Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 3285
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň оrunbasary M.Muhammedowa söz berdi. Wise-premýer býujet ulgamyny kämilleşdirmek, milli kanunçylyga halkara tejribäni ornaşdyrmak, döwletiň maliýe serişdelerini netijeli ulanmak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetini işläp taýýarlamak, 2025-nji ýyldan başlap orta möhletli býujet meýilleşdirilişine geçmek we bu ulgamyň dolandyrylyşyny döwrüň talaplaryna laýyk guramak üçin durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýan anyk çäreler barada habar berildi.

«Türkmenistanda býujet işini kämilleşdirmek boýunça çäreler hakynda» Kararyň deslapky taslamasynyň taýýarlanylýandygy barada aýdyldy. Ol ýurduň Býujet kodeksiniň wezipelerini hem-de talaplaryny ýerine ýetirmäge gönükdirilendir. Resminamada Döwlet býujetini 3 ýyllyk möhlet üçin işläp düzmek, onuň ýerine ýetirilişine gözegçiligi berkitmek we býujet ulgamyny dolandyrmagy kämilleşdirmek boýunça çäreleriň toplumy, 2022 — 2024-nji ýyllarda degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamak göz öňünde tutuldy. Şunuň bilen bir hatarda, ýörite döwlet toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki zaman şertlerinde ykdysadyýeti dogry we sowatly dolandyrmagyň örän möhümdigini, şunuň bilen baglylykda, onuň gurallarynyň biriniň býujet ulgamy bolup durýandygyny belledi. Şu işlerde esasy maliýe resminamasy bolan ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň kemala getirilmegine wajyp orun berilýär. Pul akymlaryny dolandyrmagyň güýçli, durnukly ulgamy döwletiň ygtybarly bolmagyna, Watanymyzyň gülläp ösmegine hem-de raýatlaryň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de wise-premýere bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer ulag-aragatnaşyk ulgamyny toplumlaýyn esasda ösdürmek, multimodal gatnawlar üçin mümkinçilikleri artdyrmak we ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň, Merkezi bankyň we Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň karz serişdelerini çekmegiň hasabyna, Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde Halkara howa menziliniň gurluşygyny maliýeleşdirmek boýunça teklipler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda telekeçiler tarapyndan durmuşa geçirilýän iri düzümleýin taslamalary maliýeleşdirmäge halkara guramalardan maýa goýumlary çekmek arkaly olar bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmegiň milli durmuş-ykdysady strategiýanyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklibi makullap, wise-premýere meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň оrunbasary Ş.Abdrahmanow «Türkmennebit» döwlet konserniniň guýularyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak boýunça ýöriteleşdirilen elin hyzmatlary ýerine ýetirmek barada şertnamany baglaşmagy hakynda» Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Resminama laýyklykda, Hytaýyň nebithimiýa korporasiýasynyň ýanyndaky Halkara nebit hyzmatlar kompaniýasy bilen degişli şertnamany baglaşmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitiň gazylyp alynýan möçberlerini ýokarlandyrmak üçin pudaga öňdebaryjy tejribäni giňden çekmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu resminamanyň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmegini tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň оrunbasary Ş.Abdrahmanow Hazar deňziniň türkmen kenaryny özleşdirmek, hususan-da, Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyk esasynda «Çeleken» şertnamalaýyn çägini özleşdirmek işlerini netijeli dowam etdirmek babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, “Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd.” kompaniýasy bilen bilelikde degişli işleri geçirmek baradaky teklipler beýan edildi. Bu kompaniýa bilen “Türkmennebit” döwlet konserniniň arasynda gol çekilmegi göz öňünde tutulýan şertnama barada hem hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu ulgamda öňde durýan wezipeleriň çözülmegine oýlanyşykly we toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hödürlenen teklipleri makullap, wise-premýere bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň оrunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, şeýle hem ýerleriň medeniýetini we suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlarynyň ekerançylyk ýerleriniň medeniýetini ýokarlandyrmak hem-de suw serişdelerini tygşytlamak maksadyndan ugur alnyp, degişli hünärmenler bilen ýerinde zerur işleriň geçirilendigini habar berdi.

