Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito we Premýer-ministr Fumio Kisida Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň pajygaly ýagdaýda, biwagt aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny beýan etdi.
“Sindzo Abe görnükli syýasatçy we döwlet işgäri bolup, Ýaponiýanyň hem-de onuň halkynyň abadan, bagtyýar ýaşamagy ugrunda ägirt uly işleri bitirdi. Ol türkmen halkynyň hakyky dosty bolmak bilen, türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ösdürilmegine we berkidilmegine uly goşant goşdy” diýip, döwlet Baştutanymyz Sindzo Abeniň ýagty ýadygärliginiň häzirki we geljekki nesilleriň kalbynda baky galjakdygyna ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda merhumyň dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna, şeýle-de Ýaponiýanyň ähli dostlukly halkyna ýürekden duýgudaşlyk we medet beriji sözlerini beýan etdi.