Ï Täze hususy maldarçylyk hojalygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze hususy maldarçylyk hojalygy

view-icon 10380

Ýurdumyzda bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda-da oba hojalyk-senagaty toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, şol sanda et we süýt önümleriniň öndürilişini artdyrmaga we bu pudaga hususy sektory çekmäge gönükdirilen uly özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Bu işiň mese-mälim netijeleriniň biri-de Gubadag etrabynyň «Jeýhun» geňeşliginde ulanylyşa girizilmegine taýýarlyk görülýän täze hususy maldarçylyk hojalygydyr. Iki ýüz baş gara mal saklamaga niýetlenilen täze desga Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzasy, telekeçi Arslan Çowdurowa degişlidir. Ol döwlet tarapyndan haryt öndürijä 99 ýyl möhlet bilen ulanylyşa berlen ýerde gurlupdyr. Hojalygyň umumy meýdany üç gektardyr. Onda edara binalary, mal saklamak üçin iki sany gyş we bir tomus jaýy, iým ammary, mal lukmançylygy bölüminň we enjam bejerme jaýy, önümi satmak üçin dükan, şeýle hem önümçilik hem tehniki maksatly beýleki zerur desgalar gurlupdyr. Hojalygyň ygtyýarynda döwrebap yşyklandyryş enjamlary we ýelejiretme ulgamy-da bar. Hünärmenleriň sözlerine görä, maldarçylyk hojalygynda ýylda ýüz tonnadan gowrak mukdarda süýt öndüriler.

Şeýle önümçiligiň netijeliliginiň esasy faktorlarynyň biri-de öz iým ätiýajyň bolmagydyr. Ony döretmek üçin, döwlet hususy telekeçä ýüz gektar ýer bölüp beripdir, onuň aglaba bölegine eýýäm mekgejöwen ekilipdir.

Geljekde telekeçi hojalykda et önümleriniň öndürilişini-de ýola goýmakçy, munuň üçin ol häzir aýratyn jaý taýýarlaýar. Şol bir wagtyň özünde täze desganyň çäkleriniň abadanlaşdyryş işleri-de alnyp baylýar.

Demirgazyk sebitde maldarçylyk oba hojalyk pudagynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şonuň üçin-de bu ýerde hojalygy alyp barmak usullaryny kämilleşdirmäge, innoowasiýa esasynda pudagy döwrebaplaşdyrmaga, onuň peýdalylygyny artdyrmaga aýratyn üns berilýär. Bu ýerde hususy telekeçiligiň orny-da barha artýar. Şonuň üçin maldarçylyk, döwlet tarapyndan döredilen ýeňillikler saýasynda, telekçilik işiniň girdejili ugurlaryndan biri bolup durýar.