Şu günler ýurdumyzyň welaýatlarynda galla oragy güýçli depginde dowam etdirilýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri alnyp barylýar, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde daýhanlar şaly, gant şugundyry ýaly aralyk ekinleri ekýärler. Şunuň bilen bir hatarda, gowaça ideg etmek boýunça agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Türkmenistanyň Suw üpjünçilik meseleleri boýunça hökümet toparynyň maslahatynda meýilnamalar düzülip, degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, galla oragynyň öz wagtynda tamamlanmagynyň hem-de hasylyň ýitgisiz ýygnalmagynyň üpjün edilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz täze ýylyň hasylynyň düýbüni tutmaga şu günlerden taýýarlyk görmegiň, bugdaý oragyndan boşan meýdanlara aralyk ekinleri ekmegiň zerurdygyna ünsi çekip, gowaça ideg etmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegiň möhümdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň oba hojalygynda ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berjek hem-de obasenagat toplumynyň ägirt uly kuwwatyny amala aşyrmaga ýardam etjek suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagynyň wajypdygyny nygtady we bu babatda degişli görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň оrunbasary Ç.Purçekow ýurdumyzda ykdysady taýdan bähbitli we ekologik taýdan arassa gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlaryna laýyklykda, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de “ýaşyl” energetikany döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde “Altyn asyr” Türkmen kölüniň töwereginde dörediljek ilatly ýerleriň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin kuwwatlylygy 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik beketlerini gurmak boýunça guramaçylyk işleri dowam etdirilýär. Şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ýurdumyzyň çet gyralarynda we barmasy kyn ýerlerde ýerleşýän ilatly nokatlaryň elektrik üpjünçiligi üçin ulanmak maksadalaýyk hasaplanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hödürlenen teklibi makullady hem-de ýurdumyzyň elektroenergetika ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda we onuň kuwwatyny artdyrmakda uly ähmiýete eýedigini nazara almak bilen, bu ugurda alnyp barylýan işleriň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz “ýaşyl” energetikanyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça täze taslamalaryň aýratyn zerurdygy barada aýdyp, daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän energetikanyň ykdysady taýdan bähbitli desgalarynyň gurulmagy babatda bellenen meýilnamalaryň, şol sanda ekologik abadançylygy we ýurdumyzyň sebitleriniň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşini üpjün etmek boýunça meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine gönüden-göni ýardam etjekdigini nygtady hem-de degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň оrunbasary B.Atdaýew «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. “Ýaşaýşymyz üçin geljegiň jemgyýetini döredýäris” şygary astynda guraljak bu halkara forumyň 2025-nji ýylyň 13-nji apreli — 13-nji oktýabry aralygynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljekdigi habar berildi.

Guramaçylyk işleriniň dowamynda ýapon tarapy Türkmenistanyň milli pawilýonyny “Durmuş mümkinçiliklerini giňeltmek” atly bölümde ýerleşdirmegi teklip edýär. Şunuň bilen baglylykda, «EKSPO — 2025» sergisinde milli pawilýonymyzy gurmagyň taslamalaryny saýlap almak üçin ýurdumyzyň gurluşyk kompaniýalarynyň arasynda bäsleşik yglan etmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwlet strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde häzirki wagtda Türkmenistanda ykdysady ösüşiň milli nusgasy kemala getirildi, munuň özi türkmen halkynyň abadan durmuşyny üpjün etmäge hem-de Diýarymyza dünýäniň ykdysady taýdan ösen we syýasy taýdan durnukly döwletleriň hatarynda mynasyp orun eýelemäge mümkinçilik berýär diýip belledi. Döwlet Baştutanymyz «EKSPO — 2025» sergisine gatnaşmagyň möhümdigi barada aýdyp, şeýle giň gerimli gözden geçirişleriň Watanymyzyň gazananlaryny, onuň eksport kuwwatyny açyp görkezmek, tejribe alyşmak, özara bähbitli hyzmatdaşlyk meselelerini oňyn çözmek üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň milli pawilýonynyň bezeg işlerinde özboluşly çözgütleriň ulanylmagy zerurdyr, olarda milli binagärligiň gadymy ýörelgeleri öz beýanyny tapmalydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu babatda toplanan oňyn tejribäniň yzygiderli baýlaşdyrylmagynyň zerurdygyny belläp, wise-premýere ýurdumyzyň bu halkara sergä gatnaşmagynyň ýokary derejesini üpjün etmek boýunça guramaçylyk işlerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň оrunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň iýul aýynda geçiriljek esasy çäreleriň tertibi barada hasabat berdi. Şol çäreler maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, onlaýn çäreleri, sergileri hem-de şanly senelere bagyşlanan wagyz-nesihat çärelerini özünde jemleýär.

