Statistika müdirligi hem-de Ilat gaznasy bilen hyzmatdaşlygynyň geljegine garaldy.

Şu ýyl ýurdumyzyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmäge taýýarlyk görmek, statistiki maglumatlary ýygnamak we seljermek gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri boldy. Şunuň bilen birlikde, gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek, ýaşlaryň abadançylygy hem-de ösüşi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

28-nji aprelde Daşary işler ministrliginde Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Bet-Iden Kaýt bilen geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň hem-de pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Abraýly sebit we halkara guramalaryň çäklerinde köptaraply gatnaşyklaryň oňyn tejribesiniň bardygyna aýratyn üns berildi.

28-29-njy aprelde ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guralan okuw maslahatynyň esasy meselesi wodorod energetikasyny ösdürmek hem-de energiýa babatda netijeli çemeleşmelerden peýdalanmak üçin öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion çözgütleri ornaşdyrmak bilen baglanyşykly boldy.

Bu çärede daşary ýurt bilermenleri tarapyndan dünýä derejesinde energiýanyň sarp edilişinde energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri hökmünde wodorody ulanmak bilen baglanyşykly tehnologiýalara we innowasiýalara hemmetaraplaýyn syn berildi. Munuň özi ekologiýa we durmuş babatda artykmaçlyklary döredýär. Ykdysady taýdan bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrýar, energiýa babatda yzygiderli artýan ählumumy islegleri durnukly kanagatlandyrmak üçin uly kuwwaty emele getirýär.

29-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýetiniň Abu-Dabi şäherine amala aşyran saparynyň çäklerinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al-Nahaýýan bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, hususan-da, maýa goýum we maliýe-bank ulgamlaryndaky gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Şol gün BAE-niň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyk geçirildi, onda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleriniň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem duşuşykda ozal gol çekilen şertnamalaryň we gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi, Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň işi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Şeýlelikde, geçen aýyň wakalary ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan Türkmenistanyň ählumumy başlangyjyny durmuşa geçirmek — häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly täze filosofiýasyny kemala getirmek boýunça işleri yzygiderli amala aşyrýandyklarynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Bu filosofiýa halklaryň parahatçylykly we özara ynanyşmak ýagdaýynda ýaşamagynyň däplerini pugtalandyrmakda dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge, döwletara gatnaşyklarda parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň medeniýetini hemmetaraplaýyn berkitmäge gönükdirilendir.