Ï Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hat

view-icon 3681

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi Russiýanyň “Dostluk” ordeni bilen sylaglanmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky pugta özara düşünişmegi hem-de hoşniýetli gatnaşyklary alamatlandyrýan bu şanly waka, goý, Sizi iki ýurduň halky üçin hem, ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmak üçin hem strategik ähmiýete eýe bolan netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň ýörelgelerini has-da artdyrmak ugrunda geljekde-de döredijilik ylhamyna ruhlandyrsyn! Size tüýs ýürekden buýsanýaryn we ýurduňyzyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işiňizde uly üstünlik, berk jan saglyk, bagt arzuw edýärin.

Rus-türkmen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde doganlyk halklarymyzyň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň has-da ösdüriljekdigine berk ynanýaryn.

Rustam MINNIHANOW,

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti,

“Russiýa — yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň başlygy.