Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Jenap Prezident!
Size Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem-de işgärleriniň adyndan we hut öz adymdan mukaddes Gurban baýramy mynasybetli iň gowy arzuwlarymy we tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermek meniň üçin uly hormatdyr.
Gudraty Güýçli Allatagaladan Türkmenistana mundan beýläk-de abadançylyk we ösüş, tutuş musulman ymmatyna bolsa parahatçylyk, howpsuzlyk hem-de rowaçlyk dileg edýärin.
Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Husseýn Brahim Taha,
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Bu nurana baýramçylyk günlerinde dost-doganlyk ruhunyň tutuş dünýäde dabaralanmagyny, Gurban baýramynyň ähli ýurtlara we halklara durnuklylyk hem-de abadançylyk getirmegini arzuw edýärin.
Siziň Alyhezretiňiz, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Sultan Raýew,
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary.