Ï Nesillerde dowam edýän ussatlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Nesillerde dowam edýän ussatlyk

view-icon 6380
Nesillerde dowam edýän ussatlyk
Nesillerde dowam edýän ussatlyk
Nesillerde dowam edýän ussatlyk
Nesillerde dowam edýän ussatlyk
Nesillerde dowam edýän ussatlyk
Nesillerde dowam edýän ussatlyk
Nesillerde dowam edýän ussatlyk
Nesillerde dowam edýän ussatlyk
Nesillerde dowam edýän ussatlyk
Nesillerde dowam edýän ussatlyk
Nesillerde dowam edýän ussatlyk
Nesillerde dowam edýän ussatlyk

Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýi ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklarda we belli senelerde türkmen suratkeşleriniň işleriniň sergisini guramak işlerini yzygiderli alyp barýar. Şeýle sergilerde köplenç suratkeş Nikolaý Çerwýakowyň eserleri hem goýulýar. Muzeýiň gymmatlyklar saklanylýan bölüminde N. Çerwýakowyň žiwopis eserleriniň 30-dan gowragy we grafiki işleriniň 10-a golaýy saklanýar. Şol eserleriň sergilere ýygy-ýygydan gatnaşmagy bolsa Nikolaý Çerwýakowyň suratlarynda türkmen halkynyň durmuşynyň aýdyň görkezilendigi bilen düşündirilýär. Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýewgeniýa Adamowanyň belleýşi ýaly, oňa öz işlerinde türkmenleriň özboluşly milliligini beýan etmeklik ýokary takyklyk bilen başardypdyr.

Nikolaý Çerwýakow 1955-nji ýylda Türkmen döwlet çeperçilik mekdebini tamamlady. Ol bu okuw mekdebine 27 ýaşynda girdi. Kabul ediş toparyna görkezen suratlary netijesinde ony dessine okuwyň ikinji ýylyna kabul etdiler. Şol wagtda N. Çerwýakow urşa gatnaşandy, durmuş tejribesinden paýhasy ýetik uly adamdy. Onuň bilen bile okýan okuwçylaryň köpüsi ondan 10 we şondan hem köp ýaş kiçidiler. Emma, Nikolaý Çerwýakow ýokary derejede ussatlarça surat çekmegi öwrenmegi tüýs ýürekden isleýärdi we yhlas edýärdi.

Muzafar Daneşwar, Ýakup Allanurow we Aman Kulyýew ýaly zehinli halypalaryň ýolbaşçylygyndaky okuwlar Nikolaý Çerwýakowa ussatlygy ele almaga kömek etdi hem-de suratkeşiň özboluşlylygyny kesgitledi.

1960-1970 - nji ýyllarda Nikolaý Çerwýakow taryha degişli wakalary beýan edýän, ýokary derejedäki raýat mazmunyny özünde jemleýän eserleri döretmek üçin köp işleýär. Awtor öz gahrymanlaryny zähmet çekýän ýa-da dynç alýan pursatlarynda tebigy ýagdaýda görkezýär. Onuň döredijiliginde ýönekeý zähmetkeşlere hormat, türkmen halkynyň durmuşyndaky okgunly özgertmeleriň beýany duýulýar. Onuň şol döwre degişli iň oňat işleriniň biri “Likbez” eseridir. Onda bilim almaga ymtylýan zenanlar şekillendirilipdir. Her ýyl Bilimler we talyp ýaşlar gününe bagyşlanyp guralýan sergide bu surat halk köpçüligine görkezilýär.

“Sulfatçylar”, “Balykçy zenanlar”, “Kolhoz işleri”, “Mehanizatorlar”, “Ekerançylar”, “Gurluşykçylar”, “Işçileriň naharhanasynda”, “Günorta arakesme” ýaly işleriniň diňe artlarynyň özi hem Nikolaý Çerwýakowyň baş gahrymanlarynyň zähmetkeş halk bolup durýandygyny aýdyň habar berýär.

Esger Nikolaý Çerwýakowyň söweş ýoly Ržewiň, Mogilewiň, Baranowiçiň, Grodnonyň, Minskiniň üstünden geçdi. Nikolaý Çerwýakow Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan suratkeşleriň portret galereýasyny döredýär, oňa bolsa Yzzat Gylyjowyň we Aman Kulyýewiň portretleri girýär. 1990-njy ýylda Beýik Watançylyk urşy temasyna ýüzlenýär. Ol şol ýylda Beýik Watançylyk urşy döwründe söweşjeň esgerleriň gysga wagtlyk dynç alyş pursatlaryny beýan edýän “Dynç alyş minutlary” atly liriki-drama mazmunly eserini döredýär. Suratda söweşjeň esgerler tokaýda ýaşyl öwüsýän meýdanda ýerleşip, söweşjeň dostlary bolan türkmen ýigidiniň dutarda ýerine ýetirýän aýdymyny diňleýärler.

N. Çerwýakowyň eserleri şahyranalygy hem-de ýönekeýligi bilen tapawutlanýar. Portretler, ajaýyp manzaralar, köpşekilli suratlar žiwopisçiniň ussatlygyna şaýatlyk edýär. Suratkeş türkmen suratkeşleriniň ussatlygyny özüne kabul edip aldy hem-de ony öz döredijiliginde mynasyp dowam etdirdi.