Ï Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary

view-icon 10648

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

H.Geldimyradow hakynda

Hojamyrat Geldimyradowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 8-nji iýuly.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

N.K.Amannepesow hakynda

Nurmuhammet Kakabaýewiç Amannepesowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 8-nji iýuly.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

A.K.Germanow hakynda

Atageldi Kakadurdyýewiç Germanowy Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň bejeriş-öňüni alyş kömegini guramak boýunça orunbasary wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 8-nji iýuly.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

S.A.Nurberdiýew hakynda

Silapberdi Aşyrgeldiýewiç Nurberdiýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky (Wena şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Wengriýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Çehiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Slowakiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Birleşen Milletler Guramasynyň Wenadaky ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň hemişelik wekili hem-de Ýadro synaglaryny hemmetaraplaýyn gadagan etmek baradaky Şertnama Guramasynyň (Wena şäheri, Awstriýa Respublikasy) taýýarlaýyş toparynyň ýanyndaky wekili wezipelerinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 7-nji iýuly.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

H.S.Amannazarowa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejäni bermek hakynda

Hemra Sapargylyjewiç Amannazarowa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejäni bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 7-nji iýuly.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

H.S.Amannazarow hakynda

Hemra Sapargylyjewiç Amannazarowy Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky (Wena şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 7-nji iýuly.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Ç.K.Ataýew hakynda

Çary Kakamyradowiç Ataýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky (Brýussel şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Niderlandlar Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Himiýa ýaraglaryny gadagan etmek baradaky guramanyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili hem-de Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky wekilliginiň ýolbaşçysy wezipelerinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 7-nji iýuly.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

S.B.Palwanowa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejäni bermek hakynda

Sapar Begžanowiç Palwanowa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejäni bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 7-nji iýuly.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

S.B.Palwanow hakynda

Sapar Begžanowiç Palwanowy Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky (Brýussel şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 7-nji iýuly.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

M.E.Çaryýewe Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejäni bermek hakynda

Maksat Esenowiç Çaryýewe Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejäni bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 7-nji iýuly.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

M.E.Çaryýew hakynda

Maksat Esenowiç Çaryýewi Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky (Pariž şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 7-nji iýuly.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

I.H.Amanlyýew hakynda

Işanguly Hojamuhammedowiç Amanlyýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky (Ankara şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Alžir Halk Demokratik Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Tunis Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Marroko Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 7-nji iýuly.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

M.A.Işangulyýew hakynda

Mekan Annamuhammedowiç Işangulyýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky (Baku şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 7-nji iýuly.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

M.A.Işangulyýew hakynda

Mekan Annamuhammedowiç Işangulyýewi Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky (Ankara şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 7-nji iýuly.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

T.A.Ataýew hakynda

Türkmenistanyň Ukrainadaky (Kiýew şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Amanmuhammedowiç Ataýewi şol bir wagtda Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 7-nji iýuly.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

M.O.Mämmetalyýew hakynda

Myrat Orazmämmedowiç Mämmetalyýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky (Seul şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi we Türkmenistanyň Singapur Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 7-nji iýuly.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

G.Elýasow hakynda

Gurbanmämet Elýasowy Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky (Baku şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 8-nji iýuly.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

G.Elýasow hakynda

Gurbanmämet Elýasowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky (Tokio şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem-de Türkmenistanyň Filippinler Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 8-nji iýuly.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

A.H.Baýramowa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejäni bermek hakynda

Atadurdy Haldurdyýewiç Baýramowa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejäni bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 8-nji iýuly.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

A.H.Baýramow hakynda

Atadurdy Haldurdyýewiç Baýramowy Türkmenistanyň Ýaponiýadaky (Tokio şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 8-nji iýuly.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

M.A.Muhammedow hakynda

Muhammetguly Atamuhammedowiç Muhammedowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 8-nji iýuly.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

A.O.Atabaýewa hakynda

Aknabat Orazmyradowna Atabaýewany Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory wezipesine belläp, ony Mary welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 8-nji iýuly.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

S.Toýlyýew hakynda

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Sapardurdy Toýlyýewi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 8-nji iýuly.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

D.Myradow hakynda

Döwletgeldi Myradowy, başga işe geçmegi sebäpli, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 8-nji iýuly.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

A.K.Gapurow hakynda

Allaberdi Kakabaýewiç Gapurowy S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory wezipesine belläp, ony Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 8-nji iýuly.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

D.T.Ýolow hakynda

Döwlet Tuganowiç Ýolowy Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory wezipesine belläp, ony Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ylmy işler boýunça prorektory wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 8-nji iýuly.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Silapberdi Aşyrgeldiýewiç Nurberdiýew, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili we Türkmenistanyň Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň ýanyndaky hemişelik wekili wezipelerinden boşadyldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Atadurdy Haldurdyýewiç Baýramow, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Kazan şäheri) baş konsuly wezipesinden boşadyldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Muhammetguly Atamuhammedowiç Muhammedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Ykdysady geňeşine Türkmenistandan wekillikden boşadyldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Ykdysady geňeşine Türkmenistandan wekil hökmünde bellenildi.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Arzygül Agamyradowna Orazowa Mary welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenilip, ol Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