Aýdymçy ýaşlaryň arasynda geçirilýän “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň welaýatlar boýunça jemleýji tapgyrlaryny we dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň welaýatlar boýunça tapgyrlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. 2024-nji ýylda Fransiýada türkmen sungatyna we taryhyna degişli sergini geçirmegiň guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça şu ýylyň 7-nji iýulynda sanly ulgam arkaly ikitaraplaýyn duşuşygyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Wise-premýer Gurban baýramy mynasybetli Aşgabat şäherinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda dürli medeni çäreleriň geçiriljekdigini habar berdi. Geljek aýda geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleriň meýilnamasy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkymyzyň ägirt uly döredijilik kuwwatyny görkezmäge, ulgamyň işgärleriniň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmaga, täze zehinleri ýüze çykarmaga ýardam bermäge gönükdirilen iýul aýyndaky çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen meýilnamany makullap, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer «Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatryna «Akademiki» hukuk derejesini bermek hakynda» Kararyň taslamasy barada hasabat berip, ony hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ähli beýleki ulgamlar bilen birlikde, häzir türkmen medeniýetini we sungatyny kämilleşdirmegiň, baýlaşdyrmagyň esasy wezipeleriň biri bolup durýandygyny nygtady hem-de hödürlenen resminama gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, döredijilik işgärlerine mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Öz nobatynda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň оrunbasary M.Mämmedowa Mary welaýatynda giň gerimde geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dowam edýän günlerinde bu şatlykly habaryň medeniýet ulgamynyň işgärleriniň ruhuny has-da belende göterjekdigini aýdyp, medeniýet, sungat hem-de döredijilik işgärleriniň işine hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň оrunbasary S.Toýlyýew çagalaryň we ýetginjekleriň tomusky dynç alyş möwsüminiň guralyşy barada hasabat berdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ýaş nesliň doly derejede dynç almagy, sagdyn ösmegi hem-de boş wagtlaryny medeniýetli, gyzykly geçirmegi üçin ähli şertler döredilýär. Gökderedäki sagaldyş merkezlerinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde dynç alyş möwsümi dowam edýär.

Degişli ministrlikler we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan medeni-köpçülikleýin hem-de sport çäreleriniň giňişleýin meýilnamasy taýýarlanyp, şoňa laýyklykda, sagdyn iýmitlenmäge, açyk howada gezelençleri guramaga, beden maşklaryny ýerine ýetirmäge, sportuň hem-de milli türkmen oýunlarynyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga gönükdirilen çäreler guralýar. Çagalar üçin daşary ýurt dillerini öwrenmek, kompýuter sowatlylygy, şekillendiriş sungaty boýunça öwrediji-ösdüriji häsiýetli okuwlar hem-de aýdym-sazly çäreler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, tomus möwsüminde mekdep okuwçylarynyň dynç alşyny mundan beýläk-de guramaçylykly geçirmäge örän jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigini aýdyp, Bilim ministrligi hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan çagalaryň oňat, gyzykly dynç almaklaryna we arassaçylyk-öňüni alyş çäreleriniň talaplaryna laýyklykda, arassaçylyk we howpsuzlyk kadalarynyň berjaý edilişine berk gözegçiligiň üpjün edilmelidigini tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Aşgabatda 29-njy iýunda geçirilmegi meýilleşdirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli maksatnama hödürlenildi.

Nygtalyşy ýaly, ýurdumyz parahatçylyk söýüjilikli, döredijilikli daşary syýasy strategiýany yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, Hazar deňzinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, sebit ähmiýetli wajyp meseleleriň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda möhüm orun eýeleýär. Aşgabat sammitiniň gün tertibine ileri tutulýan ugurlarda netijeli döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meseleleriň toplumy giriziler. Şeýle hem forumyň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär. 28-nji iýunda geçiriljek Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň mejlisi hem sammite görülýän taýýarlyk meselelerine bagyşlanar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, goňşy döwletler bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň ata Watanymyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini nygtady. Bu syýasat oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ýola goýulýar. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen maksatnamany makullap, VI Hazar sammitiniň möhümdigine ünsi çekdi hem-de Türkmenistanyň Hazar deňzi boýunça ileri tutulýan meseleleri çözmäge saldamly goşant goşýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň kenarýaka ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi, Hazar deňzi sebitiniň ägirt uly serişde, ulag-aragatnaşyk, energetika we senagat kuwwatynyň netijeli durmuşa geçirilmegi ugrunda yzygiderli çykyş edýändigini nygtady. Şunuň bilen bir hatarda, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, gadymy Hazaryň biodürlüligini aýawly saklamak, tebigy baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak ýaly möhüm ulgamlarda gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär.

