Ï Türkmenistanyň Prezidenti Marokkonyň Patyşasyny gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Marokkonyň Patyşasyny gutlady

view-icon 4861

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Marokkonyň Patyşasy Mohammed VI ýurduň milli baýramy — Tagta geçmek güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Patyşa Mohammed VI tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Marokko Patyşalygynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňegidişlik hem-de rowaçlyk arzuw etdi.