Ï Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar

view-icon 4266

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Gurban baýramy — her bir musulman üçin mukaddes bolan bu nurana baýram mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!

Goý, Beýik Biribar şu baýramçylyk günlerinde edilen doga-dilegleri hem-de sogap işleri, asylly maksatlary we umyt-arzuwlary kabul etsin! Şeýle asylly işler üçin Gudraty Güýçli Allatagala çäksiz rehimdarlyk eçilsin!

Goý, Beýik Biribar Sizi ähli gowulyklar bilen gurşap alsyn hem-de ýoluňyza nur saçsyn!

Beýik Biribar hemmelere parahatçylyk we rehim-şapagat eçilsin!

Ramzan Kadyrow,
Russiýa Federasiýasynyň Çeçen Respublikasynyň baştutany.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Onuň Alyhezreti, gadyrly doganym!

Sizi Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, bu nurana baýram tutuş adamzada parahatçylyk we abadançylyk getirsin!

Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagt, Türkmenistanyň dostlukly hem-de doganlyk halkyna bolsa abadançylyk we ösüş dileg edýärin.

Rejep Taýyp Ärdogan,
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.