Ï «Derýaýollary» – AGPJ: öňde durýan wezipeler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Derýaýollary» – AGPJ: öňde durýan wezipeler

view-icon 4488
«Derýaýollary» – AGPJ: öňde durýan wezipeler

«Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti boýunça ýurdumyzyň halk hojalygy üçin zerur bolan ýükleri daşamak, gämileri we läbiksorujylary abatlamak işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Şu ýylyň başyndan bäri ýük daşaýjy gämiler we suw üsti ponton geçelgesi arkaly 378 müň 100 tonna halk hojalygyna degişli ýükler daşaldy. Munuň özi kärhana boýunça alty aýyň dowamynda diňe ýük daşamak boýunça 1 million 346 müň 700 manatlyk iş edilendigini aňladýar.

Häzirki wagtda «Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan Amyderýada Mukry – Türkmenabat ugry boýunça gurluşyk işleri üçin zerur bolan inert materiallaryny, Garagum derýasynda hem Topurkak – Zeýd ugry boýunça bugdaý daşamak işleri amala aşyrylýar.

«Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde ýük daşamakdan başga-da, goşmaça girdejiler üçin gözlegler yzygiderli dowam etdirilýär. Bu ugurda «Lebapsuwhojalyk» önümçilik birleşigine degişli tehnikalary, şol sanda läbiksorujylary abatlamak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem kärhananyň hünärmenleri tarapyndan Amyderýanyň hanasyny arassalamaklyga we çuňaltmaklyga niýetlenen täze läbiksorujy gurmaklyk meýilleşdirilýär. Bu ugurda ýaş hünärmenleri taýýarlamak boýunça hem netijeli işleriň durmuşa ornaşdyrylýandygyny belläp geçmek möhümdir. Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebinde gämi sürüjilik hünäri boýunça hünärmenleriň taýýarlanmagy, 2022 – 2023-nji okuw ýylynda bolsa, bu okuw mekdebinde kebşirleýjileri taýýarlaýan hünäriň açylmagy geljekde «Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde işleriň has-da ilerlemegine ýardam eder.