mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Raýatlarymyzyň hukuk goragynda

view-icon 1936
Raýatlarymyzyň hukuk goragynda

Adalat ministrliginiň ulgamyna yzygiderli onlaýn hyzmatlar girizilýär. Soňky döwürde ilatyň hukuk häsiýetli hyzmatlardan peýdalanmagyny we dürli hukuk meseleler boýunça zerur maslahatlary almagyny ýeňilleşdirýän web-saýtlar döredilýär.

Şunuň ýaly web-saýtlaryň biri bolan minjust.gov.tm işe girizldi we häzir alys ýerlerde ýaşaýan ilata onlaýn tertipde hyzmatlaryny hödürleýär. Bu hyzmat bir tarapdan ýurdumyzyň raýatlarynyň wagtyny we maliýe serişdesini tygşytlamak üçin amatly mümkinçilik bolsa, beýleki tarapdan Adalat ministrligiň raýatlara berýän hukuk kömeginiň hiliniň ýokarlanmagyna getirýär.

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi web-saýtynda raýatlary alada goýýan talapnamalary ibermegiň düzgüni barada anyk düşündirişler bar. Raýatlaryň gozgaýan meseleleri dürli-dürli häsiýetlidir, köplenç bu meseleler olaryň hukuklary we borçlary bilen baglanyşykly. Mundan başga-da maslahatlar raýatlaryň bu ýa-da beýleki hukuk resminamalaryny bellige almagyň kadalaryna we usullaryna degişlidir

Onlaýn hyzmatlaryň işe girizilmegi hünärmenleriň işini belli bir derjede düzgüne saldy, bu bolsa, öz gezeginde, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hiline täsir etdi. Nobatyňa garaşmak zerurlygy aradan aýryldy, raýatlar onlaýn hyzmatlardan islendik wagt peýdalanyp bilýärler.

Täze hyzmatlaryň girizilmegi bilen bir hatarda, Adalat bölüminiň, welaýat prokuraturasynyň, kazyýetiň, aklawçylar kollegiýasynyň we Ahal welaýat häkimliginiň jogapkär işgärleri Ak Bugdaý etrap häkimliginiň jaýynda raýatlary alada goýýan meseleler boýunça kabul edişlik geçirýärler. Şu ýerde-de hünärmenler raýatlara ýerlikli masahatlar berýärler, olaryň wajyp meselelerini çözmek üçin, ellerinden gelen kömegi aýamaýarlar.

Ahal welaýatynyň adalat bölüminiň işgärleri öz gündelik işlerinde «Türkmenistanyň adalat edaralary hakyndaky» ýurdumyzyň Kanunyndan gelip çykýan talaplaryndan gyşarnyksyz ugur alýarlar, öz hünär derejelerini ýokarlandyrmak, şol sanda häzirki zaman sanly tehnologiýalary özleşdirmek bilen yzygiderli meşgullanýarlar.