Ýurdumyzyň Baş akademiki drama teatrynyň režisýory Eziz Işangulyýew we dramaturg, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarow tomaşaçylara Magtymguly Pyragyny filosof şahyr hökmünde görkezdiler.
Oýna naýbaşy aktýorlar gatnaşypdyrlar: Magtymgulynyň keşbini sahnada ýerine ýetirmek Türkmenistanyň halk artisti Muhammetguly Kasymowyň, şahyryň kakasy Döwletmämmet Azadynyň keşbini bolsa Türkmenistanyň halk artisti Nurberdi Allaberdiýewiň paýyna düşüpdir. Türkmenistanyň at gazanan artisti Maksat Hydyrow Çowdur hanyň keşbinde çykyş edýär, Türkmenistanyň halk artisti Çary Berdiýew bolsa Nagyşbendiniň keşbini ýerine ýetirýär. Meňliniň keşbini Selbi Babylowa ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.
Owadan saz bezegi şowly sahna bezegi bilen utgaşyp, režisýora gyzykly we unudylmaz oýun döretmäge ýardam edipdir.
‒ Bu oýny saz bilen bezemäge çagyrylanym üçin, men özümi bagtly hasaplaýaryn ‒ diýip, Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri Röwşen Nepesow aýdýar ‒ Oýnuň saz bezegine Türkmen milli konserwatoriýasynyň horunyň gatnaşmagy maňa ylham berýär.
Tomaşaçylar «Magtymguly» oýnunyň ilkinji görkezilişi örän gyzgyn garşyladylar.