Ï Türkmenistanyň Kanuny «Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Kanuny «Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda

view-icon 12312

I. 2014-nji ýylyň 1-nji martyndaky «Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 1, 35-nji madda; 2017 ý., № 3, 107-nji madda, № 4, 147-nji madda; 2019 ý., № 1, 10-njy madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 49-njy madda) şu goşmaçalary we üýtgetmeleri girizmeli:

3-nji madda şu mazmunly bentleri goşmaly:

«9) kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalarynyň korrupsiýa garşy bilermenler seljermesi — kadalaşdyryjy hukuk namalarynda we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalarynda korrupsiogen kadalary ýüze çykarmak we aradan aýyrmak maksady bilen geçirilýän seljerme;

10) korrupsiogen kadalar — hukuk ulanyjy üçin garamagyň esassyz giň çäklerini belleýän ýa-da umumy düzgünlerden çykmalaryň esassyz ulanylmagyna mümkinçilik döredýän, şeýle hem fiziki we ýuridik şahslara bildirilýän takyk kesgitlenmedik, berjaý edilmegi kyn we kynçylyklary döredýän talaplary özünde jemleýän hem-de korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalary üçin şertleri döredip biljek kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalarynyň düzgünleri;»;

20-nji maddada:

birinji bölegiň 2-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:

«2) kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalarynyň korrupsiýa garşy bilermenler seljermesini geçirmek;»;

birinji bölekden soň şu mazmunly bölegi goşmaly:

«2. Adalat edaralary, prokuratura edaralary, beýleki ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary we olaryň wezipeli adamlary kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalarynyň korrupsiýa garşy bilermenler seljermesini geçirmäge ygtyýarlydyrlar.

Kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalarynyň korrupsiýa garşy bilermenler seljermesini geçirmegiň Tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.»;

ikinji bölegi üçünji bölek diýip hasap etmeli.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.


Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 24-nji iýuly.