Ï Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa – kitap sahypalarynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa – kitap sahypalarynda

view-icon 7426
Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa – kitap sahypalarynda
Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa – kitap sahypalarynda
Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa – kitap sahypalarynda
Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa – kitap sahypalarynda
Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa – kitap sahypalarynda
Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa – kitap sahypalarynda
Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa – kitap sahypalarynda
Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa – kitap sahypalarynda

2022-nji ýylda ýurdumyzyň jemgyýetçiligi şanly senäni – Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 50 ýyllygyny belleýär. Konserwatoriýanyň dabara üçin taýýarlan sowgatlaryndan biri-de Bahargül Ýakubowanyň “Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa” atly kitabynyň neşir edilmegidir.

Bahargül Ýakubowa – konserwatoriýanyň aýdym-saz taryhy bölüminiň müdiri. Biz onuň bilen duşuşyp, söhbetdeş bolduk. – Maýa Kulyýewa – rowaýata öwrülen şahsyýet: ol Türkmenistanda opera sungatynyň gözbaşyny açdy, bu sungatyň täzeden galkynyşyna işjeň gatnaşmak-da ýene onuň ykbalyna ýazylan eken. Bu – bir gudrat! Bu temany işlemäge başlanyňyzda, nähili duýgulary başdan geçirdiňiz?

– Bu eserde Maýa Kulyýewany aýdymçylaryň köp nesli üçin görelde alarlyk nusga hökmünde görkezmäge çalyşdym. Onuň opera bolan garaýşyny birinji orunda goýdum.

– Görnükli aýdymçynyň bir operadan beýlekä alyp barýan döredijilik ýoluny jikme-jik görkezmek usulyňyz diýseň şowly netije beripdir. Kitabyňyzy okanyňda, onuň Weli Muhadow bilen Adrian Şapaşnikowyň döreden “Zöhre – Tahyr” operasynda ýerine ýeiren ilkinji keşbi Mahymdan başlap, ähli üstünliklerini Maýa Kulyýewa bilen bilelikde duýýarsyň. Soň bolsa Aşyr Kulyýewiň we Ýuliý Meitusyň adybir operasynda Abadan, Leonkawallonyň “Oýunbazlar” operasynda Nedda, Çaýkowskiniň “Ýewgeniý Onegin” operasynda Tatýana we otuza golaý beýleki operalarda – baş gahryman. Onuň ajaýyp üstünliginiň syry nämede?

– Maýa Kulyýewa diňe bir meşhur opera aýdymçysy däl-de, ajaýyp aktrisady hem. Ol gahrymanlarynyň keşbini örän ynandyryjy ýerine ýetirýärdi. Bu keşpler tomaşaçylaryň kalplaryna ornaşyp, opera-da, ýerine ýetirijä-de üstünlik getirýärdi. Kitabymda men bu tasinligi “Maýa Kulyýewanyň dürli keşbe girmek zehini” diýip kesgitledim.

– Opera sungatynyň Maýa Kulyýewanyň şahsy durmuşy bilen baglanyşygy barada nygtanyňyzy haladym: ol ýerine ýeiren ilkinji keşbiniň hatyrasyna gyzyna Mahym, “Abadan” operasynyň baş gahrymanynyň hatyrasyna bolsa ogluna Batyr diýip at dakypdyr. Maýa Kulyýewa we adamsy - Türkmenistanyň halk artisti Hojadurdy Annaýew: durmuşda-da aşyklar – sahnada-da aşyklar. Olar “Şasenem – Garyp”, “Leýli – Mejnun”, “Zöhre – Tahyr” operalarynda çykyş edipdiler.

– Kitabyň üstünde işlänimde, maňa Maýa Kulyýewanyň gyzy kömek etdi. Beýik aýdymçynyň döredijiligi barada resmi maglumatlary Döwlet arhiwinden tapan bolsam, onuň maşgala durmuşy hakynda gyzy Mahym Hojaýewna örän mähirli gürrüňler berdi, munuň üçin oňa köp sag bolsun aýdýaryn.

– Ajaýyp suratlar bilen bezelen kitap durmuşdaky we sahnadaky Maýa Kulyýewa barada aýdyň düşünje berýär. Juwan, ýanyp duran, parlak! Çykyşlary bilen uzak ýyllaryň dowamynda türkmen wokal sungatyna şöhrat getiren görnükli aýdymçyny şeýle häsiýetlendirmek bolýar.

– Maşgala surat arhiwini saklap galandygy üçin, ýene-de Mahym Hojaýewna minnetdarlygymy bildiresim gelýär. Şu ýerde Maýa Kulyýewanyň haýyşy boýunça, “Çopan ogly” filminden Şekeriň keşbindäki gips heýkelini ýasan Türkmenistanyň Halk suratkeşi Saragt Babaýewi ýatlamak ýakymly. Konserwatoriýada Maýa Kulyýewanyň muzeýi açylansoň, Saragt Babaýew bu heýkeli muzeýe sowgat etdi.

– Maýa Kulyýewanyň tagallasy bilen, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda 2008-nji ýyldan bäri, her ýyl diýen ýaly, täze opera goýulýar.

– Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri Aýnazar Batyrow Maýa Kulyýewanyň iň soňky şägirdi boldy. Onuň maslahaty bilen Aýnazar birnäçe operany sahnalaşdyrdy, olaryň ilkinjileri, elbetde, “Şasenem – Garyp”, “Zöhre – Tahyr”, “Leýli – Mejnun” ýaly türkmen halk dessanlaryna esaslanýar. Şondan soň türkmenistanlylarda ýokary wokal sungatyndan estetik lezzet almaga mümkinçilik ýüze çykdy.

– Kitabyňyzy okanyňda, ol uly täsir galdyrýar.