Ýurdumyzyň Hazarýaka döwletleriň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, degişli şertnama-hukuk binýadyny kemala getirmäge, abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilen anyk başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistan ýurtlarymyzyň arasyndaky doganlyk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, Hazaryň parahatçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk deňzi derejesiniň pugtalandyrylmagyna mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldaw bermegini dowam etdirer.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şular barada aýtmak bilen, wise-premýere, daşary işler ministrine döwletara hyzmatdaşlyga täze itergi berjek Aşgabat sammitiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi hem-de belent mertebeli myhmanlaryň halkymyzyň myhmansöýerlik däplerine laýyklykda garşy alynmagyny tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew milli elektron kommunikasiýa ulgamlarynyň we olary işläp taýýarlaýjylaryň meseleleri boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. «Maglumat we ony goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, milli elektron kommunikasiýa ulgamlarynyň Döwlet sanawy hakynda we milli elektron kommunikasiýa ulgamlaryny işläp taýýarlaýjylaryň Döwlet sanawy hakynda Düzgünnamalaryň taslamalary işlenip taýýarlanyldy.

Bu ugurda işleriň utgaşdyrylmagyny şu Düzgünnamalara laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň üstüne ýüklemek göz öňünde tutulýar. Bu resminamalar ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin milli elektron kommunikasiýa ulgamlarynyň sanynyň artdyrylmagyna, giňeldilmegine we ösdürilmegine gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sanlylaşdyrmagyň türkmen ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenendigini nygtady. Ýokarda agzalan maksatnama maglumat tehnologiýalaryny giňden ulanmagyň hasabyna dürli pudaklaryň işiniň netijeliligini hem-de durmuş ulgamyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyz iri taslamalaryň has-da kämilleşdirilmegine we yzygiderli durmuşa geçirilmegine uly üns berilmelidir diýip belledi hem-de agentligiň ýolbaşçysyna bu meselä giňişleýin çemeleşmegi, bu ugurda alnyp barylýan işlere içgin seljerme geçirmegi tabşyrdy.

Soňra agentligiň Baş direktory suw akabalaryny çuňaltmak hem-de gyrmançalardan arassalamak üçin ulanylýan läbik sorujy derýa gämilerini abatlamak we täze gämileri gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Deňiz we derýa ulaglary ulgamynda pudaklaýyn edaralar bilen işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak boýunça yzygiderli işleriň alnyp barylýandygy habar berildi. Meýilnama laýyklykda, abatlanylýan hem-de täze gurulmaly derýa gämileriniň ýyllyk zerurlyklaryny, buýurmalary ýerine ýetirmegiň möhletlerini kesgitlemek boýunça degişli işleri geçirmek hem-de hünärmenleri taýýarlamak we goşmaça iş orunlaryny döretmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna iş meýilnamasynyň degişli taslamasyny taýýarlamak baradaky teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmekde ulag ulgamynyň ähmiýetine üns çekdi hem-de ýurdumyzyň içinde bolşy ýaly, halkara ulag gatnawlarynyň ösüşi babatda-da deňiz we derýa arkaly gatnawlaryň barha artýan ornuny nygtady. Döwlet Baştutanymyz läbik sorujy gämileriň gurluşygynyň tehnologik hem-de innowasion düzüm bölekleri we beýleki enjamlary bilen giňişleýin gyzyklanyp, hil hem-de bäsdeşlige ukyplylyk alamatlary boýunça ýurdumyzyň ykdysadyýetini ýokary sepgitlere çykarmaga mümkinçilik berýän öňdebaryjy dünýä tejribesiniň, iň täze inženerçilik işläp taýýarlamalaryň we nou-haularyň çekilmelidigini aýratyn belledi.

Hormatly Prezidentimiz häzir Türkmenistanda derýa düzümleri ulgamynyň toplumlaýyn ösdürilmegine hem-de kämilleşdirilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini nygtap, ýurdumyzyň läbik sorujy gämilerini abatlamak hem-de gurmak meseleleriniň möhümdigine, olaryň öz wagtynda çözülmelidigine ünsi çekdi we agentligiň ýolbaşçysyna oba hojalyk toplumynyň düzümleri bilen bilelikde, bu ugurda meýilleşdirilen işleri durmuşa geçirmek üçin anyk çäreleri görmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşynyň beýleki birnäçe meselelerine-de garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.