mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Medeniýet hepdeligi – 2022-de täze türkmen kinolary görkezildi

view-icon 3684

Mary welaýatynda Medeniýet hepdeligi – 2022 dabaraly açyldy. Döredijilik forumynda garaşylýan wakalaryň hatarynda Diýarymyzyň kinoönümçiliginiň täze işleriniň görkezilişi bolar.

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň döredijilik topary, Mary şäheriniň hem-de golaýyndaky etraplaryň ýaşaýjylaryny ýerli Medeniýet öýüne täze filmleri görmäge çagyrýar. Şol ýerde kino görkezişler, kino işgärleri bilen duşuşyklar hem-de artistleriň kino düşenlerinde ulanan serişdeleridir geýen egin-eşikleri boýunça sergi guralar.

Türkmen kinostudiýasynda şu ýyl kinematografiýaçylar doly göwrümli we gysga göwrümli filmleriň ençemesini surata düşürdiler. Surata düşürmek işleri diňe bir studiýanyň bölümlerinde däl, eýsem, tebugy meýdançalarda hem geçirildi. Mysal üçin, Sahysalyh Baýramowyň «Gyzyl kürte» atly gysga göwrümli filminiň köp bölegi Nohurda, Ýerbentde hem-de Türkmenistanyň beýleki ajaýyp tebigy künjeklerinde.

Kino režissýorlary taryhy we halkymyzyň baý medeni mirasyna köp ýüzlenýärler. Medeniýet hepdeligi – 2022-niň myhmanlary we oňa gatnaşyjylar giň ekranlarda režissýor Wepa Işangulyýewiň «Çapar» atly täze taryhy kinofilmine tomaşa ederler. Filmde XVIII asyryň wakalary suratlandyrylýar.

Batyr Batyrowyň «Hajygolak» kinofilmi şadessanlar we halk rowaýatlary dünýäsine atarar. Wakalaryň esasynda dutar çalmakda ussatlyga eýe bolan ýaş ýigidiň taryhy beýan edilýär. Režissýor Arslan Eýeberdiýew «Istärin» kinofilmini beýik türkmen şahyry we filosofy Magtymguly Pyraga bagyşlapdyr.

Medeniýet hepdeligi – 2022-niň çäklerinde häzirki döwürdeşlerimiz barada filmler görkeziler. Annadurdy Täşliýewiň «Binýat» atly kinofilmi öz taslamalarynyň üstünde yhlasly işleýän ýaş şäher gurluşykçylarynyň durmuşy barada gürrüň berýär. Läle Esenowanyň «Owaz» atly filmi öý-ojagyň hem-de maşgala gymmatlyklarynyň möhümdigini görkezýär. Myrat Orazowyň «Sähra aýdymy» atly kinofilminde bolsa türkmen tebigatynyň özüne bendi ediji ajaýyp gözelligi beýan ediler.

Kino surata düşürmek işleri döredijilik forumynyň geçýän wagtynda hem dowam eder. Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi çeper-publisistik filmi surata düşürmegiň üstünde iş alyp barýar. «Margiana» atly täze kinofilm Maryda geçirilýän Medeniýet hepdeilginiň wakalary barada gürrüň berer.