Ï «Standart, hil we howpsuzlyk» žurnalyna 10 ýyl doldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Standart, hil we howpsuzlyk» žurnalyna 10 ýyl doldy

view-icon 5740
«Standart, hil we howpsuzlyk» žurnalyna 10 ýyl doldy

Halkara hem döwlet ülňülerine we olaryň durmuşymyzdaky ornuna bagyşlanan «Standart, hil we howpsuzlyk» atly ylmy-tehniki žurnalyň ikinji sany çapdan çykdy. «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň bu neşiri gullugyň hünärmenleri we ýurduň öňdebaryjy ýokary mekdepleriniň mugallymlary tarapyndan türkmen, rus hem iňlis dillerinde taýýarlanan häzirki zaman makalalar toplumyny hödürleýär.

Neşiriň redaksiýasy tarapyndan taýýarlanan makalada şu ýyl tegelek senäniň, ýagny «Standart, hil we howpsuzlyk» žurnalynyň ilkinji sanynyň çap edilenine 10 ýyl dolýandygy bellenýär. 2012-nji ýylyň mart aýynda onuň ilkinji sany çap edildi, bu biziň ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli sosial-ykdysady özgertmeleri, şeýle hem ýurdumyzyň we dünýäniň täzeliklerini we standartlaşdyryş pudagyndaky üstünlikleri yzygiderli beýan etmäge gönükdirilen möhüm ädimleriň biri boldy.

Žurnalyň ikinji sanynda Daşoguz welaýatynyň «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň başlygy S. Jumageldiýewiň «Hil we netije», Mary welaýatynyň «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň zähmeti we ýerasty baýlyklary goramak bölüminiň başlygy M. Gowkyýewiň «Adam ömrüniň we saglygynyň goragy ugrunda», Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň  «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň döwlet gözegçiligi bölüminiň başlygynyň orunbasary H. Haýdarowyň «Maksat – dänäniň goraglylygy», Döwlet etalon merkeziniň Ylmy usulyýet, marketing we halkara tejribäni öwreniş bölüminiň baş hünärmeni K. Kasymowyň, «Etalon binýady» makalalary ýerleşdirilipdir.

Ş. Artykowanyň «Hünäri -ykbaly» atly makalasynda  türkmen standartlaşdyryş ulgamynyň işgäri, bu işe ömrüniň 44 ýylyny bagyşlan Garýagdy Muhammetnazarowyň zähmet ýoly beýan edilýär. A. Hojakgaýewanyň «Milli ölçeg birlikleri» atly makalasy bilen tanyşmak diňe bir hünärmenler üçin däl, eýsem köp sanly okyjy üçin-de gyzykly bolar. Onda takyk ölçeg enjamlarynyň ýok wagty ata-babalarymyzyň ulanan ölçeg birlikleri barada gürrüň berilýär. Şeýle hem, žurnalda Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasy (BSG) bilen hyzmatdaşlygy, elektron senagatyny ösdürmek we «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň önümleriniň halkara ülňülerine laýyklygy barada täsirli makalalar çap edilipdir.