* * *

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleri talabalaýyk ýerine ýetirmek, bu ugurda geçirilýän işlere gözegçiligi güýçlendirmek, şeýle hem welaýatlary we Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ýolbaşçylaryň jogapkärçiligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Taganowiç Atdaýew Ahal welaýaty;

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Berdimyradowiç Çakyýew Balkan welaýaty;

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Annageldi Orazberdiýewiç Ýazmyradow Daşoguz welaýaty;

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow Lebap welaýaty;

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nurmuhammet Kakabaýewiç Amannepesow Mary welaýaty;

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Hywaliýewiç Purçekow Aşgabat şäheri boýunça jogapkär edilip bellenildi.

* * *

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem-de “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” göz öňünde tutulan strategik wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, kabul edilen durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalaryny, meýilnamalary, konsepsiýalary we welaýatlaryň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlaryny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Ýokary gözegçilik edarasy bilen bilelikde 2022-nji ýyla çenli möhleti tamamlanan Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda, meýilnamalarynda, konsepsiýalarynda we welaýatlaryň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlarynda göz öňünde tutulyp:

— 2022-nji ýyla çenli gurluşyk-gurnama işleri başlanmadyk hem-de häzirki wagtda dowam edýän desgalaryň, binalaryň, şeýle-de ýerine ýetirilmegi başlanmadyk çäreleriň tükelleýiş işlerini we seljermesini bir aý möhletde geçirmek;

— 2022-nji ýyla çenli gurluşyk-gurnama işleri başlanmadyk desgalar we binalar hem-de ýerine ýetirilmegi başlanmadyk çäreler babatda hasabatlylygy ýöretmegi bes etmek;

— gurluşyk-gurnama işleri dowam edýän desgalaryň we binalaryň hem-de ýerine ýetirilmegi dowam edýän çäreleriň amala aşyrylmagyny we çärýekleýin hasabatlylygyň ýöredilmegini üpjün etmek bellenildi.

Degişli ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri iki aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

* * *

“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirip, ýaşaýşyň hilini has-da gowulandyrmak üçin, ilatymyzyň durmuş şertlerini, hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy tassyklanyldy.

Welaýatlaryň häkimliklerine, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine, Gurluşyk we binagärlik ministrligine degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Milli maksatnamanyň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

* * *

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady, medeni taýdan ösdürmekde gazanylan uly üstünliklerden we durmuşa geçirilen beýik özgertmelerden hem-de “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” göz öňünde tutulan strategik maksatlardan ugur alyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini dowam etdirmek, ýurdumyzyň, onuň sebitleriniň ykdysady kuwwatyny berkitmäge gönükdirilen çäreleri yzygiderli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyryp, abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 —2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy tassyklanyldy.

Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Maksatnamanyň bellenen möhletlerde talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

* * *

Türkmenistanyň daşary syýasat işiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek, onuň syýasy-hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, halkara syýasat ulgamynda döwletiň öňünde durýan wezipeleriň netijeli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy tassyklanyldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy.

Döwlet toparyna 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek hem-de onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramak tabşyryldy.

Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça iş toparlarynyň talabalaýyk işlemegi üçin zerur şertleri döretmäge borçly edildi.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasy; 2022-nji ýylda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy.

— Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 2022-nji ýylyň 11-nji iýuly — 26-njy awgusty aralygynda guramak;

— okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryny welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde geçirmek tabşyryldy.

* * *

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi we ýerli edaralary, şeýle hem ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary üçin dünýä ülňüleriniň talaplaryna laýyk gelýän döwlet ýolbaşçylaryny we döwlet gullukçylaryny, şeýle hem magistrleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2022-2023-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döwlet edaralarynyň gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak boýunça okuwlaryna (okuwyň möhleti iki okuw ýyly) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy;

— 2022-2023-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döwlet edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlaryna (okuwyň möhleti bäş aý) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy;

— 2022-2023-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täjirçilik arbitražy boýunça döwlet gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlaryna (okuwyň möhleti dört aý) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy;

— 2022-2023-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlaryna (okuwyň möhleti iki aý) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy;

— 2022-2023-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna magistrleri taýýarlamak boýunça okuwa (okuwyň möhleti bir okuw ýylyndan iki okuw ýylyna çenli) tölegli esasda kabul etmegiň meýilnamasy;

— 2022-2023-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň okuwlaryna diňleýjileri we talyplary kabul etmek boýunça giriş synaglaryny guramagyň tertibi tassyklanyldy.