Aşgabatda teatr gözden geçirilişiniň çäklerinde Mary welaýatynyň Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynyň «Türkmen sahysy» spektakly görkezildi. Pýesa esas edilip Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitaby alyndy.
Hatamtaý spektakly Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynyň sahnasynda görkezildi.
Gadymy halk ertekileriniň gahrymany Hatamtaý sahawatlylygy we geçirimliligi bilen tapawutlanypdyr. Ol baradaky ençeme rowaýat şu günlere çenli saklanyp galypdyr. Dilden dile geçip gelen hekaýatlara laýyklykda, spektakl tymsal dilinde goýlupdyr.
Hatamtaý barada spektakl goýmagy öňden bäri niýet edinip ýören režisýor Ata Gullarow onuň her bir detalyny jikme-jik işläpdir.
Hekaýatyň epiki häsiýetini nygtamak üçin sahna köp aktýor gatnaşdyrylýar. Döwre kybap sahna bezegi we ajaýyp saz döredilipdir. Onuň ýordumy başdan özüne maýyl edýär.
Şäher meýdançasynda jarçy Pudak baýyň Hatamataýyň kellesini getiren gerçege köp pul we gyzyny berjekdigini aýdýar. Oňa Hudaýberdi diýen biri höwesek bolýar. Halk ondan zalymlyk etmezligi haýyş edýär. Ýöne ol gulak asmany ýola düşýär.
Ol uzak ýol ýöräp Hatamtaýyň öýüne barýar. Halys bolup daýhanlaryň ýanynda düşleýär.
— Heý, ýagşy kişiler, Hatamtaýyň öýüni salgy beräýiň – diýýär.
Myhmansöýer Hatamtaýyň öýünde ony mähirli kabul edýärler. Gymmatbaha sowgat-engam berýärler, datly tagamlar bilen hezzelteýärler. Hudaýberdi öý eýesiniň adyny eşidenden onuň lapy keç bolýar. Çünki ol Hatamtaýyň kellesini almaga gelipdi ahyry.
Tymsalyň soňy her ertekide bolşy ýaly, gowulyk bilen gutarýar.
Sepktaklda gyzykly, üýtgeşik keşpleriň, gülküli ýagdaýlaryň ençemesi bar. Aktýorlaryň duýgylara baý oýny ýeňilligi we sahna erkinligi bilen täsir edýär. Mary teatrynyň oýnuna tomaşaçylar gowy baha berdiler.