Ï Amyderýa goraghanasy – gözellikler we täsinlikler dünýäsi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Amyderýa goraghanasy – gözellikler we täsinlikler dünýäsi

view-icon 10444
Amyderýa goraghanasy – gözellikler we täsinlikler dünýäsi

Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça Birleşen Milletler Guramasy bilen ysnyşykly işläp, onuň konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulýar we bu babatda netijeli işler amala aşyrylýar. Bu umumadamzat bähbitli işleri durmuşa geçirmekde, gözel tebigatymyzyň haýran galdyryjy täsin künjeklerini gorap saklamakda we geljekki nesillere ýetirmekde ylmy taýdan öwrenmekde ýurdumyzyň goraghanalarynda hem giň göwrümli işler alnyp barylýar. Şeýle goraghanalaryň biri-de ýylyň islendik paslynda özboluşly aýratynlyklary bilen haýran galdyrýan, täsinliklere baý Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşawy guramak gullugynyň Amyderýa döwlet tebigy goraghanasydyr.

Bu goraghana Amyderýanyň orta akymynyň hem-de derýanyň kenarlaryny gurşap alan tokaýlyklaryň, derýaýaka Gyzylgum we Garagum sähralarynyň ekologik ulgamlaryny ylmy esaslarda öwrenmek, gorap saklamak maksady bilen, 1982-nji ýylda döredildi. Onuň düzümine Görelde, Gabakly we Nargyz bölümleri hem-de Kelif çäkli goraghanasy girizildi. Goraghananyň Görelde, Gabakly we Nargyz bölümleri Lebap weýatynyň demirgazyk-gündogar böleginde Dänew, Darganata, Farap etraplarynda ýerleşip, 48 müň 350 gektar meýdany tutýar. Kelif çäkli goraghanasy günorta-gündogar Garagumda, welaýatyň Halaç we Kerki etraplarynda ýerleşip, 103 müň gektar meýdany eýeleýär. Goraghananyň 6 müň 500 gektaryny kenarýaka tokaýlyklar, 36 müň 320 gektaryny hem Garagum we Gyzylgum sähralarynyň belli bir çäkleri eýeleýär. Goraghana Turan pesliginiň çägeli-çöl zolagynyň demirgazyk landşaft sebitiniň çäklerinde ýerleşýär. Goraghananyň Gabakly we Görelde bölümleri Amyderýanyň çep kenarynda Nargyz bölümi bolsa sag kenarynda ýerleşendir. Goraghananyň Nargyz bölümi diňe bir kenarýaka tokaýlyklardan ybarat bolman, eýsem ol gündogar-demirgazyk çäginde Gyzylgum sährasynyň tebigy gözelliklerini hem özünde jemleýär. Beýikligi 13-14 metre ýetýän petde, toraňňy, igde agaçlarynyň duş gelmegi onuň has irki, tokaýlyklardygyny subut edýär. Amyderýanyň çep kenarynda, goraghananyň Gabakly bölümi ýerleşip, ol ýer üstüniň gurluşynyň dürlüligi bilen tapawutlanýar. Bu ýerde tokaýlyklary bölüp geçýän arnalar, suwly-gamyşly çöketlikler, gum depeleri, seýrek we gür tokaýlyklar duş gelýär. Goraghananyň Görelde bölümi gündogar sebitiň demirgazygyndaky Darganata etrabynda ýerleşýär. Bu bölüm günorta-günbatarda Garagum sährasy bilen araçäkleşýär. Goraghananyň bu böleginiň ähli ýeri tokaýlyklar bilen gurşalandyr. Tokaýda ösümlikler gür we garyşyk ýerleşendir. Goraghananyň döredileninden bäri geçen 40 ýylyň içinde Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda daşky gurşawy goramak, goraghananyň ösümlik we haýwanat dünýäsini, ekoulgamyny öwrenmek boýunça ylmy barlaglaryň ençemesi alnyp baryldy. Goraghanada ösümlik hem-de haýwanat dünýäsiniň dikeldilmegi, has-da baýlaşdyrylmagy ugrunda netijeli işler geçirilýär. Bu ýerde süýdemdirijileriň 41 görnüşi, balyklaryň 36, ýerde-suwda ýaşaýanlaryň 2, süýrenijileriň 29 görnüşi, oňurgasyzlaryň ýüzlerçe, şol sanda möýleriň 80-den gowrak görnüşi, guşlaryň hem 175 görnüşi duş gelýär. Goraghananyň esasy aýratynlyklarynyň biri-de bu ýerde asylly sugun ady bilen giňden tanalýan tokaý sugunynyň duş gelmegidir. Häzirki wagtda olary goramak, sanyny köpeltmek boýunça geçirilýän işler öz oňyn netijelerini berýär. Tokaýdaky ösýän ösümlikleriň ýapraklary, gülleri, miweleridir-kökleri bu ýerde ýaşaýan haýwanat faunasynyň, mör-möjekleriň esasy iýmit düzümi bolup hyzmat edýär. Goraghanada ýaşaýan guşlardan, esasan-da, Amyderýa sülgünini, balykçy bürgüdi, gyzgylt we buýraly gotany, gara ördegi, uzynguýruk garaguşy, hüwini, gulatyny, guba gazy we beýlekileri belläp geçmek bolar. Goraghananyň çäginde süýdemdirijilerden gunduz, garagulak, tokaý suguny, torsuk, ýekegapan, sähra pişigi, şagal, keýik, towşan, oklukirpi ýaly haýwanlara duş gelmek bolýar. Goraghananyň ösümlik dünýäsi hem özüniň köpdürliligi bilen tapawutlanýar. Bu ýerde ýokary gurluşly ösümlikleriň 230–a golaý görnüşi bellidir. Geçirilen ylmy barlaglaryň netijesinde goraghananyň sähralyk meýdanlarynda dürli ösümlikleriň 120 – den gowrak görnüşi, tokaý zolaklarynda ösümlikleriň 90 – a golaý görnüşi hasaba alyndy we olaryň aglabasynyň dermanlyk ösümliklerdigi anyklanyldy.

Ýurdumyzda alnyp barylýan ekologik syýasaty durmuşa ornaşdyrmak, daşky gurşawy, tebigy gözellikleri, şonuň bilen birlikde seýrek duş gelýän haýwanlary we ösümlikleri gorap saklamak we olary köpeltmek maksady bilen Amyderýa goraghanasynyň işgärleri tarapyndan netijeli işler alnyp barylýar.